Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: biz ilatyň jan başyna düşýän girdejisini öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine ýetireris
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: biz ilatyň jan başyna düşýän girdejisini öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine ýetireris
Çap edildi 17.02.2017
1307

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda sözlän sözünde Hökümetiň ünsüni maşgala institutyny goldamaga, mynasyp ýaşaýş-durmuş şertlerini döretmäge çekdi. Her bir maşgalany döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek üçin ähli amatlyklary bolan tutuş ýaşaýyş-jaş toplumlaryny, obalary we şäherçeleri gurarys, ilatly ýerleriň hemmesinde ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kiçi merkezleri döredip, olarda zerur gullukaryň, halk senetleri bölümleriniň, şeýle hem ulag serişdelerine tehniki hyzmat ediş nokatlarynyň işini ýola goýarys. Biz ilatyň jan başyna düşýän girdejisini öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine ýetireris, diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Aýlyk haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny, döwlet tarapyndan berilýän kömek pullaryny artdyrmak, şeýle hem raýatlara beýleki durmuş ýeňilliklerini bermek meseleleri hemişe üns merkezinde bolar. Döwlet baştutany ýeke maşgalanyň-da durmuş derejesiniň peselmegine ýol berilmejekdigini we ilatyň hemişe döwlet tarapyndan goraljakdygyny ynandyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen birlikde, biz oba hojalygyna, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we ekarançylaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge, suw serişdelerinden rejeli we tygşytly peýdalanmaga aýratyn üns bereris diýdi. Şeýle hem, döwlet baştutany ýurduň ilatynyň elýeterli bahadan azyk harytlary bilen üpjün edilmegi, bazarlarda haryt bolçulygyny döretmek üçin gök ekinleri ýetişdirmek we bagçylygylygy ösdürmek üçin ekin meýdanlarynyň çägi giňeldiler, gara mallaryň, dowarlaryň we guşlaryň baş sany artdyrylar diýip belledi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow