Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmegiň dabarasynda durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny belledi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmegiň dabarasynda durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny belledi
Çap edildi 17.02.2017
1340

Wezipä girişen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde geçirilen dabarada çykyş edip, ýurdumyzy ösdürmegiň strategiki ugrunyň hatarynda durmuş syýasatynyň ileri tutulmagyny belledi. Geljekki ýedi ýylyň dowamynda biz “Bilimli nesil – kuwwatly Watan”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Il saglygy-- ýurt baýlygy” şygarlary astynda işläris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Nygtalyşy ýaly, ylmy we bilimi ösdürmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Bu maksatlar bilen Türkmenistanda çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriň gurluşygy dowam etdiriler. Täze ýokary okuw mekdepleri açylar, bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmegine aýratyn üns berler. Medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berler. Baý milli ruhy we medeni mirasa daýanmak bilen, biz halkymyzyň gurýan halk, döredýän halk hökmünde düný-de şan-şöhrata eýe bolmagyny gazanarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde raýatlarymyza häzirki döwrüň belent talaplaryna laýyklykda lukmançylyk hyzmaty üpjün ediler. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän lukmaçylyk edaralaryny gurmak, sagaldyş-şypahana ulgamyny giňeltmek, şeýle hem Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda döredilen ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagyny düný-de meşhur dynç alyş we sagaldyş merkezine öwürmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Ýurdumyzda ajaýyp daglar, giň sähralyklar, täsin derýalar we köller bar. Köpetdagyň, Köýtendagyň we Sumbaryň täsin jülgelerinde, Bathyzyň goralýan çäklerinde, Amyderýanyň, Murgabyň we Garagum derýasynyň kenarlarynda köp sanly merkezleri bina ederis, olarda dynç almak hem-de syýahatçylyk üçin ähli şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow