Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi
Çap edildi 17.02.2017
1298

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde geçirilýä wezipä girişmek dabarasynda çykyş edip, milli ykdysadyýetiň esasy wezipelerini belledi hem-de ýurdumyzy öňdebaryjy, senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça çäreleri kesgitledi. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklary raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda uglewodorod serişdeleri çuňňur gaýtadan işleniler we önldüriler, bu serişdeler ýokary hilli benzin, polipropilen, polietilen we suwulandyrylan gaz görnüşinde uly islegden peýdalanýar. Türkmenistan ýangyç-energetika toplumy pudagynda grňşy we beýleki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam eder. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýeti nygtaldy, bu taslama ýurdumyza uly girdejileri getirmekdenbaşga-da, goňşy halklaryň öýlerine ýylylyk we ýagtylyk eçiler. Şeýle hem Türkmenistanyň diňe bir uglewodord serişdelerini däl-de, beýleki tebigy serişdelere hem örän baýdygy bellenildi. Türkmen topragynyň astynda Mendeleýewiň döwürleýin ulgamynda görkezilen elementleriniň ählisini diýen ýaly özünde jemleýän magdan gorlary bar. Geografiýa taýdan amatly ýerleşilmegi, awtomobil we demir ýol ulaglarynyň ýol ulgamynyň bolmagy olaryň özleşdirilmegine, gazylyp alynmagyna we gaýtadan işlenilmegine oňat mümkinçilik döredýär. Biz bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlaryň daşary bazarlara çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň ykdysady gurallaryny giňden ornaşdyrarys, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndüreris, elektron senagatyny döretmek boýunça işleri dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle hem elektroenergetiakanyň ösdürilmegi, täze elektrik beketleriniň işe girizilmegi, elektrik energiýasyny eksport etmegiň artdyrylmagy hem-de gün we ýel energiýasyny peýdalanmagyň höweslendirilmegi barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda telekeçiligiň goldnalmagyny we ösdürilmegini, bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegini baş wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow