Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti öz işine girişdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti öz işine girişdi
Çap edildi 17.02.2017
1365

Ruhyýet köşgünde resmi taýdan işe girişmek dabarasynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etmek hakynda kasam etdi. “Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek bilen, öz üstüme ýüklenen wezipeleri ak ýürekden we mynasyp derejede yzygiderli ýerine ýetirmäge; Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny hem-de bitaraplyk derejesini goramaga; adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga; Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryny berjak etmäge we goramaga; öz ähli güýç-gaýratymy hem-de başarnyklarymy türkmen halkynyň jebisligi, onuň parahat durmuşyny goramaga bagyşlamaga, tükmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň sarpasynyň belende göterilmegi üçin ähli mümkinçiliklerimi peýdalanmaga; türkmen halkyna gulluk etmäge dabaraly kasam edýärin”. Soňra täze saýlanan döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň şahadatnamasy gowşuryldy. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, oňa dabara gatnaşýanlaryň hemmesi goşulyşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýar. Saýlanan döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişendigi dabaraly yglan edilýär. Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow