Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
Jemgyýet
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
Çap edildi 10.10.2026
3655

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň birine öwrüldi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri gatnaşýarlar.

Halkara serginiň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Olar ata Watanymyza bagyşlanan aýdymdyr tanslary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar ilki bilen, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilen giň gerimli işler, bilim-ylym, sport babatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan wideoşekillere tomaşa etdiler. Bu ugurlarda gazanylan dünýä nusgalyk sepgitler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüji başlangyçlary hem-de yzygiderli tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Soňky habarlar
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
06.11
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
06.11
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow