Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
17-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kasam kabul ediş dabarasy bolar
Syýasy habarlar
17-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kasam kabul ediş dabarasy bolar
Çap edildi 16.02.2017
1488

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanan hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji fewralda Aşgabatda kasam kabul edip, resmi taýdan wezipä girişmek dabarasy geçiriler. Ruhyýet köşgünde geçiriljek dabara resmi daşary ýurt wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary çagyryldy. Synçylar hökmünde ýurdumyza gelip, ýerlerde saýlawlaryň barşyna gözegçilik eden halkara guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri hem dabara gatnaşar. 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-synyň gatnaşmagynda geçen Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlawlarda saýlawçylaryň 3 million 163 müň 692-si ses berdi. Bu bolsa olaryň umumy sanynyň 97,28 göterimine deňdir. Ählihalk saýlawlaryň netijeleri boýunça ses bermäge gatnaşanlaryň 97,69 göterimi hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa seslerini berdiler. Garaşylyşy ýaly, ertir Türkmenistanyň Prezidenti kasam kabul ediş dabarasyndan soň, “Oguzhan” köşkler toplumynyň öňünde dabaraly harby ýörişi hem kabul eder. Şanly waka mynasybetli paýtagtymyzyň Maslahatlar köşgünde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti berler.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow