Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
Çap edildi 29.09.2026
15

Şu gün “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren taryhy pursatlar bolup geçdi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz gatnaşdylar. Bu bolsa häzirki döwrüň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

Daňdanyň tämiz çagynda dag etekleriniň gözelligi Aşgabadyň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we täzeçil tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagynda çekilen nurana ýollar türkmen halkynyň bagtyýar geljegine uzaýan menzilleri alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň berkararlygynyň aýdyň nyşanyna öwrülen nurana ýol bilen gidip barşyna ady rowaýata öwrülen we Döwlet tugrasynda mynasyp orun alan bedewiň hormatyna gurlan “Ýanardag” binasynyň deňinden geçdi. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygyna bildirilýän hormatyň güwäsine öwrüldi.

Täzeden gurlan bu ýoluň gurluş aýratynlyklary, onuň her bir tapgyrynyň gurluşygynyň halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilmegi we aýlawly ýoluň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy ýurdumyzda sogap iş hasaplanylýan ýol gurluşygyna häzirki zaman talaplaryndan ugur alnyp çemeleşilýändigini görkezýär.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz atyň taýçanaklykdan belent başly bedewe öwrülen şekilini janlandyrýan “Atly aýlaw” halkalaýyn ýolunyň daşyndan öwrüm etdi. Doly döwrebaplaşdyrylan ýolunyň ugrunda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedew şekiliniň ýerleşdirilmegi ynsan gylykly atlaryň köp asyrlaryň dowamynda adamlaryň ýakyn syrdaşyna öwrülendigini görkezýär. Bu ýerde oturdylan bedewiň heýkeliniň ak reňkde bolmagy türkmen halkynyň “Ak zat alnyňa ýagşy” diýen paýhasly jümlesine gabat gelýär. Bedewiň ýüzüniň ilerik bolmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ilerleýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Soňra Milli Liderimiz ýoluny dowam edip, düýpli döwrebaplaşdyrylan, täzeden gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Toplumyň çäginde Gahryman Arkadagymyzy bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, hormatly atşynaslar we köp sanly myhmanlar mähirli garşyladylar.

Şanly wakanyň hormatyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Dünýä derejesinde uly şöhrat gazanan we ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çykyşlarynyň aýdym-sazlaryň ýakymly owazlary bilen utgaşmagy bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Soňra bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalary esasynda yşyklandyrylan şüweleň kompozisiýasy görkezildi. Munuň özi dabaranyň has täsirli we ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy bilen, bu gün asmandan nur ýagdy. Nuruň ýagmagy bolsa berekediň, agzybirligiň, abadançylygyň nyşany bolup, behişdi bedewleriň hormatyna guralýan toýuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Şüweleň tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz münbere geçip, dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýändigini aýdyp, bu günki taryhy waka — Ahalteke atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy, dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.

«Behişdi bedewler» diýlip atlandyrylan ahalteke atlarymyz hemişe ata-babalarymyzyň ýakyn syrdaşy bolupdyr. Häzirki wagtda ahalteke bedewi ýurdumyzyň aýdyň keşbi, ösüşiň we abadançylygyň nyşany hasaplanýar. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan ahalteke atlarynyň asyl mekanynda atçylyk pudagyny ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça uly işler alnyp barylýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän ahalteke atçylyk sport toplumlarynyň hereket edýändigini belläp, Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň ilkinji dörän gadymy hem-de keramatly topragynda bina bolan Arkadag şäherimizde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, «At — myrat» okuw merkeziniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň hem-de 600 orunlyk athana toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigini, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bolsa dünýä derejeli bäsleşiklerde gazanýan uly üstünlikleriniň halkymyzyň buýsanjyna öwrülendigini aýtdy.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy ýylyň ähli paslynda atlar üçin ýakymly howa gurşawyna eýedir. Bu künjekde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak üçin tebigy mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Häzirki zaman toplumynyň bezeg işlerinde bedewleriň şekilleri öz beýanyny tapýar. Gurluşyk we binagärlik babatda ýerine ýetirilen işler bu ýeriň tebigaty bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär”.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atlaryň sagdyn iýmitlenmegi üçin almanyň hem-de käşiriň ösdürilip ýetişdirilýändigini, bu ýerde ekilen Babarap almasynyň gadymy döwürden bäri atlaryň sagdynlygy üçin esasy iýmit bolup durýandygyny belledi. “Ahalteke bedewleri käşiri örän gowy görýär. Şonuň üçin bu ýerde käşiriň atlar üçin ýörite görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýörite meýdanda toplumyň bedewlerine niýetlenen ýorunja hem ösdürilip ýetişdirilýär. Weterinariýa ylmynyň tassyklamagyna görä, alma, käşir, arpa we ýorunja hem-de ýorunja bedesi atlar üçin ýokumly bolan serişdelere örän baýdyr. Bu ýerde ot-iým saklamaga niýetlenen ammarlaryň bolmagy atlaryň ýylyň dowamynda bol iýmitini üpjün eder” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem toplumyň çäginde häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bölümleriň we barlaghanalaryň hereket edýändigine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz olaryň her birinde atlaryň tohumçylyk işini, saglyk ýagdaýyny, beden gurluşyny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertleriň bardygyny belledi.

Toplumyň esasy we dolandyryş binalary ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edildi. Dolandyryş binasynda sanly ulgam arkaly atlaryň saklanyşy, iýmitlenişi, şeýle hem näçe wagt ukuda, näçe wagt aýak üstünde durandygy bilen tanşyp bolýar. Döwrebap toplumda seýisler hem-de atbakarlar üçin hem ähli amatlyklar döredildi. Toplumyň esasy girelgesindäki atly ýigidiň heýkeli, şeýle-de toplumyň merkezi künjeginde gurlan özboluşly heýkel ahalteke bedewleriniň ýeňişli ýollarynyň alyslara uzaýandygyny görkezýär.

Atçylyk sporty boýunça türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen açyk we ýapyk manežleriň hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini geçirmäge niýetlenen meýdançanyň döwrebap derejede gurlandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň hem enjamlaşdyrylandygyny, onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşleriň atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsirleri galdyrjakdygyny aýtdy.

Häzirki zaman athanalary, atlary seýislemek üçin niýetlenen bina, atlaryň suwda türgenleşdirilýän desgasy, çapuw ýodalary, at çapyşyklaryna tomaşa etmäge niýetlenen münberler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýär. Topluma gelýän ýol, şeýle-de onuň yşyklandyryş ulgamy hem doly döwrebaplaşdyryldy. Ýoluň başy ady belli «Ýanardag» binasy hem-de «Atly aýlaw» heýkeli bilen bezelen. Şeýle hem tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär.

«Biz ýurdumyzyň beýik ösüşlerini bedew bady bilen baglanyşdyrýarys. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ulanmaga berilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Bu toplumyň şu gün dabaraly açylmagy 2026-njy ýylyň şygaryny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny has-da şöhratlandyrýar.

Türkmen halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýen nakyllary bar. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp toplumda dabaraly toýlar tutulyp, at çapdyrylar, ýaryşlar geçiriler. Halkymyzyň bedewlere goýýan hormat-sarpasy bu toplumda geçiriljek dabaralarda has-da belende göteriler.

«Aty baryň — ganaty bar» diýlişi ýaly, täze toplum biziň belent maksatlara ýetmegimize ganat berer» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň behişdi bedewleriň mekanydygyny, şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan ahalteke atlarymyzyň halkymyzyň milli buýsanjydygyny, ahalteke bedewleriniň owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen dünýäni haýran galdyrýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden mysal getirdi:

At gazanar goç ýigidiň,
Owwal bedew aty gerek.

Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň waspynyň söz ýeterden aňyrdadygyny, «asman atlary» diýlip atlandyrylan behişdi bedewleriň taryhynyň halkymyzyň şöhratly taryhy bilen utgaşyklydygyny belledi. Gadymy döwürlerde pederlerimiz sarsmaz döwletleri, synmaz şäherleri gurupdyrlar. Ähli döwürlerde-de ahalteke bedewleri halkymyzyň ýakyn syrdaşyna öwrülipdir.

Gadymy Merwde, ýagny Maru — şahu jahanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan maglumatlardan belli bolşy ýaly, türkmen atlarynyň bäş müň ýyldan gowrak taryhy bar. Munuň özi türkmen halkynyň öz işine ussat seýisleriniň, atşynaslarynyň yhlasyndan dörän milli gymmatlykdyr. Türkmen topragynyň dürli künjeklerinde gurlan kerwensaraýlar bu ýerleriň gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň merkezine öwrülendigine şaýatlyk edýär.

«Häzirki döwürde türkmen halkynyň we ahalteke bedewleriniň gadymy şöhraty häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede täzeden dikeldilýär we ösdürilýär. Şunda her birimiziň goşandymyzyň bolmagy haýyr işlere dahylly bolmakdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

“Bedewleriň iri ýaryşlardaky ýeňşi Watanyň şöhratydyr, halkyň abraýydyr. Şonuň üçinem, ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, ýaryşlarda atlarymyz ozsun! Watanymyzyň buýsanjy bolan ahalteke atlarymyzyň şan-şöhraty hemişe belentde bolsun!” diýip bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz hemmeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we dabara gatnaşyjylara berk jan saglygyny, bagtyýarlygy, uly rowaçlyklary arzuw etdi.

Milli Liderimiz çykyşyny bedew hakyndaky goşgy setirleri bilen jemledi.

Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen,
Syrdaşym sen, myradym sen, bagtym sen,
Ýüregimde ebedilik aýdym sen,
Waspyň sena boldy dillere, bedew!

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň toý bagyny kesdi. Şeýlelikde, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalarynyň dabaralandyrylýan pursatlarynda «asman atlarynyň» behişdi mekanynda häzirki zaman binalar toplumy açyldy.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde toplumyň çägine girip, onuň ahalteke bedewlerini iýmitlendirmek üçin ýörite ekilen alma baglaryny we käşir ekilen meýdany synlady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda idedilýän bedewleriň ot-iým üpjünçiliginiň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy nazara alnyp, bu ýerde atlar üçin iýmit önümlerini ýetişdirmäge niýetlenen ýer bölekleri berildi. Onda atlaryň iýmit birliginde zerur hasaplanylýan käşir, alma baglary ösdürilip ýetişdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak üçin niýetlenen seleksiýa binasy bolup, bu ýerde degişli işleri ylmy esasda alyp barmak we dünýäniň ösen tejribesini doly derejede özleşdirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Munuň özi toplumyň taslamalary taýýarlananda we gurluşyk işlerinde köptaraply tejribeleriň netijeli ulanylandygyny görkezýär.

Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde taýýarlanan ot-iýmleri gyş üçin saklamaga niýetlenen ammarlaryň bolmagy bu ýerde ýylyň ähli paslynda atlaryň ot-iým bilen üpjünçiliginiň nazara alnandygyny görkezýär. Munuň özi toplumyň çäginde bedewleriň sagdynlygy, olaryň ýörite kada esasynda iýmitlenmegi ugrunda ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulandygynyň aýdyň güwäsidir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde, toplumyň çäginde oturdylan we onuň esasy bezegleriniň birine öwrülen kebelekleriň şekillerinden döredilen özboluşly Ýer togalagynyň üstünde ýerleşdirilen taýçanagyň heýkeliniň ýanyna geldi. Bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde paýhasly pederlerimiziň zehininden dörän gadymy “Küştdepdi” aýdymly tans dessury ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde guralan çykyşlar şanly wakanyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

Bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny görkezýän şekiliň sebitde ilkinji bolup ýerine ýetirilen Ýer togalagynyň kebelek şekillerinden döredilmeginde çuňňur many bar. Kebelek dünýä halklarynyň arasynda, şol sanda türkmen ilinde kalbyň açyklygynyň, täzeden döreýşiň, söýginiň, gözelligiň, erkinligiň we asudalygyň nyşany hasaplanylýar. Kebelegiň durmuşynda kynçylyklary ýeňip geçmegiň, ösüşiň we tebigy sazlaşygyň ugurlary öz beýanyny tapýar. Kebelekleriň ganatlary bolsa erkinligi, durmuş ajaýyplygyny, nepisligi alamatlandyrýar. «Asman atlarynyň» behişdi mekanynda oturdylan bu şekil türkmen halkynyň döredýän ajaýyplyklarynyň nepisligini özünde jemleýär.

Joşgunly çykyşlar tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda, ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň sanyny artdyrmakda we türkmeniň atşynaslyk sungatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işlerini göz öňünde tutup, assosiasiýanyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň “Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.” atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine 2023-nji ýylda doglan mele reňkli Dosthan atly ahalteke bedewini we bedewe degişli güwänamany gowşurdy.

Hytaýly myhman ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda bolup, Gahryman Arkadag bilen didarlaşmagyň we dünýä atşynaslarynyň baş arzuwyna öwrülen ahalteke bedewiniň sowgat berilmeginiň özi üçin belent mertebedigini nygtady. Ol munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, kompaniýasynda 1200 baş atyň bardygyny, olaryň 600-den gowragynyň ahalteke bedewleridigini aýratyn buýsanç bilen habar berdi.

Soňra dabara gatnaşyjylar atçylyk toplumynyň döwrebap aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Taryhy müňlerçe ýyllara uzap gidýän türkmen bedewleriniň şan-şöhraty barha artýar. Häzirki döwürde dünýä atşynaslary we ippolog alymlar ahalteke bedewleriniň ylmy esasda öwrenilmegine, olaryň taryhyna we reňk aýratynlyklaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkara giňişlikde nusgalyk derejä eýe bolýandygyny görkezýär.

Bu ýerde atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň bardygyny bellemek ýakymly. Onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşler atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsir galdyrar. Dabara gatnaşýan myhmanlaryň ajaýyp şekilleriň öňünde bedew atlar bilen ýa-da paýtunyň üstünde ýadygärlik surata düşmekleri üçin hem zerur şertler döredilipdir.

Açyk asmanyň astynda döredilen fotostudiýanyň ýörite bölüminde Hazar deňziniň şekili bolup, onda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary arkaly bedewiň deňziň gyrasynda duran şekilini janlandyrmak mümkinçiligi üpjün edilipdir. Kenar ýakasynda peýwagtyna gezelenç edýän bedew bilen surata düşmek adamlarda ýakymly ýatlamalary döreder.

Şeýle hem bu ýerde bahar paslynyň joş alýan pursatlarynda gül-gülzarlyga beslenen ýaşyl ýaýlalaryň şekiliniň surata düşýänleriň gyzyklanmasyna mynasyp boljakdygy gürrüňsizdir. Bahar paslynda türkmen kalbyna çalymdaş sähralar haly düşelen ýaly görnüşi janlandyrýar. Gülleriň içinde bedew bilen surata düşmek bolsa ýaşlarda ýakymly duýgulary döreder.

Garagum sährasynyň ýakymly görnüşleri ak alaňlaryň üstünde gezelenç edýän bedewiň şekilini döretmäge mümkinçilik berýär. Bu şekiller eýer-esbaba beslenen bedewleriň gözelligi bilen utgaşyp, adamlarda ýakymly täsir galdyrar.

Gyş paslynda belent dag gerişlerine düşen garyň gözelligini synlamak ýakymly duýgulary döredýär. Gar düşen dag eteklerinde bedew bilen surata düşmek her bir ynsanyň durmuşyndaky ýakymly pursatlaryň birine öwrüler.

Toplumyň bu künjeginde ýaşlaryň surata düşmekleri, bagşy-sazandalaryň şekilli görnüşleri döretmekleri üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegi maksada laýyk bolar. Bu görnüşler täze durmuşa gadam basýan ýaş çatynjalar üçin bagtyýar ýaşaýşa badalga bolar. Munuň özi adam ömrüniň ýakymly pursatlarynyň aýdyň beýany bolup, ýaşlaryň durmuşynyň ajaýyp sahypalaryny özünde jemlär.

Dünýä ýüzündäki şan-şöhraty belende galýan ahalteke bedewlerini ýokary derejede ösdürip ýetişdirmek, olaryň arassa ganlylygyny saklamak we baş sanyny artdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän toplumyň çäginde başga-da ugurdaş desgalaryň ençemesi guruldy. Olaryň hatarynda atçylyk toplumynyň awtoussahanasynyň bolmagy bu ýerde awtoulaglaryň dürli görnüşlerine ýokary derejeli tehniki hyzmatlaryň ýola goýulmagynyň göz öňünde tutulandygyny görkezýär. Desgalaryň hemmesiniň enjamlaşdyrylyş derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çägine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, atşynaslar hem-de köp sanly myhmanlar mähirli garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň Baş girelgesiniň ýanynda ýaýbaňlandyrylan edebi-sazly kompozisiýa we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Joşgunly çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikleriň, ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspy ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz joşgunly şatlyk-şowhunyň astynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Baş girelgesiniň toý bagyny kesdi. Dabara gatnaşýanlaryň şatlygy we ahalteke bedewlerine bolan buýsanjy bu ýerde emele gelen şanly wakalar bilen utgaşyp, ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri, taryhy ähmiýeti bolan pursatlary äleme äşgär etdi.

Döwlet Baştutanymyz täze toplumyň çägi bilen gidip barşyna onuň baş bezegine öwrülen “Atly ýigit” heýkelini synlady. Toplumyň bu çäginiň gözelligi, onuň abadanlaşdyrylyş aýratynlygy milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesinden binýat bolan görnüşleri özünde jemleýär. Bu bolsa toplumyň kaşaňlygyny, onuň özboluşly aýratynlyga eýedigini görkezýär.

“Atly ýigit” heýkeli diňe bir sungat eseri bolman, eýsem, çuňňur many-mazmuny, milli nyşanlary özünde jemleýän desgadyr. Heýkel Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelýän myhmanlary garşylaýan esasy nyşandyr.

Ahalteke bedewi asyrlarboýy türkmen halkynyň iň ýakyn hemrasy, wepaly dosty we buýsanjy bolup gelipdir. At üstündäki ýigidiň ynamly keşbi hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň, geljege tarap batly gadamlaryň nyşanydyr. Bu binagärlik eseri Türkmenistanyň şöhratly geçmişini we aýdyň geljegini bir bitewi keşpde görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän ýapyk maneže baryp, ol ýerde atly sport we konkur boýunça türgenleriň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi. Bu görnüşler ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilmegi netijesinde degişli ugurlar boýunça ussat türgenleriň ýetişýändigini alamatlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, atly sport we konkur bäsleşikleri boýunça halkara derejede geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleri ýokary netijeleri gazanýarlar.

Şeýle-de bu ýerde döredilen şertler, atlar üçin düşelen toprak, manežiň içiniň kadaly howasy, tomaşaçylar üçin amatlylyk, atlary türgenleşdirmek üçin ýörite döwrebap şertler, hususan-da, sanly ulgamyň aýratynlyklaryny öz içine alýan kämil mümkinçilikler ýaryşlara ýokary derejede taýýarlyk görmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu manežde atly sport bilen meşgullanýan türgenlerimiz yzygiderli türgenleşikleri geçýärler. Manež halkara ülňülere doly derejede laýyk gelmek bilen, bu ýerde sportuň konkur görnüşi boýunça dürli çempionatlary geçirip bolýar. Bu şertleriň ählisi atçylygy ösdürmek babatda edilýän aladalaryň aýdyň netijesidir.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz toplumyň çäginde bar bolan athanalary, olarda atlary saklamak üçin niýetlenen ýokary derejeli mümkinçilikleri synlady.

Hormatly Prezidentimiz türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň bu gün Ýer ýüzüni haýran galdyrýandygyny belläp, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanylýan behişdi bedewlerimiziň halkymyzyň genji-hazynasydygyny we milli mirasydygyny aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz atçylyk toplumynyň açyk manežine geldi we bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi. Bu meşhur topar dünýä giňişliginde geçirilýän halkara bäsleşiklere gatnaşyp, yzygiderli baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Toparyň dünýä atşynaslarynyň we sirk sungatynyň wekilleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolýan çylşyrymly çykyşlary ajaýyp ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşantdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz atçylyk toplumynyň Baş binasyna geldi.

Dabaranyň alypbaryjysy bu ýerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli 35 sany atly ýigitleriň gatnaşmagynda dabaraly ýörişiň meýilleşdirilendigini yglan edip, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dabarasyny belende göterjek taryhy wakanyň hormatyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Gahryman Arkadagymyzdan bu ýerde geçiriljek dabara badalga bermegini haýyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz münberiň öňündäki meýdança geldi we şanly baýramyň hormatyna guralýan 35 sany atly ýigidiň dabaraly ýörişine rugsat berdi.

Türkmenistanyň Gahrymany, ýurdumyzyň halk artisti Annajemal Nurmuhammedowanyň ak paýtunyň üstünde ýerine ýetiren joşgunly aýdymy bilen dabaraly atly ýöriş başlandy. Bu görnüşler türkmen ilinde ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýulýandygynyň we «asman atlarynyň» şanyna guralýan tutumly toýlaryň uly dabaralara, ýatda galyjy pursatlara beslenýändiginiň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Münberiň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň atyň üstündäki çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ussat estrada ýyldyzlary joşgunly owazlary bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Garaşsyz Watanymyzy, ahalteke bedewlerimizi wasp etdiler. Ýakymly aýdym-sazlar türkmen topragynyň sahawatynyň, ajaýyp ýurdumyzda berkarar bolan parahatçylygyň, abadançylygyň, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hasyl bolýan belent maksatlaryň senasy bolup ýaňlandy.

Bu ýerde türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýän alabaýlaryň gözellik bäsleşiginiň guralmagy toý meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi. Eminler toparynyň agzalary bäsleşige gatnaşan ýedi sany türkmen alabaýynyň arasyndan has tapawutlananlaryny seçip aldylar.

Soňra gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyza eýerilip, ýurdumyzyň ussat çapyksuwarlarynyň arasynda toý çapuwy guraldy. Alypbaryjy toý çapuwyna her welaýatdan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden gatnaşýan ussat çapyksuwarlary we çapuwa taýýarlanan bedewleri mälim etdi. Şeýlelikde, toý çapuwyna gatnaşýan bedewler çapuw meýdançasyna çykdylar.

Arkadag şäherinden Daghan atly bedewi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Gahryman Arkadagymyzyň çapjakdygy yglan edildi. Şol pursatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem münberden düşüp, meýdança geldi, Kerimguly Berdimuhamedow bolsa atasy üçin ýörite seýislän Daghan atly bedewi meýdança getirdi. Gahryman Arkadagymyz seýis agtygyna minnetdarlyk bildirdi we ilki bilen, asylly däbe eýerip, bedewiň boýnuna nepislik bilen taýýarlanan alajany daňdy. Bu görnüşler ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän mukaddes peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini we dowamata atarylýandygyny görkezdi. Hut şunuň kimin ýagşy dessurlaryň rowaçlyk bilen dowam etmegi dürli döwürleri we dürli nesilleri baglanyşdyrýan däpleriň halkymyzyň durmuşyna röwşen nuruny çaýýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Biraz wagtdan toý çapuwyna badalga berildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden gatnaşdyrylýan bedewleriň arasynda yglan edilen toý çapuwy barha gyzyşdy. Öz orunlaryny ýygy-ýygydan çalyşýan bedewleriň hemmesiniň ümzügi ýeňşe tarapdy. Ýöne, durmuş tejribesiniň tassyk edişi ýaly, bäsleşikde ussatlar öňe saýlanýar. Bu gezek hem şeýle boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde açylyp ulanmaga berlen täze toplumyň işine özboluşly badalga öwrülen toý çapuwynda ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedowyň taýýarlan bedewini çapan Gahryman Arkadagymyz ýeňiji boldy. Emin agzalary Milli Liderimiziň bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp bolandygyny yglan etdiler.

Şol pursatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz münberden düşüp, Gahryman Arkadagymyzy gazanan ýeňşi bilen gutlady. Ýaş seýis Kerimguly bolsa bedewiň eýerini aýyrdy. Toýa gatnaşýan hormatly ýaşulular ýeňiş gazanan bedewe serpaý ýapdylar. Ýaş seýis taýýarlan bedewiniň jylawyndan tutup durşuna atasy, kakasy we hormatly ýaşulular bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi. Bu görnüşlerde ynsan kalbynda ýakymly duýgulary döredýän özboluşly gudrat bar.

Dürli ugurlar boýunça ýaýbaňlandyrylan toý bäsleşiklerinde gazanylan ajaýyp ýeňşiň hormatyna joşgunly çykyşlara giň orun berildi. Şunda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çapuw ýodasynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlary täsirli pursatlara we ýatda galyjy wakalara baý boldy.

Şeýle hem bu ýerde türkmen toýlarynyň esasy bezegleriniň birine öwrülen pälwanlaryň tutluşyklaryna badalga berildi. Meýdança çykan pälwanlar türkmen milli göreş sungatynyň ajaýyplyklaryny we sportuň bu görnüşiniň tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýandygyny görkezdiler.

Baýramçylyk dabaralarynyň geçýän ýerinde ýurdumyzyň “Sport” teleýaýlymynda täze döredilen “Bedew” gepleşiginiň ilkinji sanynyň hormatly myhmany hökmünde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy A.Paýaýew bilen söhbetdeş boldy. Alypbaryjy, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy gazanan ýeňşi bilen gutlady hem-de ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiziň bedewleriniň serpaýly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, A.Paýaýewe türkmen halkynyň milli gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewlerini ýurdumyzda we halkara giňişlikde wagyz etmek ýaly asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň bize miras goýan ýagşy dessurlarynyň ýaş nesillere ýetirilmeginde ähmiýetlidir.

Şunuň bilen baglylykda, ahalteke bedewleriniň gadymy şöhratyny dikeltmek, bedewler bilen baglanyşykly geçirilýän çäreleriň ähmiýetini açyp görkezmek we ony ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmegiň häzirki nesilleriň öňünde durýan wajyp wezipeleriň biridigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

A.Paýaýew degerli maslahatlary, öwüt-nesihatlary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Milli Liderimiziň degerli maslahatlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň “Sport” teleýaýlymynda ahalteke bedewleri, olaryň taryhy bilen baglanyşykly mowzuklary öz içine alýan gepleşikleriň taýýarlanylýandygyny, şu günki wakalaryň hem şol gepleşiklerde giňden beýan edilmegi ugrunda zerur işleriň geçiriljekdigini aýdyp, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygyny wasp etmegi sogap iş hasaplaýandygyny nygtady. Şeýle hem ol öňde durýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli ukyp-başarnygyny, toplan tejribesini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňra çapuw meýdançasynda türkmen toýy bilen bagly däp-dessurlaryň görkezilişi boldy. Onda her welaýatyň özboluşly aýratynlyklaryna degişli toý dessurlary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrýan tomaşalary görkezildi. Munuň özi ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan tutumly toýlaryň köpöwüşginli häsiýete eýe bolýandygyny görkezdi.

Toý dessurlaryny görkezýän tans we folklor toparlarynyň, toýa gatnaşýan ýaşlaryň sazlaşykly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Şunda türkmen toýlarynyň gadymdan gelýän milli däplerine laýyklykda kaşaň bezelen kejebe bagt toýuny tutýan ýaşlaryň ömrüniň iň ýakymly pursatlaryny janlandyrdy. Kaşaň kejebäniň münberiň öňündäki meýdança gelip saklanmagy bilen, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan bäsleşikleriň ýeňijileri yglan edildi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda geçirilen toý çapyşygynyň baýrakly orunlarynyň ýeňijileri yglan edildi.

Şeýlelikde, toý çapyşygynda Ahal welaýatyna degişli Azamat atly bedew üçünji orna mynasyp boldy. Ony H.Aşyrow çapdy. Ýeňijä “Toyoto Camry” awtoulagy gowşuryldy. Bu ýaryşda ikinji orna Aşgabat şäherinden Şöhratly atly bedew mynasyp boldy. Ony bu ýaryşda T.Pirmyradow çapdy. Oňa “Toyota Fortuner” kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy.

Şanly toýuň hormatyna guralan ussat çapyksuwarlaryň toý çapuwynyň birinji ornuna we baş baýraga ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedowyň taýýarlan Daghan atly bedewi mynasyp boldy. Ony bu ýaryşda Gahryman Arkadagymyz çapdy. Ýeňijä “Range Rover Sport” awtoulagynyň gowşurylýandygy yglan edildi.

Şol pursatda dabarany alypbaryjy Gahryman Arkadagymyzdan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýan etdi. Onda toý çapuwynda ýeňijiniň mynasyp bolan Şa serpaýyny Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, ýagny seržant Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk edýän harby bölümine sowgat hökmünde geçirmek barada aýdylýar.

Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Şa serpaýyny — harby bölüme gowşurylan awtoulagy uly hoşallyk duýgulary bilen kabul etdi.

Soňra türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlyklarynyň esasylarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň gözellik bäsleşiginde ýeňiş gazanan Arwana atly türkmen alabaýynyň ýeňşiniň “Toyoto Corolla” awtoulagy bilen sylaglanylýandygy mälim edildi.

Soňra şanly toýuň hormatyna guralan türkmen milli göreşinde ýeňiş gazanan pälwanlary sylaglamak dabarasy boldy. Agramy 80 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda geçirilen tutluşykda pälwan M.Nurberdiýew, 90 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda G.Hemraýew, 100 kilograma çenli agram derejeli pälwanlaryň arasynda S.Rejepow, agramy 110 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda bolsa A.Allaberdiýew, baş pälwanlaryň arasynda N.Baýdogdyýew ýeňiji boldular.

Has tapawutlanan pälwanlaryň geçiren tutluşyklarynda ýeňiş gazananlara ýurdumyzda öndürilen telewizorlar sowgat berildi. Öz agramlary boýunça ýeňiş gazanan pälwanlar türkmen toýlarynyň bezegi bolan milli göreşiň halkara ähmiýetli ýaryş hökmünde ykrar edilendigi, milli sportuň yzygiderli ösdürilýändigi hem-de döwlet derejesinde sylaglanandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny mälim etdiler.

Ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda geçirilýän dabaralar behişdi bedewlerimiziň jemgyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini we atlarymyzyň toý-baýramlarymyzyň esasy bezegine öwrülýändigini alamatlandyrýar. Bu ýerde şanly wakanyň hormatyna guralan dabarada birek-birege göwün beren ýaş juwanlaryň durmuş toýuna möhüm ornuň degişli bolandygyny bellemek ýakymly.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlara ýüzlenip, olaryň durmuş toýlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna gabat gelmeginde çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. “Bedew at myrada ýetirýär, döwlet getirýär” diýen paýhasly jümläni mysal getirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary durmuş toýlary bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara toý sowgady hökmünde täze jaýyň açaryny gowşurdy.

Şu pursatda ýaşlaryň bagtyýarlygynyň, şatlygynyň çägi bolmady. Aýratyn-da, ýaşlaryň mähriban ejesi hormatly Prezidentimize ene ýüreginden syzdyryp, çuňňur hoşallygyny mälim etdi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz bagtyýar maşgalanyň haýyşyny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Çapuw meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara bolsa belent ruha, şadyýan aýdym-sazlara, joşgunly tanslara beslendi.

Soňra bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň dabaraly bellenilýän pursatlarynda bu günki ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli şu günki ajaýyp wakalar bilen gutlap, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Umuman, behişdi künjekde ýaýbaňlandyrylan dabara ýurdumyzyň täze taryhyna altyn sahypa bolup ýazyldy.


Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow