Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Niderlandlar Patyşalygynda behişdi ahalteke bedewleriniň seýisçilik sungatyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Jemgyýet
Niderlandlar Patyşalygynda behişdi ahalteke bedewleriniň seýisçilik sungatyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Çap edildi 06.09.2026
5

Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň wekilleri bilen bir hatarda, dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan alymlar, atçylyk pudagy boýunça hünärmenler gatnaşdylar.

Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýar. Ahalteke atlary türkmen topragynda halk seçgiçiliginiň esasynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala getirilipdir.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, halkymyzyň geçmiş taryhynyň we häzirki durmuşynyň aýrylmaz bölegini emele getirýän bedewler türkmen sungatynda owadanlygyň, kämilligiň, wepalylygyň nusgasy hökmünde wasp edilýär. Asyrlara uzaýan taryhy bolan türkmen milli atşynaslyk mekdebi häzirki döwürde dünýäniň medeni mirasynyň genji-hazynasynyň gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda ýurdumyzyň milli hödürnamasy esasynda halkymyzyň ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyzy dünýäde wagyz etmek boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda döredilen «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini giňden wagyz etmäge hem-de dünýä jemgyýetçiligini ahalteke atlarynyň taryhy, ösdürilip ýetişdirilişine degişli däpleri we özboluşly häsiýetleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleri alyp barýar.

Maslahatda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplary behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda gymmatly gollanmalardyr. Bu kitaplarda gamyşgulak bedewlerimiziň şöhratly taryhyna, şu günki günde döwlet derejesinde edilýän aladalara, türkmen bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryna, halkymyzyň abraý-mertebesini arşa götermekde türkmen bedewleriniň tutýan ornuna degişli gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Nygtalyşy ýaly, täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, dünýäde giňden wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda sungatyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, milli sirk sungatynyň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydyr.

Türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda bedewler gözelligiň we tebigy sazlaşygyň nusgasy bolup durýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň oturdylmagy olara goýulýan hormatyň nyşanydyr. Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň binagärlik keşbinde bedewleriň şekiliniň aýratyn orun alandygyny bellemek gerek.

Soňra daşary ýurtly wekillere söz berildi.

Ilki bilen, Italiýa Respublikasynyň “Proeventi” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Antonio Jariola çykyş etdi. Ol maslahata gatnaşmaga hem-de ahalteke atlarynyň özünde galdyran täsiri barada gürrüň bermäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, ahalteke atlary özboluşly aýratynlyklara eýe bolup, olar milli mirasyň gaýtalanmajak nusgasy hökmünde gözelligiň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Türkmen bedewiniň we çapyksuwaryň bilelikdäki sazlaşykly hereketleri tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlaýar.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň türkmen bedewleriniň şöhratyny belende galdyrmakda, bu gymmatly mirasy dünýäde wagyz etmekde möhüm tapgyry açandygyny belledi. Ýylyň şygaryna bagyşlanan çäreleri guramak bilen, Türkmenistan ahalteke atlarynyň gözelligini we türkmen çapyksuwarlarynyň ýokary ussatlygyny ýene-de bir gezek tutuş dünýä äşgär edýär. Şoňa görä-de, ahalteke atlaryny parahatçylygyň ilçisi, häzirki zaman medeni diplomatiýasynda dostlugyň we hoşniýetli erkiň nyşany diýip atlandyrmaga doly esas bar. Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, behişdi bedewleriň taryhy watanyna — Türkmenistana bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny goşgy setirleri bilen beýan etdi.

Soňra halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş eden Fransiýanyň atly sport federasiýasynyň hünärmeni Aleksandr Gro ahalteke atlaryny seýislemekde toplan tejribesi barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, bu atlara ideg etmek ýönekeý bir iş bolman, eýsem, ol asyrlaryň dowamynda kemala gelen sungata aýawly garamakdyr. Bu atlar düşbüligi bilen beýleki atlardan tapawutlanýar. Ahalteke atlary ýokary çydamlylygy we ýyndamlygy bilen atly sport ýaryşlaryna gatnaşdyrmaga hem doly kybap gelýär. Bulardan başga-da, bu atlar müňýyllyklara uzaýan taryhy geçmişiň önümi hem-de dünýä atşynaslygynyň iň naýbaşy nusgasydyr.

Halkara atçylyk sport federasiýasynyň wekili Žan-Filip Kambuliwi Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijesinde, adamzat medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ahalteke atlarynyň tohum arassalygynyň goralyp saklanylýandygyny, şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Häzirki wagtda Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, özara tejribe alyşmak işlerine uly ähmiýet berilýär.

Fransiýanyň Ylmy gözlegler boýunça milli merkeziniň hem-de Milli tebigat we taryh muzeýiniň uly ylmy işgäri Julio Bendezu-Sarmiento çykyşynda Türkmenistanyň ahalteke atlarynyň gadymy watanydygyny tassyklaýan birnäçe taryhy we ylmy-barlag maglumatlaryny beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, müňlerçe ýylyň geçendigine garamazdan, bedew türkmen halkynyň durmuşynyň we medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ornuny has-da berkitdi. Häzirki wagtda ahalteke aty milli mirasyň iň naýbaşy nusgalarynyň biri hökmünde dünýäni haýrana goýýar.

Julio Bendezu-Sarmiento atçylyk pudagyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän işleri hem-de pudagyň işgärleri üçin gymmatly eserleri sowgat edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň gaýtalanmajak milli seýisçilik sungatynyň geljekde hem dowamata atarylmagyny arzuw etdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ahalteke atlary boýunça gaznasynyň ýolbaşçysy Patrisiýa Jonson ahalteke atlaryny hasaba almak boýunça Demirgazyk Amerika ýurtlarynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirýän atçylyk toplumlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, şeýle işleriň geçirilmegi ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamakda we sanyny köpeltmekde uly ähmiýete eýedir.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, halkara ylmy-amaly maslahatyň işi ýörite bölümlerde dowam etdi. Olara dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlar we hünärmenler sanly ulgam arkaly hem gatnaşdylar. «Ahalteke bedewleriniň taryhy we ösüş ýoly» atly mejlisde atlaryň dürli ulgamlarda öwrenilişi, alymlaryň we taryhçylaryň galdyran maglumatlary boýunça beýan edilenler täsirliligi bilen tapawutlandy.

Bellenilişi ýaly, örän irki döwürlerde döräp, seýisler tarapyndan kämil sungat derejesine çykarylan türkmen atlary dünýäniň köp bedewleriniň tohumynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetiripdir. Olar owadanlyk, ýyndamlyk we çydamlylyk taýdan tapawutlanyp, bu tohumyň gelip çykyşynyň örän gadymylygy onuň halkymyzyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygynda ýüze çykýar. Bu sungatyň bütin dünýäde at-owazasynyň ýaýramagy we biziň günlerimize gelip ýetmegi geçmişde ata-babalarymyzyň ynsan kimin üşükli, eýesine wepaly, ýyndamlykda meşhurlyga eýe bolan ýüwrük atlary ýetişdirmek bilen birlikde, olaryň tohum arassalygyny gowulandyrmaga aýratyn üns berendiginiň netijesidir.

“Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizilmeginiň ähmiýeti” atly mejlisde çykyş edenler gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemegiň tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini, zehini talap edýändigini nygtadylar. Şoňa görä-de, merdana pederlerimiz atlary ösdürip ýetişdirmäge yhlasyny we zähmetini siňdirip, dünýä medeniýetine gaýtalanmajak gymmatlygy bagyş edipdirler.

Türkmenistanda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklara uzaýan baý däplerini wagyz etmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda uly mümkinçilikler döredildi.

«Ahalteke bedewleri şekillendiriş we amaly haşam sungatynda» atly mejlisde nygtalyşy ýaly, gadymy döwürlerde biziň ata-babalarymyz dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşapdyrlar we ajaýyp sungat eserlerini döredipdirler. Olar haýsy döwürde we sebitde ýaşandyklaryna garamazdan, türkmen bedewlerine aýratyn hormat goýupdyrlar hem-de olaryň keşbini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň ähli ugurlarynda gözelligiň nyşany hökmünde şöhlelendiripdirler. Bedewler özleriniň owadanlygy, ýyndamlygy, täsirliligi, wepalylygy, duýgurlygy bilen türkmen edebiýatynda, medeniýetinde we sungatynda ebedi yz galdyrypdyrlar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň «Arassa ganly ahalteke atçylygynda tohumçylyk hem-de weterinariýa işi we bedewleriň tohum arassalygyny gorap saklamagyň genetiki-ylmy esaslary» atly mejlisi ylmy çemeleşmelere baýlygy bilen tapawutlandy. Şunda atçylyk pudagynda üstünlikli iş alyp barmak üçin Arkadag şäherinde döredilen mümkinçiliklere hem-de olary netijeli ulanmak arkaly durmuşa geçirilýän işlere aýratyn üns çekildi. Diýarymyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanmaga berilýär, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar, atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem 2015-nji ýylda kabul edilen «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň atçylyk, şol sanda ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly tohumçylyk-seçgi we weterinariýa işlerini düzgünleşdirýän möhüm kanunçylyk binýadyny emele getirýändigi bellenildi.

«Ahalteke atlarynyň dünýä atçylyk medeniýetine, taryhyna we tohumçylygyna täsiri» atly mejlisde türkmen bedewleriniň dünýä atşynaslygynyň kemala gelmeginde eýelän ornuna aýratyn üns çekildi. Şöhratly ata-babalarymyz özleriniň zähmetsöýerligi we zehini bilen bu täsin tohumy döredip, onuň arassalygyny saklap, biziň günlerimize ýetiripdirler.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk sungatymyza kuwwatly itergi berildi. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, olaryň baş sanyny artdyrmak we seleksiýa-tohumçylyk işleriniň hilini döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň mekany bolan Türkmenistan häzirki taryhy döwürde dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň, hünärmenleriniň we alymlarynyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän, tejribe alyşýan merkezine öwrüldi.

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar bu çäräniň ahalteke bedewiniň taryhy-medeni ähmiýetini wagyz etmek, atşynaslyk däplerini gorap saklamakda we kämilleşdirmekde täzeçil çemeleşmeleri öwrenmek, döwletara hyzmatdaşlygyň çäklerinde atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolandygyny bellediler.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň hem-de onuň çäklerinde halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi atçylyk ulgamynda toplanan tejribäni, täze ylmy barlaglary, innowasiýalary alyşmak, halklaryň, ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer, şeýle-de sport diplomatiýasyny ilerletmek babatda möhüm waka boldy.

Soňky habarlar
06.09
Niderlandlar Patyşalygynda behişdi ahalteke bedewleriniň seýisçilik sungatyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
06.09
Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna gurmak we döretmek ýoly bilen
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
top-arrow