Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 15.02.2017
1280

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly döwletiň Baştutany öz kärdeşini Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Prezident Serž Sarkisýan ýurdumyzyň döwlet gurluşynda, durmuş-ykdysady ulgamda we halkara giňişliginde gazanan üstünliklerini belläp, bularyň hemmesiniň türkmen Liderine ählihalk goldawyny we ynamyny üpjün edendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Ermenistanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň özara hormat ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine yzygiderli üns berýändigine ýokary baha berdi hem-de bilelikdäki tagallalar netijesinde özara gatnaşyklaryň mundan beýläk hem-dе pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmak hem-de dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Ermenistanyň halklarynyň arasyndaky gadymdan gelýän dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerini pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem taraplar sebit we halkara häsiýetli iki tarap üçin hem gyzyklanma döredýän birnäçe derwaýys meseleler boýunça pikir alyşdylar. Türkmen Lideri Ermenistan Respublikasynyň Baştutanyny ýurdumyza gelmäge çagyrdy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Serž Sargsýan hoşniýetli we bähbitli gatnaşyklara esaslanýan türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ýnam bildirdiler.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow