Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
Teswirlemeler
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
Çap edildi 13.08.2026
19

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan milli ylym ulgamyny ösdürmek strategiýasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan syýasat, ilkinji nobatda, ulgamyň işini kämilleşdirmek, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny wagyz etmek, olary milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmaga gönükdirilendir.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da ylym we tehnologiýa ulgamyny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu ugur islendik ýurduň geljegini hem-de ählumumy ösüşiň depginini kesgitleýän esasy şert hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir üstünligi we belent sepgitleri ylmyň hem-de innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda bu ulgamy ählumumy ösüşiň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, jemgyýetiň intellektual mümkinçiligini artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu ugurda türkmen alymlarynyň öňünde milli ylym ulgamyny ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, tebigy, takyk, durmuş-ynsanperwer ylymlary we tehnologiýalar babatda innowasion işi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak ýaly wezipeler durýar.

Ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň gazananlaryny wagyz etmek işi hem wajyp ugurlaryň hataryndadyr. Bu ugurdaky işler döwlet we jemgyýetçilik edaralary tarapyndan bilelikde alnyp barlyp, raýatlaryň ylmyň üstünlikleri baradaky bilimlerini artdyrmak, ýaşlary ylmy barlaglara hem-de işläp taýýarlamalara çekmek boýunça çäreleri öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji iýunynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi möhüm ähmiýete eýedir. Hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, bu resminama «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar boýunça meýilnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan taýýarlanyldy.

Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti, ilkinji nobatda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän innowasion ösüş we adam maýasyny ösdürmek, jemgyýetiň intellektual derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlary ylma çekmek üçin amatly şertleri döretmek, ýaş alymlaryň täze neslini taýýarlamak boýunça syýasy ugur bilen baglanyşyklydyr. Ony işläp taýýarlamagyň hukuk binýady hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary çykyş etdi. Maksatnamanyň esasy maksady ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň gazananlaryny jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň arasynda beýan etmek arkaly ylmyň elýeterliligini üpjün etmekden, Hökümetiň bu ugurdaky syýasatynyň mazmunyny düşündirmekden, ýaşlaryň ylmy gözýetimini giňeltmekden, olarda döredijilik başarnyklaryny, gözleg işlerine bolan gyzyklanmany ösdürmekden ybaratdyr.

Jemgyýetde ylmyň ornuny berkitmek arkaly ilatyň intellektual derejesini we ylmy dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak; mekdep okuwçylaryny, talyplary ylym bilen meşgullanmaga höweslendirmek; ylmy maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmek; ylmyň we tehnikanyň gazananlary barada bilimleriň dürli görnüşlerini, usullaryny ösdürmek; ýaşlary ylmy we innowasion taslama işlerine işjeň çekmek ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň döwrebap gazananlaryny wagyz etmek, intellektual eýeçiligi goramak ulgamyndaky bilimleri ýaýratmak hem möhüm meýilnamalaryň hatarynda bellenildi. Ylmyň dili, ylmy žurnalistika baradaky bilimleri hem-de amalyýeti ösdürmäge, ylmy gurnaklaryň işini goldamaga, ylym ulgamyndaky täzelikleri çap etmäge aýratyn üns bermek göz öňünde tutulýar.

Maksatnamadan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda geçirilýän ylmy barlaglaryň netijeleri baradaky makalalary abraýly daşary ýurt neşirlerinde, maglumat binýatlarynda ýerleşdirmäge, teleradioýaýlymlarda berilýän hem-de ylmyň üstünliklerini beýan edýän gepleşikleri kämilleşdirmäge, ýaşlaryň, alymlaryň intellektual işleri, awtorlyk ylmy-innowasion teklipleri beýan edilýän internet sahypalarynyň sanawyny giňeltmäge, okuwçylardyr talyplaryň alymlar bilen bilelikde ylmy bilimleri wagyz etmek boýunça işlerini goldamaga uly üns berler. Türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň ylma goşan goşantlaryny giňden wagyz etmek; emeli aň ulgamyndaky innowasiýalary giňden beýan etmäge ýardam bermek; ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny wagyz etmekde degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tagallalaryny birleşdirmek işleri hem derwaýys wezipeleriň hataryndadyr.

Maksatnamanyň bölümleriniň biri bu ulgamdaky işleriň häzirki ýagdaýyna bagyşlanypdyr. Resminamada bellenilişi ýaly, häzirki wagtda işler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary we merkezleri tarapyndan döwlet edaralary, ýokary okuw mekdepleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bilelikde alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryny, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny göz öňünde tutup, türkmen halkynyň milli mirasyny, dilini, edebiýatyny, taryhyny, medeniýetini gorap saklamaga, ylmy taýdan öwrenmäge, dünýäde wagyz etmäge we olary geljek nesillere geçirmäge aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda halk köpçüligi üçin ylmyň manysyny elýeterli görnüşde düşündirmek bilen bagly giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek işinde metbugat we sanly ylmy-köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, telewideniýäniň, radionyň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar. Ylmy maslahatlar, alymlar bilen duşuşyklar, sergiler geçirilýär. Ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ylmy-tehniki ösüşe, ylmyň, tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan gepleşikler yzygiderli ýaýlyma berilýär. Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän forumlaryň çäklerinde Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işler beýan edilýär, ylmy neşirleriň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň sergileri guralýar. Döwürleýin metbugatyň sahypalarynda ylmy kämilleşdirmäge gönükdirilen milli özgertmeleriň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini açyp görkezýän makalalar, ylmy barlaglar, ornaşdyrylýan innowasiýalar, täze oýlap tapyşlar barada gürrüň berýän makalalar çap edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň neşirleriniň, aýratyn-da, «Türkmenistanda ylym we tehnika» ylmy-nazary žurnalynyň, «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň, «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» hem-de «Türkmenistanda innowasion tehnologiýalar» ylmy-amaly elektron žurnallarynyň ornuny bellemek gerek.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň köpüsiniň ylmy elektron neşirleri bar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Filologiýanyň meseleleri», Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Innowasion ykdysadyýet we maliýe», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar», Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynda «Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» žurnallary neşir edilýär. Olaryň sahypalarynda professorlaryň we mugallymlaryň çykyşlary, geçirilýän ylmy maslahatlar, çäreler, bäsleşikler baradaky makalalar yzygiderli çap edilýär.

Ylym-bilim edaralarynyň internet portallary ylym, tehnologiýalar, innowasiýalar baradaky maglumatlary alyşmak we ýaýratmak, alymlaryň, aspirantlaryň, mugallymlaryň, talyplaryň ylmy barlaglarynyň netijelerini jemgyýetçilige ýetirmek, hünär ugruny kesgitlemek üçin mümkinçilik döredýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň saýtynda bu ugurdaky gazanylanlar, ylmy-jemgyýetçilik ähmiýetli iri çäreler beýan edilýär. Bilim ministrliginiň saýtynda ýokary okuw mekdepleriniň işi baradaky maglumatlar bilen bir hatarda, ylmy işler, ýaş alymlaryň taslamalary, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň halkara olimpiadalardaky üstünlikleri, ylmy-pedagogik, ylmy-usuly tejribe barada habarlar ýerleşdirilýär. Şeýle makalalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň saýtynda hem çap edilýär.

Soňky ýyllarda halkara ylmy žurnallarda türkmen alymlarynyň düýpli, amaly, nazary işläp taýýarlamalary baradaky makalalarynyň sanynyň artandygyny nygtamak gerek. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäniň ylmy giňişligindäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Ylmy wagyz etmekde taryhy-etnografik muzeýler hem uly orun eýeleýär. Olaryň eksponatlary türkmen halkynyň ösüş ýoly barada gürrüň berýär. Watanymyzyň tebigatynyň özboluşlylygy bilen bagly sergiler diňe bir eziz Diýarymyzyň biologik köpdürlüligi barada däl, eýsem, beýleki baýlyklar, hususan-da, suw we uglewodorod serişdeleri, mineral çeşmeler, peýdaly gazylyp alynýan baýlyklar, özboluşly landşaftlar barada bilimleri artdyrýar. Bularyň ählisi ýaşlaryň gözýetimini giňeltmäge, olarda tebigy ylymlara gyzyklanmany ösdürmäge ýardam edýär. Bu ugurda täze neşirler bilen kitap gaznasynyň yzygiderli üsti ýetirilýän kitaphanalara uly orun berilýär. Olaryň işini awtomatlaşdyrmak, kitaplary we neşirleri yzygiderli döwrebap maglumat göterijilerine geçirmek, elektron alyş-çalyş ulgamlaryny peýdalanmak ulanyjylara ylmy-köpçülikleýin, ýöriteleşdirilen edebiýatlaryň giň sanawyna elýeterliligi üpjün edýär.

Şulardan görnüşi ýaly, ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýalaryň gazananlaryny beýan etmek boýunça işler ylmy, bilim, medeni edaralar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, internet portallar arkaly amala aşyrylýar.

Döwlet maksatnamasynyň esasy bölümleriniň biri halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanypdyr. Resminamada bellenilişi ýaly, bu ugurdaky baş maksat dünýäniň ylmy bileleşigine milli ylymda gazanylan ylmy barlaglaryň netijeleri we ýetilen sepgitler barada giňden habar bermekden ybaratdyr. Hyzmatdaşlyk dürli ugurlary, hususan-da, hukuk binýadyny, bilelikdäki taslamalary, abraýly düzümler bilen özara gatnaşyklary öz içine alýar. Maksatnamada Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän ylmy diplomatiýany ösdürmäge, ylym, tehnika ulgamyndaky barlaglaryň maglumatlaryny giňden şöhlelendirmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki işläp taýýarlamalary, şol sanda «akylly» tehnologiýalary döretmek çygryndaky taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen başlangyçlaryň ähmiýetine aýratyn üns çekilýär. Şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň zerurdygy nygtalýar.

Ilkinji nobatda, Ylymlar akademiýasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen işjeň hyzmatdaşlygy bellenilýär. Bu topar ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde tebigy, takyk, jemgyýetçilik, ynsanperwer ylymlary ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrýar. Şunda gürrüň ÝUNESKO-nyň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny, ýurdumyzyň tebigy ýadygärliklerini «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek arkaly olary wagyz etmek boýunça Türkmenistanyň ylmy we bilim edaralary bilen bilelikde alyp barýan işleri barada barýar. Döwlet maksatnamasynda ylmy-nazary, köpçülikleýin žurnallarda, gündelik hem-de sanly neşirleriň sahypalarynda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanylan üstünlikleriň, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň giňden şöhlelendirilýändigi bellenilýär. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda daşary ýurtlaryň ylmy sanly neşirleriniň, web saýtlarynyň elýeterlidigi barada aýdylýar. Bularyň ählisi ylmy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän taraplaryň, milli we dünýä ylymlarynyň, halkara ylmy bileleşigiň arasynda ählumumy dialogy guramaga mümkinçilik berýär.

«Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ylmyň innowasion tehnologiýalary döretmek bilen baglanyşykly ugurlary kämilleşdirilýär. Hususan-da, öňdebaryjy tejribe hemmetaraplaýyn öwrenilýär, hyzmatdaşlyk ösdürilýär we ylmy diplomatiýa üstünlikli ilerledilýär. Maksatnamada milli ylmyň gazananlaryny wagyz etmekde, türkmen alymlaryny daşary ýurtlaryň ylmy merkezleriniň işi bilen tanyşdyrmakda hem-de dünýäniň ylmy bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda halkara ylmy maslahatlaryň ähmiýeti barada aýdylýar. Halkymyzyň edebi-ruhy gymmatlyklaryny, beýik akyldarlaryň ylmy-edebi mirasyny gorap saklamak, meşhur taryhy şahsyýetleriň döredijiligini öwrenmek maksady bilen geçirilýän medeni-ylmy çäreleriň, halkara ylmy-amaly forumlaryň ähmiýeti aýratyn nygtalýar. Resminamada bellenilişi ýaly, dürli derejede gazanylan ylalaşyklar, bu ugurdaky geljegi uly taslamalar Watanymyzyň dünýäniň ylym-bilim giňişligindäki abraýynyň yzygiderli artýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Ylym, tehnika we tehnologiýa ulgamynda gazanylanlary wagyz etmegiň esasy ugurlary baradaky bölümde bu işiň Ylymlar akademiýasy tarapyndan utgaşdyrylyp, Bilim, Medeniýet, Aragatnaşyk ministrlikleri, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy bilen bilelikde geçiriljekdigine üns çekilýär. Hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň jemgyýetçilik-syýasy häsiýetli işleri, umumadamzat ähmiýetli ylmy garaýyşlary, ynsanperwer başlangyçlary beýan edilen kitaplaryny giňden şöhlelendirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezilýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda internet we sanly mediaplatformalar bilen bilelikde ylmy-köpçülikleýin maglumatlary jemgyýetçilige ýetirmegiň döwrebap görnüşlerini hem-de usullaryny kämilleşdirmek; ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň gazananlaryny köpçülige ýetirmekde, wagyz etmekde ylmy, umumybilim edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň özara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak; emeli aň arkaly ylmyň mümkinçiliklerini açyp görkezmek we beýan etmek esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen bir hatarda, okuwçylaryň taslama işlerini hem-de olaryň ders olimpiadalaryndaky üstünliklerini wagyz etmek, alymlaryň, mugallymlaryň, talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň arasyndan bilim işine gyzyklanma bildirýänlerini ýüze çykarmak, ylmy meýletinçiler toparyny döretmek arkaly okuw maslahatlaryny, bäsleşikleri hem-de düşündiriş çärelerini guramak maksadalaýyk hasaplanýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralarynyň binýadynda döredilen ýokary okuw mekdepleriniň kafedralarynyň işini işjeňleşdirmek, olaryň işini beýan etmek, ýöriteleşdirilen okuwlary girizmek, okuw kitaplaryny, gollanmalary çap etmek, bu ugur üçin hünärmenleriň mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bagly «Ylmy žurnalistika» okuw maksatnamasyny taýýarlamak geljegi uly meýilnamalaryň hatarynda bellenildi. Ýurdumyzda esasy wezipesi ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetini artdyrmak bolup durýan neşirleri goldamaga, ýaşlaryň ylmy-köpçülikleýin we ylmy-nazary žurnallarynyň, web saýtlaryň, ylmy sosial torlaryň işini kämilleşdirmäge, neşirleriň hilini ýokarlandyrmaga, teleýaýlymlarda görkezilýän intellektual, ylmy-köpçülikleýin gepleşikleri ösüp gelýän ýaş nesle gönükdirmäge, olaryň sanyny, görnüşlerini artdyrmaga, bu işe tejribeli ýaş alymlary çekmäge uly üns bermek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem ylmy elektron kitaphanalary döretmegi işjeňleşdirmek, muzeý we sergi işini kämilleşdirmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň esasy taraplaryny beýan etmek ilkinji nobatdaky çäreleriň hatarynda kesgitlenildi. Mundan başga-da, ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleri bolup durýan işleriň sanly maglumat binýadyny, milli taryhy-medeni hem-de milli maddy däl mirasyň, aýratyn goralýan ýerleriň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, derýalaryň, Hazar deňziniň sanly maglumat binýadyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet maksatnamasynda nygtalyşy ýaly, bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň netijesinde Türkmenistanda bu ugurdaky işler döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçiriler. Ilki bilen, ilatyň ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň gazananlary, innowasion önümler, ylmyň ähmiýeti baradaky bilimleriniň artmagyna, ylmy dünýägaraýşynyň giňemegine garaşylýar. Göz öňünde tutulan çäreler ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalary, innowasiýalary öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň ylym-tehnika, inženerçilik işjeňligi üçin şertleri döretmäge, olaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga, oýlap tapyjylyk bilen meşgullanmaga bolan höwesini artdyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen bir hatarda, mekdep okuwçylary üçin hünär ugruny kesgitlemek işi has netijeli häsiýete eýe bolup, olaryň gyzyklanma bildirýän hünäri barada giňişleýin maglumat almagyna mümkinçilik döreder.

Maksatnamada ýaşlaryň innowasion işini durmuşa geçirmegi üçin goldaw beriljekdigi nygtalýar. Mundan başga-da, ylmyň gazananlarynyň we innowasiýalaryň beýan edilmegi häzirki döwürde açyklyk, ählumumy işlere goşulyşmak syýasatyny durmuşa geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga ýardam berer. Şeýle-de barlaglaryň netijelerini önümçilik işine, gündelik durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly ilatyň bilimleriniň artjakdygy bellenilýär. Ömrüni ylma bagyşlan meşhur türkmen alymlarynyň, şahsyýetleriň döredijilik mirasy ýurdumyzda we halkara derejede wagyz ediler. Şeýle hem ylmy žurnalistika ösdüriler, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylar. Metbugatda, teleradioýaýlymlarda, mediaportallarda ylmyň gazananlaryny wagyz edýän gepleşikleriň, makalalaryň, täzelikleriň sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Umuman, Döwlet maksatnamasyna berlen syndan görnüşi ýaly, milli ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ählumumy ylmy giňişlikde Watanymyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ylym-tehnika syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Bellenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi türkmen ylmynyň gazananlary, ileri tutulýan ugurlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini artdyrmaga, şol sanda raýatlaryň ylmy sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, ilaty ylym, tehnika we tehnologiýa ulgamyndaky döwlet hem-de işewürlik başlangyçlary bilen tanyşdyrmaga, zehinli ýaşlary ylmy gözleglere çekmäge, olaryň düýpli we amaly ylym bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmasyny höweslendirmäge ýardam eder.

Soňky habarlar
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
13.08
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
13.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
13.08
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
12.08
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
12.08
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Ulag-kommunikasiýa toplumynyň mümkinçiliklerini artdyryp
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow