Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 14.02.2017
1268

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Russiýanyň umumy bähbitlere laýyk gelýän dostlukly gatnaşyklara hem-de deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar. Prezident Wladimir Putin türkmen kärdeşini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, ýurduň we halkyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Russiýanyň Lideriniň belleýşi ýaly, Prezident saýlawlarynda gazanylan ynamly ýeňiş tutuş halkyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de onuň alyp barýan syýasy ugruny goldamagynyň aýdyň subutnamasy boldy. Şol ugur milli ykdysadyýeti has-da döwrebaplaşdyrmaga we berkitmäge, raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Baştutany gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, döwletara türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşýar hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde sazlaşykly ösýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, onuň esasy ugurlaryny anykladylar. Bu ugurlarda tagallalaryň birleşdirilmegi aýratyn bähbitli bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda we beýleki birnäçe ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şol sanda Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň, onuň esasy senagat, ylym-bilim we medeni merkezleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda söhbetdeşler türkmen-rus gatnaşyklarynyň esasyny düzýän we aýrylmaz bölegi bolup durýan ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, Bitarap Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň geljekde hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary dowam etmäge taýýardygyny bellediler. Şeýle hem Prezident Wladimir Putin türkmen diplomatiýasynyň eýe bolan üstünligini belledi, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy, Russiýa bu resminamanyň awtordaşlarynyň biri hökmünde çykyş etdi. Söhbetligiň barşynda Türkmenistanyň Baştutany russiýaly kärdeşini ýurdumyza gelip görmäge çagyrdy. Telefon gepleşiginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin strategik hyzmatdaşlyk we uzakmöhletlilik ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň dostlukly halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow