Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip
Teswirlemeler
Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip
Çap edildi 14.07.2026
67

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan milli saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek maksatnamasy hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga gönükdirilen giň gerimli işler meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Saglygy goraýyş ulgamy döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolmak bilen, adamyň ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryna, lukmançylyk serişdelerine elýeterliligi üpjün etmek, kesellemegiň derejesini peseltmek, halkara ülňülere laýyk gelýän ylmy-kliniki, anyklaýyş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak we derman senagatynyň häzirki zaman kärhanalaryny döretmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, milli lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek ýaly birnäçe esasy ugurlary özünde jemleýär.

Türkmenistanda birnäçe ýokanç keselleriň aradan aýrylandygy hakynda halkara güwänamalar, şeýle hem türkmen lukmanlarynyň bu ugurda toplan tejribesini Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti ýurtlarynda ýaýratmagyň maslahat berilmegi saglygy goraýşyň wezipelerini çözmekde ýurdumyzyň üstünliklerini ykrar edýän subutnamadyr. Ýer ýüzüniň ilatynyň abadançylygyna uly wehim salýan ählumumy saglygy goraýşyň wajyp meseleleri hasaba alnanda, lukmançylyk diplomatiýasynyň ösdürilmegine aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan bu diplomatiýa netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, halkyň saglygyny goramak babatda toplanan tejribäni, iş ýüzünde gazanylanlary alyşmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Türkmenistan halkara gün tertibinde möhüm orny eýeleýän bu ugurda tagallalaryň birleşdirilmegine uly ähmiýet berip, ähli zerur çäreleri toplumlaýyn esasda durmuşa geçirýär.

Şu ýylyň martynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy” hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy munuň aýdyň güwäsidir. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine degişli meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Milli strategiýa uzak möhletleýin wezipeleri, halkara guramalar bilen işleri utgaşdyrmagyň gurallaryny we milli ylmyň dünýäniň lukmançylyk bileleşigine goşulyşmagynyň ugurlaryny kesgitleýär. Ylmy gazanylanlaryň, iň täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň, ynsanperwerlik kömeginiň berilmegini göz öňünde tutýan ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy häzirki wagtda saglygy goraýşy ählumumy we sebit derejesinde strategik taýdan dolandyrmagyň esasy özeni bolmak bilen, köp ýurtlaryň daşary syýasat strategiýasynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Bu ugurda hoşniýetli erk-islege we özara hormata esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk durnukly ösüşe, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berip, halkara gatnaşyklaryň sazlaşykly alnyp barylmagyna hyzmat edýär.

Türkmenistan iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BSGG we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň hasabyna saglygy goraýşyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Soňky döwürde ýurdumyz lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda, şol sanda adam saglygyny goramagyň möhüm meselelerini netijeli çözmekde, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda ylmy maglumatlary alyşmakda, lukmançylyk işgärleriniň tejribe alyşmaklaryny ilerletmekde, bu ugurda netijeli dialogy ösdürmekde oňyn tejribe toplady. Ählumumy saglygy goraýşyň çylşyrymly meselelerini çözmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşde ylmy-lukmançylyk jemgyýetiniň tagallalaryny birleşdirmekde hem-de utgaşdyrmakda köptaraply hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn esasda guralmagynyň wajypdygyna düşünmek bilen, Türkmenistan köp sanly halkara forumlary we duşuşyklary yzygiderli guraýar, halkara başlangyçlary öňe sürýär. Şunda hyzmatdaş ýurtlaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda jemgyýetçilik birleşikleriniň, gaznalaryň, hususy kompaniýalaryň bu işe çekilmegine aýratyn üns berilýär.

Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ugry boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde uly ähmiýeti bolan bu çäreler saglygy goraýyş ulgamynda oňyn tejribeleriň, işläp taýýarlamalaryň diňe bir özara alşylmagyna däl, eýsem, milli saglygy goraýşyň abraýyny ýokarlandyrmaga, onuň ägirt uly üstünliklerini wagyz etmäge-de şert döredýär. Halkara saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy orunlarda bolmak “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň” esasy maksatlarynyň biridir. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara giňişlikde öňe süren başlangyçlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Strategiýa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Täze resminama bu ugurda gazanylan ylmy we lukmançylyk barlaglary, innowasiýalar arkaly ýurdumyzyň ylmy-lukmançylyk kuwwatyny berkitmäge, diplomatik gurallary ulanmak bilen, ähli syýasy çözgütlerde saglygy goraýşyň meselelerini bitewüleşdirmegiň esasynda tutuş dünýäde saglygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Şeýlelikde, ol saglygy goraýyş ulgamynda howpsuzlygyň üpjün edilmegini, ählumumy wehimleriň öňüniň alynmagyny, ýüze çykarylmagyny, dessin çäreleriň görülmegini ugur edinýän möhüm wezipeleri kesgitleýär. Adamzada howp salýan kesellere garşy göreş dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Şoňa görä, saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, lukmançylyk diplomatiýasy dürli ýurtlaryň lukmanlarynyň we alymlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, bilelikdäki lukmançylyk barlaglarynyň geçirilmegine, howply keselleriň öňüni almakda, olara garşy göreşmekde ylmy maglumatlaryň, tejribeleriň alşylmagyna ýardam edýär.

Türkmenistan adam saglygyna howp salýan ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşde anyk çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen ählumumy başlangyçlary işjeň öňe sürýär hem-de bu ulgamda netijeli işleriň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar. Ylmy-innowasion tehnologiýalaryň binýadynda saglygy goraýyş ulgamyny derman serişdeleri, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmegiň hasabyna yzygiderli kämilleşdirmek Strategiýanyň esasy ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara ylalaşyklaryň çäklerinde türkmen talyplaryny daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak hem-de lukmançylyk işgärleriniň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň daşary ýurtlarda hünär derejesini ýokarlandyrmak tejribesi dowam etdiriler. Şeýle-de lukmanlara sanly usullaryň ulanylyşyny, dolandyrylyşyny öwretmek we maglumat tehnologiýalary babatda degişli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barlar.

Beýleki ýurtlarda bolýan çylşyrymly ýagdaýlara zerur kömegi ýetirmegiň hasabyna dessin işleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan ynsanperwer ugur ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň esasy wezipeleriniň biridir. Netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregi goldamak ýaly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, derman serişdelerini, lukmançylyk maksatly beýleki önümleri öz içine alýan ynsanperwerlik ýükleri goňşy we dostlukly ýurtlara yzygiderli iberilýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna uly orun degişlidir.

“Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Onuň birinji tapgyry 2026 — 2030-njy, ikinji tapgyry 2031 — 2040-njy, üçünji tapgyry bolsa 2041 — 2052-nji ýyllary öz içine alar. Strategiýa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, ÝUNISEF, BMG-niň Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik, Bütindünýä Söwda Guramasy hem-de beýleki halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda durmuşa geçiriler. Onuň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, işleriň netijeliligine orta we uzak möhletleýin baha bermek üçin halkara talaplara laýyklykda görkezijiler işlenip taýýarlanylyp, barlag usullary tejribä ornaşdyrylar. Bu işleriň ählisi öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan ählumumy ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ösdürilmegine, bu ugurda ýurdumyzyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Türkmenistanyň ilatynyň saglyk ýagdaýy has-da gowulandyrylar, kanun esasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edilen adamyň sagdyn ömrüniň ortaça dowamlylygy artar, lukmançylyk kömegini almak üçin deň mümkinçilikler we şertler üpjün ediler, halkara ölçeglere, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamy dörediler.

Strategiýanyň 2026 — 2030-njy ýyllary öz içine alýan birinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Bütindünýä Söwda Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, halkara maliýe düzümleri we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça çäreleri işjeň ilerleder. Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamynda ählumumy diplomatiýa boýunça halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýurdumyz soňky döwürde saglygy goraýşy ösdürmek, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy boýunça ýokary derejeli sebitleýin çäreleriň guramaçysy bolup çykyş edýär hem-de bilimleri, öňdebaryjy tejribeleri, ylmy gazanylanlary, innowasiýalary alyşmak üçin geçirilýän halkara forumlara işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe sürýän başlangyçlaryna saglygy goraýşyň hem-de ylmy-lukmançylyk meseleleriniň girizilmegini üpjün etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barlar. «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» halkara gün tertibini amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň abadançylygynyň üpjün edilmeginde wajyp orny bolan saglygy goraýşyň, lukmançylyk ylmynyň möhüm meselelerini Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogyna goşmak göz öňünde tutulýar. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Daşary işler ministrligi, Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzyň strategik ugurlaryny hasaba almak bilen, saglygy goraýşyň umumy maksatlaryna ylmy-lukmançylyk seljerme synyny taýýarlamak bellenilendir.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek hem-de saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki utgaşdyrylan hereketleri işläp taýýarlamak maksadyndan ugur alnyp, gyzyklanma bildirýän taraplar — daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda köpugurly işler dowam etdiriler. Şeýle hem saglygy goraýşyň möhüm wezipelerine gönükdirilen bilelikdäki ylmy taslamalar işlenip taýýarlanylar we amala aşyrylar. Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ösüşi üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmäge uly üns berler. Strategiýanyň çäklerinde jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýanyň milli ýörelgelerini, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti üçin okuw we okuw-usulyýet gollanmalaryny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak durmuşa geçiriljek işleriň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan hökümetara ylalaşyklaryň çäklerinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde talyplary okatmak hem-de degişli hünärmenleriň dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerinde we klinikalarynda tejribelik geçmekleri boýunça işler alnyp barlar. Lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini we bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen, saglygy goraýyş diplomatiýasy boýunça sapaklar, halkara okuwlar guralar.

Umuman, Türkmenistan tutuş dünýäde saglygyň we abadançylygyň berkidilmegine gönükdirilen çözgütleriň kabul edilmegine oňyn täsir etmek bilen, saglygy goraýşyň ählumumy syýasy gurşawyny kemala getirmäge işjeň gatnaşmagy dowam etdirer. Bu ugurda amala aşyrylýan anyk işler hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän başlangyçlar ählumumy goldawa eýe bolýar. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi degişli jemgyýetçilik garaýşynyň kemala getirilmegine köp babatda baglydyr. Şoňa görä-de, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly wagyz we düşündiriş işlerini, saglygy goraýşyň meseleleri boýunça ilat arasynda dürli çäreleri, çykyşlary guramaga aýratyn ähmiýet berilýär. Çäreleriň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, düşündiriş maksatly çäreler, saglygy goraýyş ulgamyny milli derejede ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek üçin duşuşyklar guralar.

2030-njy ýylda “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň” birinji tapgyrynyň amala aşyrylyşy boýunça degişli hasabat we ikinji tapgyr üçin meýilnama işlenip taýýarlanylar.

Şeýlelikde, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen Milli strategiýa Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň binýatlaýyn şerti bolup çykyş edýän milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ählumumy derejede ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny öňe sürmekde tagallalary birleşdirmek üçin täze gözýetimleri açýar.

Soňky habarlar
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
14.07
Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
13.07
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — möhüm ekologiýa wezipelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge goşant
13.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy
12.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap
12.07
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
10.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
10.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
10.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň gallaçylarynyň zähmet üstünligi bilen gutlady
top-arrow