Belarusuň paýtagtynyň Sport köşgünde Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň baýragy ugrunda “A” derejeli “Sport we söweş sambosy boýunça Belarus Respublikasynyň açyk çempionaty” diýen XXI Halkara ýaryşy badalga aldy. Bu ýaryşa 16 ýurtdan -- Russiýadan, Bolgariýadan, Rumyniýadan, Gresiýadan, Ysraýyldan, Slowakiýadan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden 200-den gowrak türgen gatnaşýar. Biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde ussatlaryň 26-sy (18 erkek we 8 zenan), şol sanda halkara derejeli ýaryşlaryň ussatlary bar. Ýaryşyň birinji gününde 14 toplum baýrak ugrunda bäsleşildi. Olaryň barşynda Türkmenistanyň ýygyndy düzümi medallaryň ýedisini—dört altyn, bir kümüş we iki bürünç medal gazandy. Ýaryşyň öňüsyrasynda samboçylarymyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri, doganlar Muhammetguly we Nurýagdy Mämmedowlaryň (nusgawy görnüş) hem-de halkara derejeli sport ussady Alai Nyýazmeňliýewiň (söweşjeň görnüş) ýolbaşçylygynda Minskiden 10 kilometrlikde ýerleşen “Staýki” olimpiýa sport toplumynyň binýadynda 10 günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdiler. Işjeň türgenleşiklerden başga-da, Belarusuň öňdebaryjy samboçylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklary hem geçirildi. Ýygyndy toparymyzyň ýolbaşçysy Annageldi Sarykulowyň pikirine görä, bularyň ählisi türkmen türgenlerimiziň üstünlikli çykyş edip başlamaklaryna ýardam berdi. Ildeşimiz, halkara derejeli sport ussady Tejen Tejenowyň 90 kilograma çenli agram derejesinde ýer eýeleriniň wekili Sergeý Lesýagyň garşysyna geçiren deslapky tutluşykdaky çykyşy köpsanly tomaşaçylaryň aňynda aýratyn ýatda galdy. Aşgabatlynyň geçiren ýeňiş getiren tilsimi iň ýokary bolan 4 utugy berip, şowhunly el çarpyşmalary döretdi. Jemleýji hasap 6:1 türkmenistanlynyň peýdasyna boldy. Tejeniň häzirki üstünligi milli ýygyndy toparymyzyň düzüminde hem-de Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga dalaşgärleriň arasynda özüniň öňdäki ornuny has-da berkitdi. Deslapky ýaryşlardan soň, açylyş dabarasy geçirildi. Tomaşaçylaryň öňünde belarus tans toparlary we aýdymçylary çykyş etdiler. Soňra ýaryşyň guramaçylary gatnaşýan toparlary tanyşdyrdylar: meýdança Döwlet baýdaklarynyň 16-syny, şol sanda Türkmenistanyň Milli tuguny çykardylar. Ýaryşlaryň hormatly myhmanlaryny—üç gezek Olimpiýa çempiony Aleksandr Medwedi tomaşaçylar el çarpyşmalar bilen hormatladylar. Dabaranyň barşynda Belarusyň Prezidentiniň Gutlag sözi okaldy. Dabara tamamlanandan soň, sport meýdançasyna finalçylar çykýar. Olaryň arasynda ildeşlerimiziň hem bäşisi bar. Ýaragsyz özüňi goramagyň söweşjeň görnüşinde çykyş eden Ahmet Taňryberdiýew (57 kilograma çenli) altyn medal gazandy. Onuň garşydaşy—russiýaly Wladimir Ržanow wagtyndan öň asgyn gelip, uly hasap 0:9 bilen ýeňildi. Soňra Lebap welaýatyndan bolan Ruşan Nurjawowa (56 kilograma çenli) uly ýeňiş gazandy. Ol aýgytlaýjy tutluşykda belarus türgeni Kseniýa Danilowiç bilen duşuşyp, wagtyndan öň göreşi tamamlady. Ildeşimiz – Aziýanyň çempiony, talyplaryň arasynda dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi hem-de Rio-de-Žaneýrodaky Olimpiada-2016-a gatnaşyjy garşydaşyndan 10:1 hasaby bilen ynamly üstün çykdy. Söweş sambosynyň ussady, dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň tapgyrlarynyň ençeme gezek ýeňijisi Abdulla Babaýew türkmen toparyna wagtyndan öň ýene-de bir ýeňiş getirdi. 68 kilograma çenli agram derejesinde finalda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ata Adaýewiň şägirdi Ukrainadan bolan Baçuk Bahişwilliniň garşysyna ýiti täsir edýän tilsimi ulanmagy başardy. Türkmenistanyň sportda gazananlaryň üstüne dördünji altyn medaly Tejen Tejenow goşdy. Özi-de final tutlyşygynda ildeşimiz ilkibaşda 0:3 hasabynda utulýardy, şeýle-de bolsa, özüni dürsäp, göreşi 4:3 hasabynda ýeňiş bilen tamamlamagy başardy. 100 kilograma çenli agram derejesinde söweşjeň görnüşiň finalynda türkmen türgeni Çarymyrat Annagurbanow kümüş baýragyň eýesi boldy. Toparymyzyň düzüminde sport görnüşinde Maksudjan Öwlýägulyýew (52 kilogama çenli) hem-de söweşjeň görnüşde Jowlanbek Madaminow (82 kilogarma çenli) bürünç baýraklaryň ikisini eýelediler. Köpsanly janköýerleriň hatarynda Belarusuň dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bolan türkmenistanlylar hem boldy. Ildeşlerimiziň köpüsi daşary ýurda okuwa gitmeginden ozal, sport bilen meşgullanýardylar, ine, bu gün bolsa öz watandaşlaryny goldamaga geldiler. Olaryň bildiren umydy bolsa aňryýany bilen ýerine düşdi! Ertir sambo boýunça “A” derejeli halkara ýaryşynda ýene-de 14 toplum medallar ugrunda güýç synanyşylar. Geçen ýyl Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň adyndan goýlan baýrak ugrundaky ýaryşda türkmenistanlylaryň alty medal – bir altyn, iki kümüş we üç bürünç medal gazandyklaryny ýatladýarys. Özi-de, 68 kilograma çenli agram derejesinde söweş görnüşinde 14 türgeniň arasynda Aşgabatdan iki türgen—netijede hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykan Abdylla Babaýew we Ylýas Mömünow (kümüş medal) finalda duşuşdylar. Häzirki ýaryşlar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň tapgyrlarynyň biridir. Belarusyň açyk çempionatynyň medallary ugrunda halkara derejeli sport ussady, 2016-njy ýylda Rio-de-Janeýroda (Braziliýa) geçen Olimpiada gatnaşyjy Gülbadam Babamyradowa; Inçhondaky (Koreýa Respublikasy) Aziada IV ýeňijisi Nuraly Ýalkabow we beýleki belli türgenler bäsleşerler. Minskidäki ýaryşlaryň netijeleri biziň samboçylarymyzyň Aziada-2017-ä taýýarlyk derejesini kesgitlär. Şoňa görä-de, ýokary ussatlyklaryny nobatdaky gezek görkezmek üçin olaryň ähli ukyp-başarnygyny görkezmegi zerur. 2016-njy ýylyň maýynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilen sambo boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy 66 medal –21 altyn, 26 kümüş we 19 bürünç medallary gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýeländigini ýatlamak ýerlikli bolar. *** Ýakynda Belarusyň uly Milli Olimpiýa komitetinde häzirki ýaryşlara hem-de dünýäde sportuň bu görnüşini has-da ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan metbugat-maslahaty geçirildi. Onda XXI Halkara ýaryşynyň baýraklary görkezildi. Sport synçylarynyň belleýşi ýaly, bu gezek medallar ugrundaky göreş aýratyn şowhunly we dartgynly bolar, çünki her toparyň düzüminde dünýä, Aziýa we Ýewropa ýaryşlarynyň ýeňijileri hem-de baýrak eýeleri bar. Şeýle hem Belarus Respublikasynyň Sambo federasiýasynyň wekilleri özleriniň “Biziň aslymyz sambodan” diýen halkara taslamasynyň tanyşdyrylyşyny geçirdiler. Taslama Ýer ýüzünde göreşiň bu görnüşiniň ösüşiniň taryhy bilen tanyşdyrmaga hem-de ähli ýurtlarda oňa eýerijileriň arasynda dostlukly Internet-gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilendir. Mejlisiň barşynda 2019-njy ýylda Minskide II Ýewropa oýunlarynyň geçiriljekdigi barada habar aýdyldy. Belarusyň we Russiýanyň Sambo federasiýalary sambonyň bu toplumlaýyn ýaryşlaryň maksatnamasyna girizilmegi baradaky teklip bilen çykyş etdiler.