Şeýlelikde, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan möhüm wakanyň bosagasynda dur. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň türkmenistanlylar üçin öz gapylaryny açjak pursadyna çenli bir günden hem az wagt galdy. Türkmenistanlylar özleriniň konstitusion hukugyndan peýdalanyp, Watanymyzyň öňündäki raýatlyk borjuny berjaý edip, döwlet Baştutanyny saýlarlar. Bu gün türkmen halkynyň ykbalynda täze taryhy tapgyry alamatlandyrýan Garaşsyzlyk eýýamynyň ýylýazgysyna beýik waka hökmünde girer. Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlary häzirki döwürde türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmagyň dolanuwsyzlygyny aýdyň görkezýän subutnamalaryň ýene-de birine öwrüler, türkmen jemgyýeti bolsa, açyk, aýanlyk ýagdaýynda we ata Watanymyzyň geljegi üçin belent jogapkärçiligine düşünmek arkaly, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-syndan has mynasyp gören adamy saýlar. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-niň habarçysyna habar berilmegine görä, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň ýanyndaky ähli saýlaw uçastoklary Prezident saýlawlaryny geçirmäge doly taýýar edildi. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky döwürde uly möçberli işler amala aşyryldy, şol işlere ähli derejedäki döwlet düzümleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri goşuldylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek ýurdumyzda saýlawlar boýunça hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugyna degişli kadalara laýyklykda amala aşyryldy. Munuň şeýledigini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem tassyklady. Bu topara Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistanyň Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň milli parlamentleriniň deputatlary, Merkezi saýlaw toparlarynyň başlyklary we agzalary, diplomatik korpusyň wekilleri, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarus we Russiýa Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri wekilçilik edýär. “Saýlaw çäreleri parahat ýagdaýda, açyk bäsdeşlik esasynda, adalatly hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär” diýlip, golaýda merkezi metbugatda çap edilen toparyň aralyk hasabatynda bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň barşyna hem-de geçirilişine syn edýän halkara synçylaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary, Hytaý Halk Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýrany Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň wekilleri hem bar. Saýlawlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de geçirilişiniň ähli tapgyrlary barada jemgyýetçilige giňden habar bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi özüniň tdh.gov.tm portalynda hem-de “Türkmenistan: Altyn asyr” internet serişdesinde ýörite sahypany döretdi. Olarda saýlawlara taýýarlyk boýunça ähli zerur maglumatlary almak mümkin. Mundan başga-da, saýlawlar gününde şu saýtlarda her iki sagatdan, şeýle hem tele we radio ýaýlymlarda saýlawlaryň barşy baradaky habarlar berler. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň ählisinde saýlawlara has-da ykjam taýýarlyk görüldi, olaryň her biri ses bermek üçin niýetlenen we aňyrsy görünýän, şol sanda göçme gutular, saýlaw býulletenleri hem-de zerur maglumatlardan ybarat bolan we usuly edebiýat bilen üpjün edildi. Ses bermek üçin, binalarda ýörite enjamlaşdyrylan kabinalar bar. Her bir saýlaw uçastogy ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi. Uçastok saýlaw toparlary öz borçlarynyň ýerine ýetirilmegine diýseň jogapkärli çemeleşdiler, bularyň düzümine zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri goşuldy. Ýerlerde işjeňleriň tagallasy bilen, ilatyň arasynda giňişleýin düşündiriş işleri geçirildi, munuň özi saýlawçylaryň işjeňliginiň has-da artmagyna degerli ýardam berdi. Galyberse-de, saýlawlaryň geçiriljek gününde haýsydyr bir sebäbe görä ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek adamlara öňünden ses bermäge mümkinçilik döredildi. Olaryň dolduran saýlaw býulletenleri sesleriň sanalyp ugraljak pursadyna çenli möhürlenen ýörite gutularda saklanar. Saýlaw toparlarynyň işinde Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň ynanylan adamlary bilen bagly işlere, şol sanda ilat bilen duşuşyklary guramak we geçirmek boýunça kömek berilmegine aýratyn üns berildi. Döwlet baştutanynyň wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen ähli duşuşyklary taraplaryň ylalaşmagy arkaly bellenilen iş tertibine laýyklykda geçirildi. Bu duşuşyklaryň geçiriljek wagty we ýeri barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen saýlawçylara öňünden habar berildi. Şu ýerde dalaşgärleriň ählisine saýlawlaryň öňüsyrasynda wagyz etmek üçin deň şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek gerek. Ýerlerdäki saýlaw toparlaryna türkmenistanlylardan gelen köp sanly hatlar we telefon arkaly jaň edilmegi raýatlaryň düşünjeliligini, olaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna gös-göni gatnaşmaga isleg bildirýändigini görkezýän subutnama öwrüldi, şolar saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere sowallaryndan, haýyşlaryndan we tekliplerinden ybaratdyr. Raýatlardan gelip gowşan ýüz tutmalaryň ählisi kabul edildi, tertipleşdirildi we Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň garamagyna berildi. Öňümizdäki saýlawlar barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna dünýäniň iri habarlar agentlikleriniň we giň jemgyýetçiligiň uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtamalydyrys. Bilermenleri, syýasatşynaslary we žurnalistleri saýlawlar bilen baglanyşykly ähli meseleler gyzyklandyrýar. Olaryň makalalaryndan we habarlaryndan mälim bolşy ýaly, olar saýlaw möwsüminiň gerimine, onuň işjeňligine we oňyn ýagdaýyna haýran galýarlar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da artdyrmak işinde 2017-nji ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Saýlanjak Prezidentiň üstüne ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de türkmen halkynyň abadançylygyny has-da ýokalandyrmak babatda uly jogapkärçilik ýüklener. Mundan başga-da, şu ýyl döwletimiziň durmuşynda şanly wakalara baý bolar. Olaryň biri-de sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarydyr. Bu oýunlara Aziýanyň ýurtlaryndan başga-da, Okeaniýa döwletleriniň (Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Polineziýanyň we Mikroneziýanyň köpsanly ada döwletleri) wekilleri gatnaşar. Şeýle sport çäresi Türkmenistanda, galyberse-de, tutuş Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýär. Aziada – 2017-ä taýýarlyk görmek çäresi türkmen jemgyýetinde sporta gyzyklanmany has-da artdyrdy. Özi-de, şeýle gyzyklanma diňe ýokary netijeler sportuna däl, eýsem, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagaldyş hereketine ýokarlandy. Ýokary derejede taýýarlanjak we geçiriljek Aziadanyň Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir. Ýöne, onuň ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösmegine kuwwatly itergi berjekdiginiň hem wajypdygyny bellemelidiris. Çünki, onuň esasy wezipeleriniň biri-de sporty giňden wagyz etmekden ybaratdyr. Paýtagtymyzda döredilýän Olimpiýa şäherjigi diňe bir ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen sport desgalaryndan abarat bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň sport abraýynyň bir bölegi bolup durýar hem-de paýtagtymyzyň görküne görk goşup, güýç-kuwwaty, ýeňşe bolan erk-islegi we sagdyn ruhy alamatlandyrýar. Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary Türkmenistanyň şan-şöhratyny has-da artdyrar, halkara teleýaýlymda we internet giňişliginde ýurdumyzy täzeden açar hem-de syýahatçylygyň ösmegine, Türkmenistanyň dünýäniň sport hereketine goşulyşmagyna kuwwatly itergi berer. Ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanylmagy hem şanly waka öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ýokary abraýyna we halkara energetika hyzmatdaşlygyny esasy ugur edinýän oňyn daşary syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrdy. Munuň özi Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň dünýä işewürleriniň we bilermenler bileleşiginiň wekilleriniň arasynda uly seslenme döredýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Şol diplomatiýa bolsa täze we netijeli çözgütleri gözlemekde hemişe işjeň garaýyşlar we uly gyzyklanma bilen tapawutlanýar. Noýabr aýynyň ahyrynda Tokioda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 27-nji mejlisinde bu iri halkara guramasynyň Baş sekretary Urban Rusnak Türkmenistanyň başlyklygynyň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine we tutuşlygyna alnanda energetika howpsuzlygy hem-de durnukly ösüş meseleleri boýunça ählumumy gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny şertlendirjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistan başlyklyk etmeginiň barşynda ileri tutulýan ugurlara esaslanyp, şu meselelere – taýýar önüm almak we ony eksport etmek üçin ýangyç-çig malyny gaýtadan işlemek, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmak, energiýa serişdeleriniň howpsuz-üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek, energiýa netijeliligini we energiýa tygşytlylygy ýokarlandyrmak hem-de energiýany ulanmagyň netijesinde daşky gurşawa täsiri azaltmak, Energetika Hartiýasyna agza ýurtlarda energiýa bolan artýan islegleri kanagatlandyrmak we maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýumlaryny höweslendirmek, Hartiýanyň düzümine täze ýurtlary çekmek meselelerine aýratyn üns berer. Köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek we pugtalandyrmak ugrundaky meýiller häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine mynasyp goşant bolup durýar. Munuň özi dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine wise-başlyklyga, şeýle hem birbada BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň üç toparyna - 2017-2020-njy ýyllar üçin ösüş maksady bilen ylym we tehnika boýunça toparyň, 2016-2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça toparynyň we 2017-2021-nji ýyllarda Durmuş ösüşi toparynyň düzümine saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu möhüm düzümlere agza bolmak Türkmenistana toplanan tejribeleri we ýetilen sepgitleri alyşmak, özüniň parahatçylyk söýüjilik we döredijilik kuwwatlyklaryny BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetilmegine gönükdirmek mümkinçiliklerini berýär. Ýurdumyz BMG-niň netijeli halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak, dünýäniň dürli döwletleriniň we sebitleriniň durnukly ösüş ýagdaýyna ýygjam goşulmagyny, halklaryň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etmek ýörelgelerine gönükdirilen bilelikdäki çözgütleriň kabul edilmegine işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň birnäçesinde we halkara guramalarynda agzalygy dowam eder. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň çäklerinde senagat toplumlarynyň birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär. Eýýäm şu ýyl durmuş, ulag-aragatnaşyk we senagat düzümleriniň iri desgalaryny işe girizmek göz öňünde tutulýar. Düýn, 10-njy fewralda, saýlawlar boýunça hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna degişli çäräniň möhüm ähmiýetli tapgyrlarynyň biri, ýagny wagyz edilýän tapgyr tamamlandy. Ertir, 12-nji fewralda sagat 7-den 19-a çenli ähli saýlaw uçastoklarynda ses berler, onuň barşynda ýurdumyzyň Prezidenti saýlanar. Bu waka Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ýylýazgysyna türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, onuň gadymdan gelýän hem-de milletimiziň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň bähbidine täze taryhy eýýamda dikeldilen demokratik däplerine wepalydygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy hökmünde girer.