Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
Jemgyýet
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
Çap edildi 07.05.2026
1502

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir. Türkmen halky Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Urşuň ilkinji günlerinde türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesi meýletinlik bilen fronta gidip, doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde aldym-berdimli söweşlerde watansöýüjiligiň, edermenligiň belent nusgasyny görkezdi. Edermenligi hem-de gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň köp sanlysy «Gahryman» diýen belent ada mynasyp boldy, müňlerçe esger orden-medallar bilen sylaglandy. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy we türkmen halkynyň Milli Lideriniň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem bolandygyny bellemek gerek. Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly häzirki türkmen ýaşlary üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, belent borja wepalylygyň nusgasyna öwrüldi.

Ýeňşiň gazanylmagynda tylda jan aýaman zähmet çekenleriň gaýratly zähmetiniň ähmiýeti diýseň uludyr. Olar önümçilikde gahrymanlarça işläp, uruşdaky esgerler üçin ýyly eşikleri taýýarladylar, Goranmak gaznasyna şaý-seplerini tabşyrdylar, bugdaý hasylyny soňky dänesine, pagtany soňky übtügine çenli ýygnadylar hem-de raýdaşlygyň, ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Beýik Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesi belent tutulýar. Uruş we zähmet weteranlary Watanymyzy ösdürmäge, ýaş nesilleri watançylygyň, mertligiň belent ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge uly goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, her ýylda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy asylly däbe öwrüldi.

...Dabaranyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna degişli gymmatlyklar, esger hatlarynyň nusgalary, şol döwre degişli dürli serişdeler görkezilýär. Munuň özi häzirki döwürde ýurdumyzda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda görkezen edermenligine, merdana pederlerimiziň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Dabara «Mert ogullar» atly aýdym hem-de Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly teatrlaşdyrylan edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Olarda Watan gahrymanlarynyň edermenligi, halkymyzyň olara goýýan belent sarpasy çeper wasp edildi. Çykyş edenler türkmen ýigitleriniň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny aýratyn nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Adamzada parahatçylyk, asudalyk ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary peşgeş beren weteranlarymyza ýurdumyzda uly hormat goýulýar. Olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, dabara gatnaşyjylar pederlerimiziň sarpalanylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Dabaranyň dowamynda uruş weteranlaryna hem söz berildi. Olar öz çykyşlarynda şol agyr ýyllaryň ýatlamalaryny paýlaşdylar hem-de döwletimiz tarapyndan özleri hakynda edilýän yzygiderli alada üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Dabara gatnaşyjylar 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny, edermenligini we gazanylan Beýik Ýeňşiň taryhy ähmiýetini uly joşgun bilen wasp etdiler. Ýaňlanan aýdymlar dabara gatnaşyjylaryň kalbynda şöhratly pederlerimize bolan çäksiz buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy. Şeýle hem sungat ussatlary ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, jemgyýetimiziň agzybirligini wasp edýän joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Soňra dabaraly ýagdaýda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Umuman, bu çäre Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenliginiň hormatlanylyp, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerine, ýurdumyzda düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow