Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
Teswirlemeler
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
Çap edildi 23.04.2026
39

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli strategiýasy esasynda Garaşsyz Türkmenistan hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda baý milli mirasymyza aýawly garamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Şu ýylyň halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň hormatyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Geçen ýylda hem halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak we giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barlandygyny bellemek gerek. Durmuşa geçirilen işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň täzeden galkynýandygynyň aýdyň mysaly boldy. Türkmen bagşylarynyň köptaraply döredijiligi milli gymmatlyklaryň ulgamynda aýratyn orny eýeleýär. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen, gadymy çeperçilik däplerine daýanýan bu täsin sungat her bir nesliň ýerine ýetirijilik tejribesi bilen has-da kämil görnüşe eýe bolýar. Türkmen bagşy-sazandalarynyň ýokary ussatlygy baradaky deliller orta asyrlarda ýaşap geçen Gündogaryň görnükli şahsyýetleriniň eserlerinde giňişleýin beýan edilýär. Olaryň özboluşly zehin-başarnyklary XIII asyryň ahyrlarynda ýaşan wenesiýaly meşhur jahankeşde Marko Poloda hem çuňňur gyzyklanma döredipdir. Häzirki döwürde ady rowaýata öwrülen dutarçy sazandalaryň ömri-döredijiligine bagyşlanyp dürli edebi eserler, şol sanda kinofilmler döredilýär.

Ýurdumyzda ähli döwürlerde-de bagşylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna aýratyn hormat goýlupdyr. Sebäbi bu sungatda halkyň kalbynyň geçmişe uzaýan sesi we gözellik düşünjeleri jemlenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynyň hem hut şu aýratynlygy açyp görkezmäge bagyşlanandygyny nygtamak gerek. Kitabyň sahypalarynda türkmen aýdym-saz sungatynyň aýratynlyklary, mukamlaryň kompozisiýa gurluşy, milli medeniýetimizi ösdürmekde döredijilik mekdebiniň ähmiýeti giňişleýin şöhlelendirilýär.

Geçen ýylda gadymy sungatyň we ony dowam etdirijileriň arasynda janly arabaglanyşygy has-da berkiden birnäçe çäreler geçirildi. Toplanan tejribeleriň hut halypa-şägirt ýörelgeleri esasynda dowam etdirilmegi milli aýdym-saz sungatynyň özboluşlylygynyň mizemezligini üpjün edýär. 2025-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanyp «Halypalaryň ussatlyk mekdebi» atly maslahat we döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar görnükli sungat ussadynyň ömür ýoly, gaýtalanmajak ýerine ýetirijilik ussatlygy, milli mirasymyzy gorap saklamakda bitiren uly işleri barada çykyş etdiler.

Geçen ýylyň 20-nji fewralynda bolsa meşhur dutarçy sazandalar Amangeldi Gönübegiň, Kel bagşynyň, Mylly Täçmyradowyň döredijilik mirasyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Onuň çäklerinde medeniýeti we sungaty öwreniji alymlar ussatlaryň ömri-döredijiligi barada täsirli gürrüň berdiler. Ýerine ýetirilen nusgawy eserler ruhy däpleriň mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi.

Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijilik mirasy halkymyzyň buýsanjy bolup durýar. Onuň ömür ýoly akademiki opera sungatynyň we milli özboluşlylygyň sazlaşykly nusgasyny özünde jemleýär. Görnükli aýdymçynyň köpöwüşginli aýdym-saz dünýäsi ýurdumyzda häzirki zaman sungat mekdebiniň kemala gelmeginde möhüm binýat bolup hyzmat etdi. Meşhur aýdymçynyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli 23-nji fewralda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň medeniýet merkezinde «Türkmeniň saýrak bilbili» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide arhiw fotosuratlary, seýrek duş gelýän neşirler, saz gurallary arkaly Medeniýet Şahberdiýewanyň ömür ýoly myhmanlara tanyşdyryldy. Bu çärä görnükli medeniýet işgärleriniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň wekilleriniň gatnaşmagy artistiň döredijiligine uly ähmiýet berilýändigini görkezdi. Dabaranyň dowamynda Medeniýet Şahberdiýewanyň dogduk mekanynda aýdymçynyň döredijilik mirasyny ebedileşdirjek muzeýi döretmek hakynda çözgüt kabul edildi. Medeniýet ministrligi tarapyndan berlen çeper portret onuň ilkinji gymmatlygyna öwrüldi.

Aýdym-saz bilimi we maddy däl medeni mirasyň goralyp saklanylmagy ulgamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Mustak Aýmedowyň döredijiligine aýratyn orun degişlidir. Ol bagşyçylyk mekdebiniň ärsary ýolunyň görnükli wekilleriniň biri hökmünde dutarçylyk sungatynyň özboluşly sebit däpleriniň kämilleşdirilmegine goşant goşupdyr. Onuň bagşyçylyk ýoly döwürdeş ussatlaryň, olara eýerýänleriň arasynda aýrylmaz arabaglanyşygy döretmek bilen, halypa-şägirt gatnaşyklarynyň nusgasy bolup hyzmat edýär. 27-nji fewralda Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen mazmunlaýyn maslahatyň dowamynda bagşynyň özboluşly usullarynyň häzirki döwürde-de ähmiýetini ýitirmeýändigi bellenildi. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde konsert guraldy. Maslahata gatnaşyjylar ussadyň saz sungatynda ulanan usullary, zehinli ýaşlary kemala getirmekdäki goşandy barada söhbet etdiler.

Ýurdumyzda halkymyzyň medeni mirasyny tutuş dünýäde wagyz etmek işine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu abraýly düzüm bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk diňe bir ýurdumyzyň gaýtalanmajak medeni gymmatlyklaryny gorap saklamaga däl, eýsem, olaryň dünýäniň ynsanperwer giňişligine sazlaşykly goşulyşmagyna hem ýardam edýär. Bu babatda degişli strategiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde 5-nji martda Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakynda Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we keşbi dünýä saz medeniýetinde» ady bilen ýurdumyzyň ýaş kompozitorlarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralan bäsleşik halkymyzyň edebi mirasyny ösdürmek we kompozitorçylyk babatda täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça işleriň utgaşykly alnyp barylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Bagşyçylyk sungaty milli medeniýetiň binýadyny düzmek bilen, halkymyzyň geçmişiniň, ruhy dünýäsiniň janly şöhlelenmesi bolup durýar. Bu gaýtalanmajak miras halypa-şägirt ýolunyň mizemez mekdebi arkaly geljek nesillere geçirilýär. Şunda ýerine ýetirijiligiň ýokary ussatlygy we saz sungatynyň çuň many-mazmuny halypalardan sazandalaryň täze nesline miras galýar. Şunuň bilen baglylykda, 4-nji aprelde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda meşhur sazanda Pürli Saryýewiň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan “Halypalaryň ussatlyk mekdebi” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

23-nji aprelde paýtagtymyzda “Dessançylyk sungaty — parahatçylygyň ylham çeşmesi” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Ol ýurdumyzyň ähli sebitlerinden meşhur dessançy bagşylary bir ýere jemledi. Onda edilen çykyşlara ugurdaş okuw mekdepleriniň öňdebaryjy mugallymlarydyr hünärmenleri baha berdiler.

22-nji maýda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň halk bagşylary Aşyrmämmet Dawudowyň hem-de Saryhan Sapaýewiň doglan günlerine bagyşlanan «Ýüreklere ýol salan bagşylar» atly döredijilik agşamy geçirildi. Teatryň eýwanynda guralan mazmunlaýyn sergi aýdym-sazyň we saz gurallarynyň baý taryhyny şöhlelendirmek bilen, çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

11-nji iýunda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda «Sarpaly sungatyň ussatlary halkyň hakydasynda» atly maslahat geçirildi. Pendi ýaýlasynyň sungatdaky görnükli wekilleri bolan Nobat bagşynyň we Ödenyýaz Nobatowyň doglan günlerine bagyşlanan çäre medeniýet işgärlerini, ÝUNESKO-nyň bilermenlerini, bagşyçylyk sungatynyň salyr-saryk mekdebini dowam etdirijileri bir ýere jemledi. Gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hem-de mowzuklaýyn surat sergisinde ady agzalan bagşylaryň milli saz sungatyny ösdürmäge goşan goşantlary barada gürrüň edildi.

26-njy iýunda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Gökdepe etrabyndaky medeniýet öýünde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Dutar ýasamak däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýän çäre onuň esasyny düzdi. Tejribeli dutar ýasaýjy ussalar öz şägirtleri bilen bilelikde bu saz guralyny ýasamagyň gadymy däpleri bilen tanyşdyrdylar. Olaryň käbirine “Çeper döredijiligiň halk ussasy” diýen şahadatnamalary we ýadygärlik sowgatlary gowşurmak dabarasynyň geçirilmegi täsin senedi gorap saklamaga goşant goşýan raýatlarymyzyň döwletimiz tarapyndan çuňňur sarpalanýandygynyň güwäsi boldy.

6-njy awgustda Wekilbazar etrabynda ussat tüýdükçi Ýazmuhammet Kösäniň hem-de Türkmenistanyň halk artisti Baky Maşakowyň hormatyna bagyşlanyp geçirilen dabara tomusky medeni çäreleriň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň güýz möwsümindäki işleri milli mirasymyzy wagyz etmek we çuňňur öwrenmek, halkara medeni giňişlikde Watanymyzyň eýeleýän ornuny has-da berkitmek ýaly möhüm wezipeler bilen utgaşdy. ÝUNESKO-nyň sebit başlangyçlarynyň çäklerinde halk döredijiliginiň hemmetaraplaýyn öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Munuň özi baý mirasymyzy goramagyň milli usullaryny ulgamlaşdyrmaga şert döretdi. Bu ugur 5-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynda geçirilen “Görogly” eposy ussat dessançylaryň aýdym-saz hazynasynda” atly maslahatyň dowamynda amaly häsiýete eýe boldy. Geçirilen ylmy-amaly maslahat we konsert Pälwan bagşynyň hem-de Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Palta Garaýewiň, Sülgün Meretgeldiýewanyň döredijilik mirasyna bagyşlandy.

Geçen ýylyň sentýabr we oktýabr aýlary ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebit edarasy bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleriň işjeň geçirilen döwri boldy. «Merkezi Aziýada mirasyň ýaşaýşyny goramak mümkinçiligini güýçlendirmek» atly taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ugurdaş düzümleriň wekilleri sanly ulgam arkaly okuw maslahatyna gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň 15-nji sentýabrda geçirilen giriş, 29-njy oktýabrdaky ýapylyş sessiýalary maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň çäklerinde ýurdumyzyň milli maksatnamalaryny umumysebit çäginde utgaşdyrmaga şert döretdi.

Maddy däl medeni mirasyň halkara gününiň bellenilmegi möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Şu mynasybetli 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde «Maddy däl medeni mirasy öwrenmegiň milli tejribesi» atly döredijilik duşuşygy guraldy. Halyçylyk, zergärçilik, keramika sungatynyň gaýtalanmajak nusgalarynyň sergisi ussatlyk sapaklary bilen utgaşdy. Olarda halk senetçiliginiň usullary öz beýanyny tapdy.

Häzirki zaman aýdym-saz öwreniş ylmynda meşhur alym Wiktor Uspenskiniň mirasyna uly ähmiýet berilýär. Onuň türkmen topragynda bolmagynyň dowamynda ýazan işleri türkmen halk döredijiliginiň çylşyrymly nusgalaryny nota ýazgylaryndan ilkinji gezek beýan etmäge şert döredipdir. Onuň ylmy gözlegleri, halk bagşylaryna we sazandalaryna goýýan sarpasy milli kompozitorçylyk mekdebiniň kemala gelmeginde wajyp binýat bolupdyr. Şunuň bilen baglylykda, 19-njy noýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda meşhur saz öwreniji alymyň türkmen topragyna amala aşyran syýahatynyň ýubileý senesine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi. Çäräniň dowamynda öňdebaryjy bilermenler, ylym-bilim edaralarynyň wekilleri, talyplar Wiktor Uspenskiniň “Türkmen sazy” atly eseriniň ähmiýetine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, ýüz ýyl mundan ozal toplanan audioýazgylar, arhiw maglumatlary ussat sazandalar hem-de saz öwrenijiler üçin gymmatly mirasdyr. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlaryň ýaňlanmagy geçen asyryň başynda görnükli alym tarapyndan toplanan saz nusgalarynyň esasynda milli saz medeniýetimiziň dowamata atarylýandygynyň aýdyň nyşany boldy.

3-nji dekabrda geçirilen «Türkmenistan — ÝUNESKO: parahatçylygyň bähbidine medeni hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat ugurdaş düzüm tarapyndan ýylyň dowamynda guralan çäreleriň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen maslahat ylym-bilim ulgamynyň işgärleriniň we bilermenler jemgyýetiniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin amatly meýdança bolup hyzmat etdi. Pikir alyşmalarda türkmen medeniýetini ählumumy ynsanperwer giňişlige çykarmagyň möhüm ugurlaryna üns berildi. Maslahatyň maksatnamasynyň çäklerinde mowzuklaýyn sergi guralyp, “Dünýä nusgalyk miras” atly telegepleşik ýazgy edildi.

Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan birnäçe möhüm taslamalar amala aşyryldy. Milli saz sungatynyň ägirtleri hasaplanýan Sahy Jepbarowyň, Pürli Saryýewiň we Nobat bagşynyň döredijiligine bagyşlanan kitaplar çapa taýýarlanyldy. Bu işler sungaty öwreniş ylmynda mundan beýläk-de gözlegleri alyp barmak üçin usulyýet binýadyny emele getirýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetine goşulmagy bilen bagly geçirilen işleriň çäklerinde iňlis dilinde «Intangible Cultural Heritage of Turkmenistan» atly kitapça taýýarlanyldy. Neşir janly mirasy gorap saklamak boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşyjy hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny tassyklaýan gollanma bolup durýar.

Üç dilde “Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasy” atly milli gymmatlyklaryň katalogyny taýýarlamak işleri tamamlandy. Ol milli aýdym-saz däplerini ulgamlaşdyrmak bilen, giň diňleýjiler köpçüligine elýeterliligi üpjün edýär. Milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny açyp görkezýän seljerme makalalarynyň 10-syny özünde jemleýän “Türki halklaryň medeni mirasynyň katalogy” atly köptaraply taslama türki döwletler bilen bilelikde üstünlikli ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Häzirki wagtda “Sallançagy taýýarlamak tejribesi we sallançagyň başynda hüwdi aýtmak sungaty”, “Türkmenistanyň endemik otlary we halk tebipçiligi”, “Tahýany taýýarlamagyň sungaty” we “Alpamyş» dessany” atly hödürnamalaryň resminamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Ähli welaýatlaryň dessançy bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde “Alpamyş” dessanynyň wideoýazgylary taýýarlanylyp, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatyna tabşyryldy. Munuň özi täze hödürnamanyň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.

Medeniýet ulgamynda döwlet syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek işleri ugurdaş köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk arkaly yzygiderli goldanylýar. “Miras” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlyk halk döredijiliginiň ähmiýetli ugurlary barada gepleşikleriň toplumyny taýýarlamaga şert döretdi. Nowruz baýramyna, halyçylyk we dessançylyk sungatyna bagyşlanan gepleşikler ýaş nesillerde milli mirasymyza buýsanjy artdyrmakda, bu gymmatlyklary wagyz etmekde ähmiýetli boldy.

Beýan edilenleri jemläp, geçen ýylda durmuşa geçirilen işleriň toplumynyň diňe bir gadymy gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagyny däl, eýsem, olaryň häzirki zaman jemgyýetçilik durmuşynda işjeň ulanylmagyny hem üpjün edendigini bellemek gerek. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna ruhy döredijiligiň dabaralanmasy bolup giren 2025-nji ýyl sazlaşykly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan, ägirt uly medeni mümkinçilikli ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýäde eýeleýän möhüm ähmiýetli ornuny ähli aýdyňlygy bilen tassyklady.

Soňky habarlar
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow