Baş sahypa
\
Sport
\
«Aşgabat-2017» meýletinçiler maksatnamasy badalga aldy
Sport
«Aşgabat-2017» meýletinçiler maksatnamasy badalga aldy
Çap edildi 09.02.2017
2905

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň meýletin ýardamçylarynyň işiniň başlanmagy mynasybetli çäre geçirildi. Maksatnama laýyklykda 9-njy fewraldan 10-njy marta çenli aralykda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň meýletinçilerini bellige almak çäresi geçiriler. Ähli okuw mekdepleriniň talyplary öňde boljak Oýunlaryň meýletinçileriniň hataryna girmek üçin elektron belgisine öz resminamalaryny gowşuryp bilerler. Dabarada şunuň ýaly iri möçberli çäreleriň geçirilmeginde meýletinçileriň işiniň ähmiýeti bellenildi, Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäräniň ähmiýeti bellenildi. Habar berlişi ýaly, Aziada meýletinçileri seçip almak üçin bäsleşikler we synaglar geçirildi. Geljekki meýletinçiler üçin dürli daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça okuwlar guraldy. Olara iş ýüzünde tejribeleri özleşdirmäge türkmen paýtagtynda geçirilen halkara ýaryşlary, şeýle hem Russiýada, Hytaýda, Koreýa Respublikasynda, Azerbaýjanda geçirilen iri sport bäsleşikleri ýardam berdi. Britaniýanyň “Trivandi Сhanzo Limited” kompaniýasynyň baş direktory Mik Raýt Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziada-2017 taýýarlyk görmek işlerine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Ol şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 19-sy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi. Jenap Raýtyň aýtmagyna görä, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin degişli okuw maksatnamalaryny geçip, ýörite bilim alan meýletinçileriň 10 müňüsi zerur bolar. Şu günki geçirilen çäre şeýle hem Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýanyndaky meýletinçiler merkezleriniň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýaş artistleriň, “Galkynyş” akrobatika toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly we tans çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çykyşlary Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine Ýetiriji komiteti guradylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow