Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty
Jemgyýet
Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty
Çap edildi 28.03.2026
51

Şu gün Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine degişli düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler girizildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly üstünler gazanylýar. Döwlet düzümleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen hukuk özgertmeleri ýurdumyzyň içerki syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Şunda kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onuň işine sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglere laýyklykda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda häzirki wagtda adamyň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilip, her bir raýatyň mynasyp ýaşamagy üçin amatly şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, adyl kazyýeti üpjün etmek, türkmenistanlylaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak kazyýet edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işler ilkinji nobatda, kanunylyga we adalatlylyga eýermäge, hukuk tertibini üpjün etmäge, hukuk bozulmalarynyň sebäplerini we onda ýüze çykýan meseleleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini seljermek maslahatda garalan esasy meseleleriň biri boldy. Bellenilişi ýaly, bu resminamada bellenilen işleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kazyýet işiniň ýörelgeleri kämilleşdirilip, adyl kazyýetiň ygtybarly açyk we aýdyňlyk derejesi, kabul edilýän kazyýet çözgütleriniň milli kanunçylyga hem-de umumy ykrar edilen halkara hukugyna laýyklygy üpjün edilýär.

Maslahatyň dowamynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iň göreldeli kazyýeti” atly bäsleşiginiň jemleri mälim edildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň kazyýetleriniň arasynda “Iň göreldeli kazyýet” we birinji basgançakly kazyýetleriň kazylarynyň arasynda “Iň göreldeli kazy”atly bäsleşikleri yglan etmek meselesine seredildi.

Maslahatyň gün tertibine şeýle hem kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna degişli meseleler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen, degişli hukuk resminamalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Çykyşlarda 2025-nji ýylda “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, ýörite usuly gollanmalary taýýarlamagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň garamagyna kazyýetleriň kazylarynyň we işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselesi hem girizildi. Bu wezipe degişli düzümleriň işinde möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyryklaryndan ugur alyp, kazyýet edaralarynyň öňünde durýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilişini üpjün etmek maksady bilen, anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu işe öňdebaryjy tejribäni, häzirki zaman usullary girizmegiň hem-de ýörite okuwlary guramagyň möhümdigi bellenildi.

2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly wezipeler, Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň täze beýany ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Maslahatyň jemleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda ýygnananlar netijeli işlemek üçin döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler hem-de Watanymyza we mähriban halkymyza mynasyp gulluk edip, berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň we häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň goragynda sak durup, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli bilimlerini we gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
28.03
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
28.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş sapary
28.03
Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty
27.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşyjylara
27.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
27.03
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýoly bilen
26.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow