Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri da­ba­ra­lan­dy­ryp
Jemgyýet
Yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri da­ba­ra­lan­dy­ryp
Çap edildi 26.03.2026
1264

Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky “Ar­ça­bil” myh­man­ha­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. “Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny” ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­la­ry­nyň ma­ny-maz­mun taý­dan baý­laş­ma­gy­ny şert­len­di­ren bu çä­re yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­riň dün­ýä­dä­ki äh­mi­ýe­ti­niň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­di.

Hal­ka­ra mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýe­ti­niň (TGÝMJ), Hal­ka­ra Gy­zyl Haç Ko­mi­te­ti­niň we Gy­zyl Haç hem-de Gy­zyl Ýa­ry­maý jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, dür­li ýurt­la­ryň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýet­le­ri­niň we­kil­le­ri san­ly ul­gam ar­ka­ly gat­naş­dy­lar. Fo­rum­da hä­zir­ki dö­wür­de mö­hüm hä­si­ýe­te eýe bol­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­riň ma­ny-maz­mu­ny ba­ra­da gür­rüň edil­di.

Çä­re­de dün­ýä ýurt­la­ry­nyň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýet­le­ri, Hal­ka­ra Gy­zyl Haç Ko­mi­te­ti­niň we Gy­zyl Haç hem-de Gy­zyl Ýa­ry­maý jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu gu­ra­ma­lar bi­len al­nyp ba­ryl­ýan bi­le­lik­dä­ki iş­ler Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýe­ti­niň iş­gär­le­ri­niň we meý­le­tin­çi­le­ri­niň bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga şert dö­red­ýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň çö­zül­me­gi­ne, şol san­da yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­riň­dir gym­mat­lyk­la­ryň ber­ka­rar edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Çy­kyş­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, TGÝMJ-niň alyp bar­ýan iş­le­ri Gy­zyl Haç we Gy­zyl Ýa­ry­maý jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň yn­san­per­wer­lik, özyg­ty­ýar­ly­lyk, meý­le­tin­lik ýa­ly esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Bu bol­sa ka­bul edi­len çöz­güt­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ma­gy ug­run­da­ky bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.

Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni öz içi­ne alan çä­rä­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Şeý­le-de olar me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ma­gy ug­run­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow