Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 19.03.2026
663

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi ruhy kämilligiň, ahlak tämizliginiň we haýyr-sahawatyň baýramy bolan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Mübärek Oraza aýynda eden tagat-ybadatlaryňyz, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna eden arzuw-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, döwletimiz bedew bady bilen ösüşleriň täze sepgitlerine tarap ynamly gadam urýar. Bu ruhy galkynyş jemgyýetde sazlaşygyň üpjün edilmegine, her bir günüň, aýyň, ýylyň täze üstünliklere beslenmegine esas bolup, halkymyzyň belent maksatlaryň aýdyň ýolundan öňe gitmegine itergi berýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bagtyýar durmuşymyza çäksiz buýsanyp ýaşaýan agzybir türkmen halky mukaddes Oraza aýynda agyz bekläp, ýagşy doga-dilegler edip, kalbyny päkleýär we Siziň sahawatly Permanyňyz bilen bellenilýän mübärek Oraza baýramyny egsilmez ruhy joşgun bilen garşylaýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda umumadamzat gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýan döwürde halkymyzyň gadymdan gelýän medeni mirasy, milli däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Munuň şeýledigi mukaddes Remezan aýynyň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylanylmagynyň mysalynda hem aýdyň görünýär. Ildeşlerimiz ynsanperwerlige, ýagşylyga ýugrulan mübärek aýyň dowamynda agyz beklemek bilen, oňa mahsus bolan dessurlary berjaý edýärler. Bereketli toý saçaklary giňden ýazylyp, naz-nygmatlar taýýarlanylýar, eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi, ýurt abadançylygy üçin doga-dilegler edilýär. Munuň özi türkmen halkynyň beýik geçmişine hormat goýmak, belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryna yzygiderli eýermek bilen, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly umumadamzat ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygyny, halkymyzyň milli jebisliginiň has-da pugtalanýandygyny alamatlandyrýar.

Müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen milli medeniýetimiz, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, sahylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk ýaly ýörelgeler jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edip, halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň tagallalaryňyz bilen raýatlarymyza milli däp-dessurlary, tagat-ybadatlary berjaý etmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň çar künjegindäki metjitlerde mukaddes Oraza aýynda azan sesi ýaňlanyp, il-ulsumyzy halallyga, ybadata, ynsanperwerlige çagyrýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip wasp edýän mukaddes aýynda halkymyza mahsus bolan haýyr-sahawatlylyk, rehim-şepagatlylyk ýörelgeleri has-da dabaralanýar. Remezan aýynyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli paýtagtymyzda we Diýarymyzyň sebitlerinde gurlan metjitlerde berlen agzaçar sadakalarynda, okalan aýat-töwirlerde, tarawa we baýram namazlarynda pederlerimizden miras galan gymmatlyklarymyzyň mertebesini has-da beýgeldýän, hormatly Prezidentimiz, Siziň adyňyza ýagşy doga-dilegler, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň agzybirligi, jebisligi üçin ýagşy arzuwlar edilýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, ruhy päkligi dabaralandyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, döwletimizi ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barmakda durmuşa geçirýän işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Goý, Oraza aýynda röwşen geljegiň hatyrasyna ediljek ýagşy arzuw-niýetler, doga-dilegler Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
top-arrow