Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 20.03.2026
1184

Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň ahlak we ruhy tämizligini dünýä ýaýýan iň gadymy baýramlaryň biri bolan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Oraza baýramyna bagyşlanan baý mazmunly çäreleriň eziz Watanymyzyň äleme ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterjekdigine berk ynanýaryn.

Asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip we nesilden-nesle geçirilip gelinýän Oraza baýramy ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrýar. Bu baýramyň ägirt uly ähmiýeti biziň günlerimizde has aýdyň duýulýar. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Halkymyzy döredijilikli işlere, täze üstünliklere ruhlandyrmakda, aýratyn-da, ýaşlarymyzda geçmişimize beýik buýsanjy, asylly häsiýetleri terbiýelemekde Oraza baýramy mynasyp orny eýeleýär.

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy giňden bellenilýän ýylda-da beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýynda parz hem-de wajyp ýörelgelerden ugur alnyp, agyz beklendi, tarawa namazlary okalyp, il-ýurduň asudalygy, abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin doga-dilegler edildi. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, döwrebap sanly tehnologiýalaryň, ekologik abadançylygyň we milli binagärligiň däpleri sazlaşykly utgaşýan ajaýyp Arkadag şäherinde, bagtyýar durmuş gaýnap joşýan şäherlerimizde hem-de obalarymyzda Oraza baýramy ruhubelentlikde giňden garşy alynýar. Merdana ata-babalarymyzdan gelýän we häzirki eýýamyň ruhy bilen sazlaşýan asylly ýörelgelerimize eýerilip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy üçin doga-dilegler edilýär. Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda watansöýüjiligimiziň we ynsanperwerligimiziň, döwletliligimiziň, berkararlygymyzyň binýady bolan milli ýörelgelerimiziň, toýdur baýramlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilip, jemgyýetimiziň has-da jebisleşýändigini hem-de galkynýandygyny tassyklaýar.

Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk däplerimizi mynasyp dowam etdirip, milli we dünýä bileleşiginiň bähbitlerine laýyk gelýän syýasaty alyp barýarys. Bularyň ählisi eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň, mähriban halkymyzyň, tutuş adamzadyň bagtyýarlygynyň, dünýäniň parahatçylygynyň hatyrasyna milli we umumadamzat gymmatlyklaryna, ynsanperwer däplere esaslanýan işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Oraza baýramy hem parahatçylygyň, abadançylygyň pugtalandyrylmagyna, halklaryň has-da ýakynlaşmagyna, berkarar Watanymyzyň kuwwatlanmagyna, milli ýörelgelerimiziň dabaralanmagyna goşant goşýar.

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, bagtyýarlyk, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, beren agzaçar sadakalaryňyz, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň berkararlygy, agzybirligimiz hem-de abadançylygymyz üçin eden doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
top-arrow