Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!
Çap edildi 19.03.2026
44

Şu gün — 19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyz tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda giň bäsdeşlik esasynda, milli saýlaw kanunçylygy we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilen Prezident saýlawlary ýurdumyzyň demokratik özgertmeleriň ýolunda ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. Türkmenistanyň raýatlary Gahryman Arkadagymyzyň täzeçil, döredijilikli pikirlenýän, ýokary bilimli we giň dünýägaraýyşly, Watanymyzyň ykbaly üçin jogapkärçilik çekmäge ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek başlangyjyny uly höwes bilen goldadylar. Şeýlelikde, dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň sesleriň köplügini gazanmagy bilen tamamlanan möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, döwürleriň hem-de nesilleriň arasyndaky üznüksiz baglanyşygy aýdyň görkezýän döwlet ähmiýetli waka öwrüldi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 68-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr. Ol döwlet Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, çäk bitewüliginiň, Konstitusiýany, adamyň, raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmegiň hem-de halkara borçnamalary ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde wezipä girişmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda halkymyzyň ägirt uly ynam bildirendigini, munuň bolsa watandaşlarymyzyň abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi hem-de berkemegi üçin has yhlasly zähmet çekmäge borçlandyrýandygyny nygtady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde has belent maksatlar goýuldy. Şolaryň esasysy mähriban Watanymyzyň asudalygyny, howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde goýlan maksatlary üstünlikli amala aşyrmakda, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilen «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelge durmuş ugurly döwlet syýasatynyň many-mazmunyny kesgitledi. Mälim bolşy ýaly, öňde goýlan giň gerimli maksatlara ýetmegiň ýoly Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda işlenip düzülen we kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri Milli Liderimiziň ady we durmuşa geçiren beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Garaşsyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli dowam etdirip, parahatçylyk döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny bütin dünýä äşgär edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürlen, häzirki döwrüň meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlar dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, özara düşünişmegi, dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklary, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýurdumyzyň goşýan goşandydyr. Dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylan bu başlangyçlaryň arasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn bellärliklidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň neşir edilmegi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna watandaşlarymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Döwlet Baştutanymyz: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde hem ösdürmegi maksat edinýäris» diýip nygtaýar. Soňky ýyllarda geçirilen giň möçberli çäreler, iri halkara forumlar, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, tanymal syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri bilen geçiren onlarça duşuşyklarydyr gepleşikleri bu sözleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini subut edýär.

Islendik döwletiň daşary we içeri syýasaty özara baglanyşyklydyr hem-de ýurduň durnukly, hemmetaraplaýyn ösüşi, bar bolan syýasy, ykdysady, serişde, adam mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, onuň binýatlyk pudaklarynyň çalt depginde ösdürilmegine, ykdysadyýeti dolandyryş mehanizmleriniň kämilleşdirilmegine, durmuşyň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna uly üns berýär. Bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny kemala getirmekde hususy pudagy höweslendirmek we goldamak möhüm ähmiýete eýedir. Telekeçiler dürli pudaklarda üstünlikli iş alyp baryp, ýurdumyzyň kuwwatly döwlete öwrülmegine goşant goşýan taslamalara işjeň gatnaşýarlar.

Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň iň çetki künjekleri hem tanalmaz derejede özgerýär, senagat, medeni-durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat toplumlaryny, ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýumlar uzak möhletli ykdysady ösüşiň, halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň esasy şerti bolup durýar. Döwletimiz tarapyndan her ýyl suw, tebigy gaz we elektrik üpjünçiligi ulgamlarynyň çekilmegi, suw arassalaýjy desgalaryň, häzirki döwrüň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň gurluşygy üçin uly möçberde serişdeler bölünip berilýär.

Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Şoňa görä, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, öndürijilikli iş üçin zerur bolan ähli şertleri üpjün etmek, daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Munuň özi oba hojalyk önümleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilmegine, gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilmegine gönüden-göni ýardam edýär. Her ýyl halkara standartlara laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri öndürýän döwrebap önümçilik desgalary gurulýar hem-de önümleriň eksportynyň möçberi yzygiderli artýar. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi, senagatyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän täze kärhanalaryň döredilmegi, halkara we sebit ähmiýetli iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijeliligini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz 13-nji fewralda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny we kesgitlenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini belledi. “Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda ol senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 7 göterim boldy. Maýa goýumlar 6 göterim artdy” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 116 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bularyň ählisi gazanylýan üstünlikleriň durmuş ugruna gönükdirilendigini tassyklaýar. Olar ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, hukuk kepillikleriniň berkidilmegini, döredijilik bilen meşgullanmak, adamlaryň zehinini ýüze çykarmak üçin mümkinçilikleriň döredilmegini öz içine alýar.

Ösüş üçin täze mümkinçilikleri açmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny we onuň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler halkymyzyň bagtyýar geljegi hakyndaky aladalar bilen sazlaşykly utgaşýar. Milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň, dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegi bilen bir hatarda, umumy ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edilen intellektual ulgama — bilime hem-de ylma uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýokary bilimli, aň we beden taýdan ösen, Watanymyza wepaly ýaş nesilleri kemala getirmek döwletimizi ösdürmegiň strategik wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, şahsyýet hökmünde kämilleşmegi, olaryň intellektual, döredijilik ukyplaryny doly durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar, ulgamyň kanunçylyk-hukuk, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Sanly bilimi ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa okatmagyň interaktiw we uzak aralykdan bilim bermek usullaryny ornaşdyrmak hem-de işjeň ulanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga, ýokary okuw mekdeplerini döwrebaplaşdyrmaga, tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlaryny açmak meýilleşdirilýär.

Saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlary durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölekleri hökmünde çykyş edýär. Bu ugurlar raýatlaryň beden we ruhy taýdan kämilleşmegine gönüden-göni täsir edýär. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde halkymyzyň saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa merkezi, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi açylyp ulanmaga berler. «Arçman» şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar.

Halkyň saglygyny berkitmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda iri sport desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslaryny berkitmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Gahryman Arkadagymyz hem, hormatly Prezidentimiz hem sport bilen yzygiderli meşgullanyp, Bütindünýä saglyk gününe we Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilýän her ýylky köpçülikleýin çärelere gatnaşyp, watandaşlarymyza nusgalyk görelde görkezýärler.

Döwlet derejesinde ekologik abadançylygy üpjün etmäge, geljek nesiller üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, olaryň biologik dürlüligini baýlaşdyrmaga, tebigy baýlyklary netijeli ulanmaga, bereketli topragymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.

Ruhy gymmatlyklarymyza, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna goýulýan sarpa ýurdumyzda syýasy we durmuş taýdan durnuklylygyň, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň möhüm şerti bolup durýar. Şolaryň hatarynda eneligi we çagalygy goramak baradaky hemmetaraplaýyn aladany, köp çagaly maşgalalara berilýän goldawlary bellemek bolar. Berkarar Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmekde enelerimiziň bitirýän ägirt uly hyzmatlaryny nazara almak bilen, şu ýylyň martynyň başynda hormatly Prezidentimiz köp sanly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Asylly däbe görä, Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdirýän eneleri sylaglamak we köp çagaly maşgalalara amatly ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.

Türkmen halkynyň umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine goşan uly goşandyny göz öňünde tutup, milli medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, özboluşly milli mirasymyzy çuňňur öwrenmek, gorap saklamak hem-de wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak we öwrenmek, olary dikeltmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolup durýar. Bu düzüm bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir. Ýola goýlan oňyn dialogyň netijesinde bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi. Şunlukda, 2023-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, 2025-nji ýylda bolsa ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Häzirki wagtda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, onuň bilim edaralaryny bolsa bu düzümiň Assosirlenen mekdepleriniň toruna goşmak boýunça işler alnyp barylýar. Munuň özi şähergurluşyk ulgamynda tejribe alyşmaga, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň dünýäniň şähergurluşyk ulgamynda uly ykrarnama eýe bolandygyny bellemek gerek. Kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu şäher häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän bu şäher döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň we gaýtalanmajak binagärlik çözgütleriniň sazlaşygyna eýe bolmak bilen, innowasion şähergurluşygyň nusgasy hökmünde ykrar edildi. Häzirki wagtda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bu giň gerimli taslamanyň ikinji tapgyry batly depginde durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyz tarapyndan hödürlenip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryň sany yzygiderli artýar. Hususan-da, bu abraýly sanawa ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungatynyň girizilmegi milli medeni gymmatlyklarymyzyň ählumumy derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Soňky ýyllarda milli baýlygymyz hem-de köpasyrlyk halk seçgiçiliginiň miwesi bolan ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen atlandyrylmagy hem ata-babalarymyzyň mirasyna aýratyn sarpa goýulýandygynyň beýanyna öwrülip, ildeşlerimizi Watanymyzyň abadançylygy ugrunda tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde öňde goýlan belent maksatlaryň ählisine üstünlikli ýetiler diýip ynam bilen aýdyp bileris. Köpýyllyk tejribäniň görkezişi ýaly, öz maksatlaryna ýetmekde agzybirlikde hereket edýän türkmen halky häzirki we geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň bähbidine giň möçberli meýilnamalary durmuşa geçirmäge ukyplydyr.

Soňky habarlar
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!
18.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
18.03
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy
18.03
Gahryman Arkadagymyz «CNPC-niň» ýolbaşçysy bilen duşuşdy
18.03
Geljege maýa goýumlar: strategik ösüşiň täze ugry
17.03
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlarynyň sergisi geçirilýär
17.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary başlandy
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.03
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow