Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda açyklyk, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen günüňiz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermek ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiz hemişe rowaçlyklara beslensin!
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň başlangyjyňyz bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi bellenilýän 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň taryhy köklerine ygrarlydygyny, döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny alamatlandyryp, täze eýýamyň aýdyň hakykatyny şöhlelendirýär. Bu bolsa ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ähli ugurlarda bedew batly ösüşleriň gazanylýandygyny görkezýär.
Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar döreýär, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, saglygy goraýyş merkezleri, iri senagat kärhanalary gurulýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany bolan taryhy ähmiýetli işler paýtagtymyzyň we welaýatlaryň barha özgermegine oňyn täsir etmek bilen, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýar.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Sebitde deňi-taýy bolmadyk, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy Diýarymyzda durmuşa geçirilýän durmuş ugurly özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty Aşgabat hem sebitde we dünýäde oňaýly ýaşaýşy, durmuşyň ýokary derejelerini, adamlaryň öndürijilikli zähmetini, göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şäherleriň hataryna goşuldy.
Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyz öňüni alyş diplomatiýasynyň, parlament, ykdysady, energetika, ulag, ylym-bilim, ynsanperwer, medeni, lukmançylyk, ekologiýa, suw we sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak bilen bagly başlangyçlary öňe sürýär. Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, özara düşünişmegi, dostluk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge möhüm goşant goşýar. Siziň belleýşiňiz ýaly, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, Watanymyzyň şu güni hem-de geljegi üçin jogapkärçiligi, bilelikdäki tutanýerli işler täze ajaýyp üstünliklerimiz, zähmet ýeňişlerimiz üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň başda durmagyňyzda eziz Watanymyz parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýar. 2022-nji ýylyň martynda aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlary türkmenistanlylaryň döwletimiziň ykbaly üçin ýokary jogapkärçiligine düşünýändigini, jemgyýetimizde gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu möhüm waka Garaşsyz Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynyň ýyl ýazgysyna ägirt uly üstünliklere beslenen täze tapgyryň başlangyjy hökmünde ýazyldy. Bu günki gün Türkmenistan saýlap alan oňyn döwlet syýasatyna üýtgewsiz eýermek bilen, durmuşyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýar. Siziň nygtaýşyňyz ýaly, biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň netijesidir. Siziň ýadawsyz, yhlasly we tutanýerli iş alyp barmakda görkezýän nusgalyk göreldäňizden ruhlanýan watandaşlarymyz agzybirlikde, jebislikde döredijilikli zähmet çekýärler, amala aşyrylýan düýpli özgertmelere gönüden-göni dahyllydyklaryny duýup, ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişen günüňiz mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, mertebäňiziň belent bolmagyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi, şan-şöhratynyň arşa göterilmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli tutumlaryňyzyň has-da rowaçlanmagyny arzuw edýärin.
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.