Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 06.03.2026
77

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Jenaýat we Jenaýat iş ýörediş kodekslerine, “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda”, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna we başga-da birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär.

Welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, saýlaw toparlaryna bu syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýetini we saýlaw kanunçylygyny düşündirmekde guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berilýär.

Çad Respublikasynyň we Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 5-si geçirildi. Mejlisiň deputatlarydyr hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 14-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 3-si amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,9 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,5 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň iki aýynda jemi öndürilen önüm 10,3 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 0,8 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,1 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin netijeli işleri alyp barmagyň, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamagyň, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlary boýunça durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterime deň boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 122,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 106,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,7 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 119,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,7 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy, gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň täze gorlaryny gözläp tapmak üçin netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 109,3 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 134,6 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 109,2 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 100,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 107,2 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralma we gök ekinleri ekmek, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy we köşek almak möwsümine guramaçylykly girişildi. Şeýle hem welaýatlarda suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen bagly agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy almak möwsümini talabalaýyk geçirmegi, ýazky bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 129,7 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 122,3 göterim, Energetika ministrligi boýunça 109,4 göterim boldy. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,6 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 158 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 119,4 göterim amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat pudaklaryny ösdürmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň, binagärlik, taslama we gurluşyk babatda bellenen kadalaryň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmegiň, himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegi üçin geçirilýän işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi, awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmegi, şu ýyl ýurdumyzda ulanmaga beriljek binalardyr desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,7 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,5 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,7 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 100 göterim, nah matalaryňkyda 100,1 göterim, gön önümleriniňkide 103,7 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 50 birža söwdasy geçirilip, olarda 4 müň 876 şertnama hasaba alyndy.

2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 128,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe bir sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,3 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatyny doly peýdalanmagyň, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. “Dokma senagaty kärhanalarynda ýokary hilli önümleri öndürmek işine üns bermek, hususy pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, belli seneler mynasybetli dürli medeni çäreler hem-de dabaralar geçirildi. Kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde kino görkezilişleri, konsertler geçirilip, kitaphanalarda, muzeýlerde, taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda medeni hyzmatlar hödürlenildi.

“Bedew bady: güýç hem gözellik” atly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döwletara telewizion filmleriniň bäsleşigi yglan edildi. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky medeniýet ojaklarynda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan birnäçe çäreler we dabaralar, şol sanda Garaşsyzlyk ýyllarynda surata düşürilen filmleriň hepdeligi geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürilen “Kompozitor” atly filmiň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) iki sany ýörite baýragyna mynasyp bolmagyna bagyşlanyp, paýtagtymyzda dabaraly maslahat geçirildi. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda “Ýüpek ýoly karnawaly — Bahar baýramy festiwaly” atly bilelikdäki medeni çäre geçirildi. Italiýanyň Rim şäherinde “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik sergi öz işini dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrebap alyp barmak boýunça zerur çäreleri dowam etdirmegiň, kitaphanalarda, muzeýlerde we beýleki medeni ojaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak, öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, göz öňünde tutulan medeni çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli derejedäki medallary gazandylar. Abraýly ýokary okuw mekdepleri, diplomatik wekilhanalar bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklar, maslahatlar, okuw sapaklary geçirildi. Ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi. 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Ylmyň we tehnologiýalaryň wajyp ugurlary boýunça barlaglar alnyp baryldy.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak işleri dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Paýtagtymyzda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty ýokary derejede geçirildi. Bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler hem dowam etdirildi. Ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 23 medal gazandylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan ynsan saglygyny goramak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesli terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly ähmiýet berilýändigini, şoňa görä-de, bilim bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. “Ylym ulgamyny kämilleşdirmegi, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy üns merkezinde saklamak, sporty ösdürmäge aýratyn üns bermek, saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, lukmançylyk ylmyny kämilleşdirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda öňde goýýan wezipelerini, tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň guralandygy bellenildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň diplomatik gullugy tarapyndan dürli döwletleriň daşary syýasat edaralary bilen bilelikde 2026-njy ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 21 — 23-nji ýanwarda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň ýurdumyzda saparda bolandygy aýdyldy. Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 66 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan 165 wekiliýet daşary ýurtlarda boldy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 73-si geçirildi. Şeýle-de hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 291-si guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 20-si bilen ýetirildi.

Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bulardan başga-da, hasabat döwründe Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary bilen gepleşikler geçirildi.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy. Daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky ilçisi hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny, dünýäniň ähli döwletleri, halkara guramalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,3 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103,2 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 126,2 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,7 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 113,8 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça 113,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak boýunça işleri alyp barmagyň möhümdigini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini belledi. “Biziň alyp barýan syýasatymyz netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. “Şeýle hem täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara zenanlar gününi dabaraly bellemek we 8-nji martdaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmek barada resminama gol çekdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
06.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
06.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
A.T.ATAÝEWA hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
M.B.ORAZOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
E.M.AÝDOGDYÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
E.M.AÝDOGDYÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
W.S.HAJIÝEW hakyndTürkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow