Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyñ Milli Lideri, Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyñ “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyñ Milli Lideri, Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyñ “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy
Çap edildi 21.02.2026
43

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň syýasy-ykdysady giňişliginde eýeleýän orny barha pugtalandyrylýar, dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ saparynyň çäklerinde millionlarça teletomaşaçylary bolan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.

Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň esasy maksatlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň meşhur teleýaýlymyň esasy alyp baryjysy bilen söhbetdeş bolmagy dünýä bileleşiginiň ýurdumyza bolan ägirt uly gyzyklanmalasynyň, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň beýanydyr.

1.Siziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyňyzyň esasy maksatlary nämelerden ybarat?

- Siz bilen Remezan aýynyň başynda duşuşýandygyma, şeýle hem dünýä adamzadyň abadançylygynyň, parahatçylygyň, asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin edilýän doga-dilegleriniň kabul bolmagyny isleýärin. Ilki bilen, bu saparymyzyň ýokary derejede guralandygy, görkezilen myhmansöýerlik we saparyň baý mazmunly maksatnamasy üçin amerikan hyzmatdaşlarymyza minnetdarlygymy bildirmek isleýärin.

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda däp bolan dostlukly, netijeli, özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Bu gatnaşyklar syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ylym, sport ýaly esasy ugurlaryň ählisini diýen ýaly öz içine alýar. Biz hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we geljegi barada pikir alyşmaga, bilelikdäki hereketleriň mundan beýläk-de berkidilmegine möhüm ähmiýet berýäris. 

Biz häzirki günde açylýan hakyky mümkinçilikleri görýäris hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli dialoga hemişe taýýardyrys. Şeýle çemeleşme türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna özara düşünilýändigi bilen şertlendirilendir.

Biz ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň ýetilen derejesine we ýagdaýyna ýokary baha berýäris. Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýurdumyzyň garaşsyzlygyny ykrar eden we onuň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan dünýäniň ilkinji döwletleriniň biri boldy. ABŞ-nyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyna bolan hormatly we hoşniýetli garaýşy üýtgewsiz bolmagynda galýar. 

Amerika Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda hem örän uly tejribe toplandy we anyk netijeler gazanyldy. Biziň hyzmatdaşlygymyz yzygiderli ösýär, özara haryt dolanyşygynyň ösüş depgini ýokarlanýar.

Umuman aýdylanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrylýan bu saparyň uzak geljege gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösmegine uly itergi berer diýip görýäris.

2.Siziň ýurduňyzyň baý tebigy serişdelere, şol sanda energetika serişdelerine eýedigini bilýäris. Bu ugurda Türkmenistanyň strategiýasy nähili?

- Siz dogry aýdýarsyňyz, Türkmenistan hakykatdan-da uglewodorod serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýe bolan döwletdir. Şunlukda, tebigy gazyň barlanan we tassyklanan möçberi boýunça biz dünýäde dördünji orny eýeleýäris.

Türkmenistan häzirki zaman geoykdysady şertlerde bu ýagdaýyň ähmiýetine has-da düşünmek bilen, öz energetika strategiýasyny, şol sanda halkara bazarynda örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly esasda şekillendirýär.

Bu ýerde baş maksat energetika akymlarynyň akyl-paýhas bilen diwersifikasiýa etmekden we olaryň deňagramly esasda sazlaşygyny, howpsuz we ygtybarly görnüşde iberilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Syýasy derejede we halkara-hukuk taýdan biz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga häzirki ählumumy ösüşiň talaplaryna we özara bähbitlilik esasynda ýola goýýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika howpsuzlygy baradaky mowzuk boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde giň köpugurly gepleşikleri ýola goýdy hem-de Baş Assambleýanyň yzygiderli kabul edilen birnäçe kararnamalarynyň awtory boldy. Şunuň ýaly ilkinji kararnama 2008-nji ýylda makullandy, şondan bäri bolsa energetika howpsuzlygy baradaky mesele energiýa serişdelerini öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan täze häsiýete eýe boldy.

Biz syýasy taýdan energetika akymlarynyň diwersifikasiýasyny we howpsuzlyk kadalaryny amaly işlerde hem durmuşa geçirýäris. Elbetde, munda geoykdysady ýagdaýlary we ösüş meýillerini nazara alýarys.

Mysal üçin, bir döwürde tebigy gaz eksportynyň esasy bölegi Russiýa gönükdirilipdi, ýagny ýylda 40 milliard kub metre çenli gaz iberilýärdi. Häzirki wagtda biziň gazymyzy esasy sarp ediji Hytaý bolup, onuň möçberleri takmynan şol derejededir. Şeýle hem ýurdumyz diwersifikasiýa syýasatyndan ugur alyp, sebitde “swap” arkaly Eýrana-da, Azerbaýjana-da, Gazagystana-da, Özbesgistana-da we beýleki gerek bolan ýurtlara iberip biler.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz örän uly halkara taslamalaryň biri bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini (TOPH) amala aşyrýar. Bu gün TOPH-yň Owganystanyň çägindäki birinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýar, ol «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýar. Bu taslama halkara derejede goldaw tapýar, şol sanda ABŞ tarapyndan hem goldanylýar. Ol Günorta Aziýa döwletleriniň artýan energetika isleglerini üpjün etmek babatda uly mümkinçiliklere eýedir, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň we Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň ösýän bazarlaryna çykmaga gowy mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem TOPH taslamasynyň syýasy durnuklylygyň, ykdysady abadançylygyň we maýa goýumlar babatda özüne çekijiligi bilen uly ähmiýete eýedir. 

TOPH taslamasynyň gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin açykdygyny aýratyn bellemek isleýärin. Amerikan hyzmatdaşlarymyzyň hem oňa gatnaşmagyň mümkinçiliklerine hakyky baha berjekdigine umyt edýäris.

3.Transhazar gaz geçirijisiniň geljegi nähili?

- Biz bu taslamany energetika akymyny diwersifikasiýa etmegiň hem-de yklymda energetika howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görýäris. Türkmenistan oňa çynlakaý, ünsli we oňyn garaýar. Şol bir wagtda halkara-hukuk häsiýetli, ylaýta-da Hazar deňziniň düýbüni delimitasiýa etmek meselesini çözmek zerurdyr. Birnäçe wagt mundan ozal bu mesele bilen meşgullanmak üçin türkmen-azerbaýjan Iş topary döredildi. Bu toparyň işiniň amaly taýdan gowy netijeleri berjekdigine umyt edýäris.

4.Siz Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli mowzugy gozgadyňyz. Bu ugurda häzirki wagtda işleriň ýagdaýy nähili?

- Biziň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlygymyz yzygiderli ösýär, özara bähbitli we deňhukukly esasda alnyp barylýar.

Köp ýyllaryň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan ýüzlerçe ykdysady taslamalar amala aşyryldy we aşyrylýar.

Örän uly amerikan kompaniýalary köpden bäri türkmen bazarynda, möhüm ugurlar bolan ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, elektroenergetikada, programma üpjünçiliginde, oba hojalygynda, azyk senagatynda we beýleki pudaklarynda üstünlikli işleýärler. Biz şeýle hyzmatdaşlygy goldaýarys we iň ýokary baha berýäris, mundan beýläk hem ony höweslendireris we goldarys. Men şeýle kompaniýalaryň arasynda «John Deere», «General Electric», «Case», «Boeing», «Coca-Cola», «Sikorsky», «Caterpillar» ýaly kompaniýalary görkezip bilerin. Bular sanawdaky kompaniýalaryň hemmesi däldir.

2008-nji ýylda biziň başlangyjymyz bilen döredilen Türkmen-amerikan Işewürlik Geňeşiniň möhüm ornuny aýratyn bellemek isleýärin.

Şondan bäri geçen döwürde ol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm we täsirli guralyna öwrüldi. Iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakda, ösdürmekde we berkitmekde, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny bilelikde gözlemekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda uly taslamalary amala aşyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Işewürlik Geňeşi iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda mynasyp abraýa eýe boldy, onuň pikirleri we maslahatlary Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet edaralary tarapyndan diňlenilýär.

Şol bir wagtda özara mümkinçilikleri has giňden peýdalanyp boljakdygy äşgärdir. Ilki bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmegi, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, uly milli we halkara infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutmak bolar.

Biz Türkmenistanda innowasion we ylma esaslanýan önümçilikleriň ösüşine amerikan maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Şeýle hem elektroenergetika, kompýuter we logistika hyzmatlary, bilim we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugurlarynda gowy mümkinçilikleriň bardygyny görýäris.

5.Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň başga haýsy ugurlaryny geljegi uly diýip hasaplaýarsyňyz?

- Medeniýet, ylym, bilim, sport – umuman aýdanyňda, ähli durmuş-jemgyýetçilik ugurlary. Bu babatda hyzmatdaşlygyň gowy we peýdaly tejribesi bar.

Bu ýerde ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalar möhüm orun eýeleýär. Mysal hökmünde, 2001-nji ýyldan bäri Türkmenistanda işjeň alnyp barylýan «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçiniň gaznasy» (AFCP) maksatnamasyny görkezmek bolar. Häzirki güne çenli bu gazna ýurdumyzda 30 sany taslamany goldady.

Türkmenistanda iňlis diline uly gyzyklanma bar. Häzirki günde ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde iňlis dilini öwrenmeklik girizildi. Dört sany ýokary okuw mekdebinde okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar.

Ýakynda gurlan täze «akylly» Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim usullary we standartlary boýunça okadyljak ýöriteleşdirilen iňlis dilli mekdebini açmagy meýilleşdirýäris. Möhüm hem bellemeli zatlaryň biri: okuw prosesi ABŞ-nyň gowy uniwersitetlerinde, ýagny Garwardda, Massaçusets tehnologiýa institutynda, Kolumbiýa uniwersitetinde okuwlary dowam etdirmäge mümkinçilik bermeklige gönükdiriler. Ynha, şu ýerde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilim hem-de ylmy jemgyýetçiliginiň häzirki işi üçin hakykatdan-da giň mümkinçilikler açylýar.

Medeniýet barada aýdanymyzda, Nýu-Ýork «Metropoliten» muzeýi bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu hyzmatdaşlygy giňeltmegi zerur diýip hasaplaýaryn. Türkmenistan gadymy we örän baý taryha hem-de medeniýete eýe ýurt. 

Öz gezeginde, bizde amerikan kinematografiýasyna, edebiýatyna we sazyna uly gyzyklanma bar. Soňky ýyllarda dürli bilim maksatnamalary amala aşyrylýar, professorlaryň saparlary, olaryň leksiýalary we ussatlyk sapaklary geçirilýär; arheologiýa toparlarynyň ýurdumyza gelip, gazuw-agtaryş işlerini alyp barmagy üpjün edilýär; ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamalary esasynda amerikan saz we tans toparlarynyň konsertleri geçirilýär; amerikan filmleriniň däbe öwrülen tomusky we gyşky görkezilişleri guralýar. Biz şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we giňeltmäge taýýardyrys, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýetini ABŞ-da has giňden tanyşdyrmaga taýýardyrys.

6.Türkmenistan strategik taýdan möhüm sebitde ýerleşýär. Bu ýagdaý Siziň ýurduňyza, onuň daşary syýasatynyň we ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryna nähili täsir edýär?

- Biz öz ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady ýerleşişine doly derejede göz ýetirýäris. Ol bize Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda birleşdiriji köpri bolmaga, Hazar deňzi–Gara deňizine, Ortaýer deňzine hem-de Ýakyn Gündogara çykmaga mümkinçilik berýär.

Hut şu strategik ýagdaý Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna bolan iň ýokary derejede oýlanyşykly we deňagramly çemeleşmesini, umuman aýdylanda, biziň daşary syýasat konsepsiýamyzy kesgitleýär. Onuň binýadynda bolsa hemişelik Bitaraplyk ýatyr.

Bitaraplyk kadalaryna esaslanyp, biz sebitde parahatçylygy üpjün etmek we öňüni alyş işlerini alyp barýarys, halkara giňişliginde parahatçylyk hem-de ynanyşmak gün tertibini öňe sürýäris. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Bu dünýä syýasatynyň möhüm wakasyna öwrüldi. Aşgabatda geçirilen iri Halkara forum ýylyň iň ýokary derejeli baş çäresi boldy, oňa 66 döwlet, 30 sany halkara gurama, 16 Prezident we Hökümet Baştutany gatnaşdylar. Türkmenistan öz geostrategik ýerleşişini we bitaraplyk derejesini diňe döredijilikli hem-de konstruktiw maksatlar üçin ulanýar, ýagny durnuklylygy üpjün etmek, dawa-jenjelleriň öňüni almak, ykdysady we söwda gatnaşyklaryny höweslendirmek, Merkezi Aziýa we Hazar sebitleriniň dünýäniň ykdysady we syýasy işlerine üstünlikli goşulmagyny üpjün etmek maksady bilen ulanýar.

7.Siz bu ýerde, Florida ştatynda geçirilýän duşuşyklardan nähili netijelere garaşýarsyňyz?

- Biz bu ýerde bolmagymyzy Florida ştaty bilen Türkmenistanyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, umumy bähbitlere laýyklykda peýdalanyp boljak güýçli taraplary we mümkinçilikleri birleşdirmek üçin ulanmak isleýäris. Bu ýerde gürrüň işewür hyzmatdaşlyk, maýa goýum işi, şeýle hem söwda ulgamynda haýsydyr bir ylalaşyklary gazanmak barada gidýär.

Şeýle hem Florida ştatyndaky sport desgalarynyň gurluşygy we umumylykda sport işiniň guralyşy boýunça tejribäni öwrenmek isleýäris. Hususan-da, gürrüň golf barada gidýär. Türkmenistanda 2017-nji ýylda meýdanlary bilen bilelikde 70 gektardan gowrak ýer bölegini eýeleýän ilkinji golf-klub açyldy. 2022-nji ýylda geçirilen forumyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen «Nicklaus Companies» amerikan kompaniýasynyň arasynda Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda golf-kluby döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Biz Türkmenistanda golfy ösdürmek işi bilen çynlakaý meşgullanýarys we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlyga bil baglaýarys. Bu, umuman, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň ösüşine hem degişli bolup durýar. Florida bu ugurda ajaýyp üstünliklere eýedir. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly umyt edýäris.

Ýene bir geljegi uly ugur – atçylyk ugrudyr. Türkmenistan meşhur ahal-teke atlarynyň watanydyr. Adam tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen ilkinji medeni tohumyň taryhy bäş müň ýyldan gowrak döwri öz içine alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyga has-da aýratyn üns berilýär. Florida ştatynda hem bu ugruň giňden ösendigini we meşhurdygyny bilýäris. Öz tagallalarymyzy, tejribämizi we bilimlerimizi birleşdirmegi teklip edýäris.

Sözümiň ahyrynda şu günki duşuşyk üçin Size minnetdarlyk bildirýärin hem-de Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny dost we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýändigini nygtamak isleýärin.

Söhbetdeşligiň ahyrynda “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň žurnalisti Rizwan Han ilki bilen söhbetdeşligiň işjeň we netijeli ýagdaýda geçendigini nygtap, häzirki döwrüň meseleleri boýunça pikirlerini beýan edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň” mekany” diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň we halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň hormatyna giň möçberli dabaralaryň geçiriljekdigini aýdyp, Rizwan Hany we “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň döredijilik toparyny ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan dabaralara çagyrýandygyny mälim etdi.

Rizwan Han bu çakylygyň özlerine bildirilen belent hormat hökmünde kabul edýändigini nygtap, ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan Türkmenistanda geçiriljek dabaralara uly höwes bilen gatnaşjakdygyny aýdyp, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz dünýäde meşhurlyk gazanan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysyna we onuň döredijilik toparynyň agzalaryna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
21.02
Türkmenistan-Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar
21.02
Türkmen halkynyñ Milli Lideri, Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyñ “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy
21.02
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
21.02
Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär
21.02
«Kompozitor» kinofilmiň nobatdaky halkara baýragy
20.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
20.02
“Türkmennebit” döwlet konsernine zerur bolan tehnikalary we enjamlary satyn almaga ygtyýar berildi
20.02
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlary gowşurylar
20.02
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi
top-arrow