Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
Teswirlemeler
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
Çap edildi 18.02.2026
35

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzy mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli resminamalar kabul edildi. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» hem şolaryň biridir. 2025-nji ýylyň oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlary kesgitleýän bu möhüm resminamany tassyklady.

Konsepsiýanyň esasy maksady sanly infrastrukturany ösdürmekden, döwlet edaralarynyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň netijeli ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden, öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny dolanyşyga we kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Resminamada halkara standartlara, milli bähbitlere laýyklykda, sanly ykdysadyýet babatda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, elektron hökümet ulgamyny, sanly bilim, ylym ulgamyny, sanly lukmançylygy, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, maglumat geçiriş torlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, maýa goýumlary çekmek göz öňünde tutulýar. Üç ýyl möhlete niýetlenen bu resminama Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» özboluşly dowamydyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylyp, elektron hökümet ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Täze kabul edilen Konsepsiýa arkaly innowasion, ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işler dowam etdiriler.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 30-njy ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamalarda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksat edilýär. Olaryň durmuşa geçirilmegi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer. Degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylaryna maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» esasy maksady Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini kesgitlemekden, döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakdan, telekeçiligi ösdürmekden, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny hem-de innowasiýalary giňden ornaşdyrmakdan, netijeli işleýän sanly ekoulgamy döretmekden ybaratdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli dowam etdirilmegi bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlar we wezipeler üstünlikli amala aşyryldy. Netijede, sanly ulgama geçmegiň berk binýady goýlup, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, döwlet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy we tizleşdirilmegi, telekeçilik işiniň, şol sanda elektron söwdanyň, daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi üpjün edildi.

Sanly ykdysadyýetiň üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, şol sanda ähli ilatly ýerlerde ýokary tizlikli internete elýeterliligi üpjün etmek, telekommunikasiýa ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen, maglumatlary gaýtadan işleýän häzirki zaman merkezlerini döretmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly üpjünçilik ulgamynyň häzirki ýagdaýyny seljermek we aragatnaşyk torlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilnamalardyr maksatnamalary taýýarlamagyň çäklerinde giň zolakly interneti, 4G/5G toruny giňişleýin ornaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Gündelik durmuşda ulanylýan ykjam tehnologiýalaryň sany barha artýar. Ýurdumyz boýunça öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň täze nesilleriniň ornaşdyrylmagy arkaly häzirki wagtda 4G ulgamyny ulanyjylaryň sany günsaýyn köpelýär. Munuň özi tutuş ýurt boýunça sanly hyzmatlaryň elýeterliligini we hilini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Geçen ýyl Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli Milli Liderimiziň ak patasy bilen bu ýerde öýjükli aragatnaşygyň 5G ulgamy ornaşdyryldy. Bu aragatnaşyk ulgamy raýatlara, edara-kärhanalara häzirki zaman sanly hyzmatlarydyr tehnologiýalary üpjün edýän «akylly» şäheriň innowasion ekoulgamynyň esasy ugry bolup durýar.

Durmuşa geçirilen giň gerimli özgertmeleriň esasynda Türkmenistan häzirki wagtda diňe bir öňdebaryjy tehnologiýalary, elektron enjamlary ykdysady-durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olary öndürýän kuwwatly döwlete hem öwrüldi. Şunda “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň, “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasynyň binýadynda döredilen önümçilik toplumlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olar milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin öndürýän önümlerini görnüş we möçber babatda yzygiderli artdyrýarlar. Konsepsiýa laýyklykda, innowasion ulgamlary ösdürmek, sanly telekeçiligi höweslendirmek maksady bilen, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň çäginde Milli sanly innowasiýa parkyny döretmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda önümçiligiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, milli programma önümlerini döredýän we enjamlary öndürýän kiçi hem-de orta telekeçilik döwlet tarapyndan giňden goldanylyp, olar üçin amatly şertler döredilýär.

Konsepsiýada bellenen wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde elektron döwlet dolandyryş ulgamy kämilleşdiriler we elektron görnüşde berilýän döwlet hyzmatlarynyň gerimi has-da giňeldiler. Munuň özi raýatlar, edaralar, kärhanalar, guramalar bilen özara gatnaşyklaryň elýeterliligini, aç-açanlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak bilen, döwletiň içki gurluşlarynyň özara gatnaşyklary kämilleşdirilip, ilata edilýän döwlet hyzmatlary ýeňilleşdiriler. Häzirki wagtda 500-den gowrak hyzmaty hödürleýän elektron hyzmatlaryň bitewi döwlet portalynyň mümkinçilikleri yzygiderli giňeldilýär. Elektron hökümet ulgamynyň elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi üçin üpjünçilik ulgamynyň döredilmegi döwlet we hususy edaralaryň, olaryň raýatlar bilen özara gatnaşyklaryny döwrebap derejede amala aşyrmaga şert döredip, sanly ulgam arkaly hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşini has-da artdyrmaga ýardam eder.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze maksatnamasynda dolandyryşyň netijeliligini, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, emeli aň, blokçeýn, maliýe tehnologiýalary, bulutlaýyn hasaplamalar we zatlaryň interneti (IoT) ýaly innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ösdürmek göz öňünde tutulýar. Munuň üçin, ilkinji nobatda, bu ulgamlaryň işini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary kabul edilip, olar ösen tejribä, döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdiriler. Milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak, edaralarda emeli aň, bulutlaýyn hasaplama tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, emeli aň ylmy barlaghanasyny döretmek degişli döwürde möhüm wezipeleriň hatarynda bolar.

Milli strategiýany işläp düzmek we emeli aňy ösdürmek üçin milli merkezi döretmek, ykdysadyýet, işewürlik, jemgyýetçilik ugurlarynda bulutlaýyn hasaplamagyň hem-de emeli aňyň ösüşini höweslendirmek, emeli aň boýunça tehnologik forumlary geçirmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamagy maliýeleşdirmek, maddy we tehniki enjamlary goldamak we başlangyç işlerine goldaw bermek babatda hukuk hem Hökümet düzgünleşdirilmesine uly üns berler. Ýurduň ylmy mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin milli ylmy gözleglere, neşirlere we emeli aň esasynda döredijilik işlerine goldaw berler.

Bitewi töleg platformasynyň döredilmegi döwlet hyzmatlaryny, tölegleri tölemegi ýeňilleşdirip, dürli töleg gurallaryny, şol sanda bank kartlaryny we töleg ulgamlaryny ulanmaga mümkinçilik berer. Kärhanalary birleşdirýän, elektron hasap ulgamyny ornaşdyrýan milli elektron söwda platformasynyň ösdürilmegi işewürlik amallarynyň artmagy we sanly ykdysadyýetiň ösmegi üçin şertleri döreder. Bu platforma maliýe hyzmatlarynyň işjeňleşdirilmegini üpjün edip, telekeçilik işini höweslendirer hem-de sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini giňelder. Bulutlaýyn hasaplamalaryň, zatlaryň internetiniň, emeli aňyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, telekeçiligi ösdürmek, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda hyzmatlaryň hilini artdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar.

Pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyna döwlet edaralarynyň awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamlarynyň yzygiderli birikdirilmegi maglumatlaryň howpsuzlygyny berk üpjün etmegi talap edýär. Munuň üçin ýurdumyzda maglumat çeşmelerini, sanly üpjünçilik ulgamyny goramak, kiberhowplaryň öňüni almak, maglumat hem-de kiberhowpsuzlygy güýçlendirmek boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Hünärmenleriň sanly gurallardyr innowasion tehnologiýalar bilen işlemek babatda başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen okuw we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamalary adam maýasyny ösdürmegiň wajyp bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň sanly sowatlylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, ýöriteleşdirilen bilim ulgamyny, hünärmen taýýarlamak maksatnamalaryny ösdürmek arkaly maglumat tehnologiýalary ulgamynda ýokary bilimli işgärleri taýýarlamak ileri tutulýan ugurlardyr.

Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler sanly bilim platformalarynyň ulanylyşyny giňeltmek we uzak aralykdan okatmak, emeli aň, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly häzirki zaman okuw usullaryny ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýet üçin zähmet bazarynyň zerurlyklaryna laýyk gelýän ýokary hünär derejeli inžener-tehniki işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlary öz içine alýar. Ilatyň sanly ykdysadyýet, emeli aň, maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işleri bilen bir hatarda, startaplary we zehinli ýaşlary goldamak hem-de höweslendirmek üçin degişli innowasion bäsleşikleri, maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, jemi içerki önümde hususy pudagyň paýyny yzygiderli artdyrmak kabul edilýän maksatnamalaryň möhüm bölegini düzýär. “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, elektron söwdany, sanly maliýe hyzmatlaryny, nagt däl töleg ulgamlaryny ösdürmäge ýardam berýän çäreler geçiriler. Munuň özi elektron söwda ulgamynyň gerimini has-da giňeltmäge şert döreder.

Ýurdumyz abraýly halkara guramalar, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen halkara taslamalara işjeň gatnaşmaga we tejribe alyşmaga, maýa goýum bazaryna öňdebaryjy sanly tejribäni ornaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirer. Bu bolsa, öz gezeginde, maglumat tehnologiýalary ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, onuň eksport mümkinçiligini artdyrar.

Senagat we önümçilik işini awtomatlaşdyrmakda, enjamlara gözegçilik etmekde emeli aň, zatlaryň interneti esasynda “akylly” önümçilik ulgamlaryny ulanmak üçin maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak zerur bolup durýar. Üpjünçilik zynjyrynda, logistika dolandyryşynda-da sanly platformalaryň döredilmegi wajyp ähmiýete eýedir. Degişli maksatnamada ulag dolandyryşyny, ýol hereketine gözegçilik etmek üçin sanly ulag ulgamlaryny hem-de platformalary döretmäge, ulag-logistika işini sanly ulgam arkaly dolandyrmak ulgamlaryny ornaşdyrmaga, ýük ulaglarynyň serhetýaka geçirilişini çaltlandyrmaga gönükdirilen elektron gümrük amallaryny, interaktiw hyzmatlary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Nebitgaz pudagynyň önümçilik desgalarynda maglumatlary ýygnaýjy we operatiw-dispetçer dolandyryjy merkezleşdirilen ulgamy, döwrebap «SCADA» ulgamyny gurnamak, sanly ulgam arkaly nebit we gaz geçirijileri, guýulary, känleri dolandyrmak, olara gözegçilik etmek meýilleşdirilýär. Ekinleriň hasyllylygyny çaklamak, oba hojalygynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek, geomaglumat derňewini, aralykdan gözegçilik etmek ulgamlaryny ornaşdyrmak hem-de daýhanlar we oba hojalygy üçin sanly goldaw hyzmatlaryny ösdürmek babatda sanly çözgütleriň ulanylmagy oba hojalygynda göz öňünde tutulýan esasy wezipelerdir. Şäherlerde howanyň hiline gözegçiligiň sanly platformasynyň ösdürilmegi daşky gurşawa netijeli gözegçilik etmegi üpjün eder. «Akylly» suw hasaplaýjylarynyň, awtomatik suwaryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy suw çeşmeleriniň netijeli ulanylmagyna oňyn täsirini ýetirer. Saglygy goraýyş ulgamynda alnyp baryljak işler elektron saglyk ýazgylary we telelukmançylyk ýaly sanly saglyk ulgamlarynyň giň gerimde ornaşdyrylmagyny, keselleri anyklamak, çaklamak üçin emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagyny, sanly çözgütler arkaly saglyk hyzmatlarynyň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmagy öz içine alýar.

“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde häzirki zaman sanly lukmançylyk hyzmatlary ýola goýuldy. Döwrebap “akylly” şäher innowasiýa babatda ýurdumyzyň gazanan iň uly üstünligi hökmünde halkara derejede giňden ykrar edildi. Onuň durmuş düzümi dolulygyna sanly ulgama, innowasion tehnologiýalara esaslanýar. Diýarymyzyň baý serişde kuwwatyna esaslanýan önümçilik toplumlaryny kemala getirmek bilen bir hatarda, gurluşyk taslamalary üçin sanly gurluşyk maglumat nusgalaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan gurluşyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» binýadynda taýýarlanylan degişli maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň wajyp şerti bolup durýar. Ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Sanly ösüşiň maksady bolsa pudaklaryň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan, olary durnukly ösdürmekden, innowasion ösüş üçin şertleri döretmekden ybaratdyr. Bu çäreler amatly iş gurşawyny emele getirmek bilen, ykdysadyýetiň ösüşini, oňa innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrýar.

Şeýlelikde, sanly ykdysadyýete geçmek boýunça soňky ýyllarda ýetilen sepgitler, gazanylan netijeler öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin ygtybarly maddy-enjamlaýyn hem-de ylym-bilim binýadyny döredýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler syýasatynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, kabul edilen maksatnamalaryň Watanymyzyň uzak möhletleýin durnukly ösüşi, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri özünde jemleýändigini aýdyň görkezýär.

Soňky habarlar
18.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
18.02
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
top-arrow