Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
Çap edildi 13.02.2026
35

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikleri gazandyk, bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirdik. Döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi.

Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda ol senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 7 göterim boldy. Maýa goýumlar 6 göterim artdy. Hasabat döwründe iri we orta kärhanalarda jemi 7 müňe golaý täze iş orny döredildi.

Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 116 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Möhüm ähmiýetli birnäçe desgalaryň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle-de ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Daýhanlarymyz ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe halkara çäreler guraldy. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda halkara forum ýokary derejede geçirildi. Ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýan möhüm ähmiýetli Kararnamalar, resminamalar kabul edildi.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, berkarar döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Biz şu ýyl Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýyny hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýlerini, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýyny, paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýyny, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezi gurup ulanmaga tabşyrarys. Şeýle-de Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini we Stomatologiýa merkezini ulanmaga bereris. “Arçman” şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar.

Şu ýyl Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obany, Gyzylarbat etrabynda köpugurly elektrik stansiýasyny, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny ulanmaga bereris. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem dabaraly açylar.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli birnäçe halkara çäreleri geçireris. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdim. Ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmeli we olary ýokary derejede geçirmeli.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin kabul eden Maksatnamamyz örän köp işleri öz içine alýar. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr. Halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2026-njy ýylda bellän sepgitlerimize, maksatlarymyza ýetjekdigimize berk ynanýaryn.

Soňky habarlar
13.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
13.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
13.02
G.W.AGAJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.M.MÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
H.Ş.KERIMOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
M.K.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
Ö.A.GOŞJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.A.AMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow