Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Çap edildi 13.02.2026
29

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2025-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7,9 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda jemi öndürilen önüm 10,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, ol 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” amala aşyrylyşy barada hasabat berildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamanyň taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, Aşgabat we Arkadag şäherleri, welaýatlar boýunça durmuş-ykdysady, maýa goýum görkezijileri bellenildi. Şeýle-de onda ilatymyzyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow geçen ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar we Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,7 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 104,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterim ýerine ýetirildi. 2025-nji ýylda balans toparlarynyň jemi 141 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 111 mejlisi geçirildi. Mejlisleriň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy we ol jemi içerki önümiň 16,6 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Şeýle-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2025-nji ýylda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende, 4,8 göterim artdy. Şeýle hem ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesine görä, 23 göterim ýokarlandy, fiziki şahslara berlen karzlar 25,4 göterim artdy. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlar 20,1 göterim köpeldi.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen ýylda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 382,3 müň tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 9,8 göterim, benziniň öndürilişi 6,2 göterim, kerosiniň öndürilişi 5,4 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 26,4 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 5,2 göterim, sementiň öndürilişi 40,9 göterim, armatur, demir önümleriniň öndürilişi 22,3 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 10,1 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 7,3 göterim, unaş önümleriniň öndürilişi 5 göterim, mesge ýagynyň öndürilişi 2,9 göterim artdy. Hasabat döwründe senagat önümleriniň gymmatlyk möçberi nah ýüplükler boýunça 11 göterim, nah matalar boýunça 16,7 göterim ýokarlandy.

2025-nji ýylyň jemleri boýunça ulag we aragatnaşyk pudagynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygy 3,7 göterim, ýolagçy dolanyşygy 5,3 göterim artdy. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 19,6 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda öndürilen gök önümler, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,8 göterim, bakja önümleri 11,7 göterim, ýeralma 4,7 göterim, ýumurtga 8 göterim, süýt 2,1 göterim artdy. 2025-nji ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýtdy. “Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek, şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.

“Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, durnukly ösüşini üpjün etmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmek, Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak, onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmak işlerine gözegçiligi güýçlendirmek möhümdir” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ilatymyzyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegini dowam etdirmegi, bankara elektron töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegi, sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawyny bermek, milli puluň hümmetini durnukly saklamak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,8 göterim boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 284,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 101,7 göterim berjaý edildi. Şeýle-de suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, B.Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowy, şol bir wagtda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.

G.Agajanow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu jogapkärli wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz A.Begliýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyp, degişli resminama gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Agajanowa ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny 2026-njy ýylda hem döwrebap derejede ösdürmek, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek, nebit ýataklaryny netijeli özleşdirmek, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermek möhümdir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň geologiýa gözleg-barlag işlerini güýçlendirmegi, nebitgaz ylmyny kämilleşdirmegi, daşary döwletleriň abraýly ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi, bu ugurda hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere üns bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 101,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114,5 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 109,7 göterim, Energetika ministrligi boýunça 107,1 göterim boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,2 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberi 132 million manada deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesine R.Myradowy belläp, ony senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.

R.Myradow özüne bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, pudagy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin gujur-gaýratyny, bilimini we başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, ýol-ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligine öwürmek barada karara gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýollary ministri wezipesine H.Kerimowy belläp, degişli resminamalara gol çekdi.

H.Kerimow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu jogapkärli wezipede yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Annamämmedowa ýüzlenip, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň, gurluşygy alyp barmakda dünýäniň ösen tehnologiýalaryny we häzirki zaman usullaryny giňden peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça täze, döwrebap kärhanalary döretmegi dowam etdirmegi, içerki we daşary ýurt sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini yzygiderli artdyrmagy, täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleri ilerletmegi tabşyrdy.

Himiýa senagatynyň kärhanalarynda öndürilýän himiýa önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda täze awtomobil ýollaryny gurmak, döwrebaplaşdyrmak üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 118,8 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde 106,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 111,7 göterim, nah matalaryň önümçiliginde 118,8 göterim, gön önümleriniňkide 111,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 299 birža söwdasy geçirilip, olarda 29 müň 975 şertnama hasaba alyndy.

2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 104 göterime deň boldy. Hasabat döwründe 22 sergi, 10 maslahat geçirildi. Geçen ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,1 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,7 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmagyň, azyk howpsuzlygyny berkitmegiň söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdigini aýtdy. “Içerki bazarlarda azyk we sarp ediş harytlaryny elýeterli bahalardan üpjün etmegi gözegçilikde saklamak, dokma senagatynyň kärhanalarynda ýokary hilli dokma önümlerini öndürmek, eksport edilýän harytlaryň möçberini hem-de görnüşini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmek, haly önümlerini öndürmek we olaryň hilini gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmak, çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy binýadyny, çig mal üpjünçiligini yzygiderli berkitmek zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini netijeli guramagy, munuň üçin elektron söwdalary kämilleşdirmäge gönükdirilen işleri dowam etdirmegi, hususy pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän “Magtymguly — dünýäniň akyldary”, “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, belli seneler mynasybetli dürli medeni çäreler we dabaralar geçirildi, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar guraldy. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Baş baýragyna we ýörite baýraklara mynasyp bolmagyna bagyşlanan birnäçe dabaralar geçirildi.

Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly aýdym-sazly festiwaly, Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigi, höwesjeň aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri jemlenildi.

Hasabat döwründe halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde köp sanly çäreler guraldy. Paýtagtymyzda “Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwal, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň milli günleri, sergilerdir konsertler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri guraldy. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly mynasybetli geçirilen dabaralara, hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda geçirilen medeni çärelere gatnaşdylar. 2025-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Genje şäherlerinde, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent hem-de Hywa şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Döwletimizde gazanylan uly üstünlikler, özgerişler baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, internet sahypalarynda giňden beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, O.Hojanazarowy, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipä P.Kakabaýewi belledi we ony şol komitetiň «Arkadag» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz «Arkadag» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine K.Nepesowy belledi hem-de degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Seýidowa ýüzlenip, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işlerini alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. “Aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek, medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak, syýahatçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek möhümdir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz sanly muzeý ulgamyny ösdürmegi dowam etdirmegi, ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň kadaly işlemegini gözegçilikde saklamagy, teleradioýaýlymlarda ýaş nesliň aň-düşünjesini ösdürmäge niýetlenen gepleşikleri köpräk goýbermegi, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlar, olimpiadalar geçirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, dürli medallara mynasyp boldular. Ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy-barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda degişli işler alnyp baryldy. Ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul edildi, alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy, dissertasiýalar goraldy. Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guramaçylykly geçirildi.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde näsag çagalara dürli operasiýalar amala aşyrylyp, bejergiler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, B.Orazdurdyýewany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumy boýunça orunbasary wezipesine B.Mämmedowy belläp, ony Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.

B.Mämmedow bildirilen uly ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu jogapkärli wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowy pensiýa gitmegi sebäpli wezipesinden boşadyp, bu wezipä M.Gaýypowy belledi we ony saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.

M.Gaýypow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu jogapkärli wezipede yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Mämmedowa ýüzlenip, ýurdumyzda bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň, bilim tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň, hünär bilimini kämilleşdirip, hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmagyň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini ilerletmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ilatyň saglygyny goramak babatda işleri dowam etdirmegi, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli we elýeterli bolmagyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet bermegi, derman senagatyny yzygiderli ösdürmegi, ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleri yzygiderli ilerletmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,2 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 100,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 159,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,3 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 116,2 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça 108,6 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 110,5 göterime deň boldy. Şeýle hem Aragatnaşyk ministrligi boýunça 119,6 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, M.Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine B.Annaýewi bellemek barada karara gelendigini aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi.

B.Annaýew özüne bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, toplumy mundan beýläk-de ösdürmek üçin gujur-gaýratyny, bilimini we başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Annaýewe ýüzlenip, ulag we aragatnaşyk toplumynyň möhüm toplumlaryň biri bolup durýandygyny, şoňa görä-de, ýolagçy, ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, üstaşyr we halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. “Sanly ykdysadyýeti ösdürmäge degişli işleri dowam etdirmek, sanly ykdysadyýet, emeli aň tehnologiýalary boýunça IT meýdançalary döretmek, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak babatda zerur işleri geçirmek we teklipleri taýýarlamak möhümdir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ulaglaryň we aragatnaşygyň ähli görnüşleri babatda hyzmatlary yzygiderli ösdürmek, ýurdumyzyň demir ýollaryny döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwrebap awtobuslar, dürli görnüşli awtoulaglar bilen ilata edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, täze we ykdysady taýdan amatly bolan halkara ugurlar boýunça howa gatnawlaryny açmak boýunça netijeli işleri alyp barmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde işletmek babatda işleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow welaýatda 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçen ýylda welaýatda iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowam edýändigi, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleriniň alnyp barylýandygy, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow 2025-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2025-nji ýylda welaýatda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda nygtalyşy ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda, geçen ýylda welaýatda medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işlerini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Gowaçanyň we azyklyk ekinleriň ýazky ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew geçen ýyl welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, geçen ýyl sebitde medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary, inženerçilik ulgamlaryny gurmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda, birnäçe medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar ulanmaga berildi. Şeýle hem häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň, welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmegi gowulandyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegi, arassaçylygy berjaý etmek, abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de welaýatlarda bugdaýyň, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 114,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 131 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 109,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,9 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 267,9 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gowaçanyň, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gerek bolan tohumlary taýýarlamak üçin degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de wise-premýer 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi hem-de gatnaşylmagy meýilleşdirilýän atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynda göz öňünde tutulýan dabaraly çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Ç.Babanyýazowy daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyp, bu wezipä Ö.Goşjanowy belledi we ony daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.

Ö.Goşjanow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu jogapkärli wezipede yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz B.Ataýewi Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Tejenowy belledi we degişli resminamalara gol çekdi. B.Tejenow bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu jogapkärli wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyryp, bu ugurda taýýarlanan degişli resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer T.Atahallyýewe ýüzlenip, ýurdumyzda oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň hasabyna azyk howpsuzlygyny berkitmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we taýýar önümleri öndürmek boýunça önümçilikleri yzygiderli döwrebaplaşdyrmak babatda işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. “Ekin we öri meýdanlaryny maksadalaýyk, netijeli ulanmagy üns merkezinde saklamak, ýokary hasyl berýän ekinleriň we miweli baglaryň täze görnüşlerini döretmek, tohumçylyk işini kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barmak, döwrebap tehnologiýalar esasynda maldarçylyk, guşçulyk pudagyny netijeli ösdürmek, dünýä standartlaryna laýyk gelýän, ýokary hilli önümleri öndürýän azyk senagatyna degişli täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etmek zerurdyr” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümçiliginiň tehniki binýadyny berkitmek, ýüpekçiligi ösdürmek, ýokary hilli pile önümlerini öndürmek boýunça işleri dowam etdirmegi, önümçilige suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleri netijeli durmuşa geçirmegi tabşyrdy. Ylmy edaralara oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýokarlandyrmak, täze ýerleri özleşdirmek babatda has netijeli işlemek barada tabşyryklar berildi. Şeýle-de daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak, umuman, oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” yzygiderli durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler amala aşyryldy.

2025-nji ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-sini, ýagny Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Italiýa Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iki gezek, Özbegistan Respublikasyna iki gezek, Gazagystan Respublikasyna üç gezek, Ýaponiýa iki gezek, Russiýa Federasiýasyna iki gezek saparlary amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara saparlarynyň 9-sy, ýagny Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna iki gezek we Owganystana saparlary guraldy. Şeýle hem geçen ýylda daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana döwlet, resmi, iş saparlarynyň 31-si amala aşyryldy.

Abraýly sebitara we halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 21 — 24-nji sentýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň işine gatnaşdy we onuň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirdi. Hasabat döwründe BMG-niň Baş sekretarynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça geňeşiň Baş sekretarlarynyň we beýleki halkara düzümleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzda saparda bolandygy bellenildi.

2025-nji ýylda Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 936 wekiliýetiň döwletimize sapar bilen gelendigi we ýurdumyzyň 1 müň 303 wekiliýetiniň daşary döwletlerde saparda bolandygy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr. Geçen ýylyň dowamynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 573-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 2 müň 794-si guraldy. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti resminamalaryň 264-si bilen ýetirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar guraldy.

Ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda 19 döwletiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 13-si ynanç hatlaryny gowşurdy hem-de konsullaryň 2-si resmi taýdan öz işine başlady. Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, geçen ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň mejlisleriniň 14-si guraldy.

«Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde 2025-nji ýylda iri halkara çäreleriň birnäçesi geçirildi. Şolaryň hatarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat bar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Şu mynasybetli dürli çäreleriň 100-e golaýy geçirildi. 12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanlarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen halkara forum ýylyň esasy syýasy wakasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, halkara durnuklylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmegi, ýylyň dowamynda göz öňünde tutulan halkara çärelere hem gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli döwürde milli parlamentiň 4 maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 27-si, Mejlisiň kararlarynyň 23-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, «Ýük markalary hakynda halkara konwensiýanyň degişli Teswirnamasyna goşulmak hakynda», “Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”, “1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň hukuk ulgamyny täze taryhy döwrüň talaplaryna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, jenaýat-ýerine ýetiriş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, aragatnaşyk, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen baglanyşykly hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi.

Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 13-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 60-sy geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary tarapyndan halkara düzümler bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 119-syna gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 46-sy guraldy. Mundan başga-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy, Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, 2025-nji ýylda şu babatda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 27-siniň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz kabul edilen kanunlaryň Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip we oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek üçin bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa söz berdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, giň gerimli özgertmelere, adam hakyndaky aladalara esaslanýan beýik işlere giň ýol açýar. Ajaýyp zamanada, bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda gazanylýan ajaýyp üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere tüýs ýürekden guwanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, degişli topar tarapyndan tassyklanylan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçen 2025-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyny 2025-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2026-njy ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilendigini aýtdy.

“Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda ol senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 7 göterim boldy. Maýa goýumlar 6 göterim artdy. Hasabat döwründe iri we orta kärhanalarda jemi 7 müňe golaý täze iş orny döredildi” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 116 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desganyň, umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini, möhüm ähmiýetli birnäçe desgalaryň gurluşygyna badalga berlendigini, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň dowam etdirilendigini aýtdy. Daýhanlarymyz ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe halkara çäreler guraldy. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda halkara forum ýokary derejede geçirildi. Ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýan möhüm ähmiýetli Kararnamalar, resminamalar kabul edildi” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. “Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, berkarar döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady.

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.

“Biz şu ýyl Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýyny hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýlerini, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýyny, paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýyny, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezi gurup ulanmaga tabşyrarys. Şeýle-de Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini we Stomatologiýa merkezini ulanmaga bereris. “Arçman” şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şu ýyl Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap oba, Gyzylarbat etrabynda köpugurly elektrik stansiýasy, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy ulanmaga berler. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem dabaraly açylar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy we ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda karara gol çekendigini belledi. Şunda ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.

“Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin kabul eden Maksatnamamyz örän köp işleri öz içine alýar. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2026-njy ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

***

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soňra, hormatly Prezidentimiziň kabul eden çözgüdine laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, olara döwrebap awtoulaglar sowgat berildi. Munuň özi berkarar Watanymyzda adam hakyndaky aladanyň ileri tutulýandygynyň, raýatlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

Soňky habarlar
13.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
13.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
13.02
G.W.AGAJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.M.MÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
H.Ş.KERIMOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
M.K.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
Ö.A.GOŞJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.A.AMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow