Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
Çap edildi 10.02.2026
1053

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatda geçirilýän sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkiýäniň kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp baryp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar we işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Munuň şeýledigi taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan, «iki döwlet — bir millet» hasaplanylýan dostlukly türkmen we türk halklarynyň arasyndaky yzygiderli ösdürilýän köpugurly gatnaşyklarda aýdyň görünýär.

Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik, daşary söwda, bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilýän amatly şertler türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Hоrmatly myhmanlar!
Gadyrly dostlar!

Türkmenistanda we Türkiýede milli önümleriň özara sergileriniň, işewürler maslahatlarynyň, forumlaryň yzygiderli geçirilmegi dürli pudaklarda döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bu işleriň netijesinde Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orun eýeleýär. Şu gün öz işine başlaýan sergide hem türk kompaniýalarynyň oba hojalyk, azyk senagaty, gurluşyk, senagat enjamlarynyň önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, lukmançylyk, bilim we ylym ýaly ugurlarda gazanan sepgitleri, öňdebaryjy tejribeleri, innowasion başlangyçlary hem-de işläp taýýarlamalary giňden görkeziler. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanda iş alyp barýan hyzmatdaşlarymyz bilen bir hatarda, öz önümleri bilen ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar hem bar. Munuň özi iki dostlukly döwletiň işewürleriniň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary giňden çekmekde bu serginiň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Sergä gatnaşýan gadyrly myhmanlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, abadançylyk, türkmen we türk halklarynyň dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen belent maksatly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
top-arrow