Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 31.12.2025
61

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi ata Watanymyzda beýik ösüşler, belent maksatlar bilen ruhubelentlikde garşy alynýan täze, 2026-njy ýyl — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynda aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenip geçilmegi ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň dabaralanmasy bolup, her bir türkmeniň watançylyk ruhuny belende göterdi. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir gezek dünýä äşgär etdi. BMG-niň, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlar, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi parahatçylyk döredijilikli syýasatymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu hakykaty doly tassyklaýar.

Şanly ýylda, hormatly Prezidentimiz, Siziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyňyzyň halkymyza gowuşmagy Halkara Bitaraplyk gününi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny has-da dabaralandyrdy.

Siziň baştutanlygyňyzda şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmegi, Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli halkara forumyň jemleri Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrdy, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny ýene-de bir gezek äleme ýaýdy. Şeýle hem ak mermerli Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna, «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamanyň bolsa ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi baş şäherimizi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň, milli medeni gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýän taryhy wakalar boldy.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäňizden ugur alyp, ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, şan-şöhratynyň arşa göterilmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy babatda durmuşa geçirýän beýik işleriňiz ulus-ilimizde giň goldaw tapýar. Siz şanly ýylyň ahyrky günlerinde türkmen sportunyň halkara abraýyny belende galdyran, halkara bilim bäsleşiklerinde gazanan ýeňişleri bilen Watanymyza mynasyp wekilçilik eden ýaşlary sarpalap, olaryň sylag-serpaýyny ýetirdiňiz.

Siziň alyp barýan durmuş syýasatyňyzyň netijesinde welaýatlarymyz, Aşgabat we Arkadag şäherleri durnukly ösdürilýär. Ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri abadan hem-de bagtyýar durmuşymyzyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda bu şäherdäki işler üstünlikli dowam etdirilýär. Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen şu ýyl Döwletli mekan, Bagtly zamana atly täze, döwrebap obalaryň, Bitaraplyk şäherçesiniň, şeýle hem durmuş we senagat maksatly binalaryň, desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mähriban halkymyzyň abadançylygy üçin durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.

Täze ýylda hem eziz Watanymyzyň Siziň baştutanlygyňyzda durnukly ösüş ýolunda ynamly öňe gitjekdigine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwatymyzy pugtalandyrmak, ýaş nesilleriň bagtyýar geljegini üpjün etmek boýunça beýik maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi täze, 2026-njy ýyl — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun! Goý, uly ruhubelentlik bilen garşy alýan ýylymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşleriniň täze sahypasyny açsyn, halkymyza abadançylyk, döwletimize rowaçlyk getirsin! Täze ýylyňyz mübärek bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
30.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.12
Çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
29.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow