Türkmenistan parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmek ugry bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar—aýry-aýry döwletler hem-de halkara we sebit guramalary bilen dostlukly, özara ynanyşmak häsiýetindäki gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty bilen baglylykda Türkmenistanyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary tarapyndan 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen köpsanly işewür duşuşyklarda we syýasy gepleşiklerde, köptaraply forumlarda we “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşliklerde, möhüm ähmiýetli medeni çärelerde aýdyň beýanyny tapdy. Bu wakalaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan işleriniň gerimini hem-de ähmiýetini açyp görkezýär. Şol işler bolsa ýurdumyzyň ykdysady, serişdeler kuwwatyny hem-de zähmetsöýer halkymyzyň mümkinçiliklerini has doly açyp görkezmäge we olardan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly meýilnamalaryny, giň möçberli ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde Birleşen Milletler Guramasy ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. 9-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde hanym Ýelena Panowa bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde howpsuzlyk, ösüş hem-de ynsanperwerlik ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ý.Panowa Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Hemişelik wekili we BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili wezipesine bellenildi. Taraplar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamalary durmuşa geçirmäge hem-de Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, sebitde öňdäki orny eýeleýän Türkmenistanyň Durnukly Ösüş Maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyran ýurtlaryň ilkinjileriň biri bolandygy, olary döwlet meýilnamalara hem-de maksatnamalara ornaşdyrmak üçin bilelikdäki işiň başyny başlandygy aýratyn nygtaldy. Şol gün Daşary işler ministrliginde Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Malik kabul edildi. Ol ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlady. Diplomat şu ýyllaryň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de ilçihananyň işine goldaw berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de umumy abadançylygyň bähbidine işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Ýanwar aýynyň ortalarynda Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatrynda geçirilen iki doganlyk ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sun Weýdun baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary mübärekläp, biziň halklarymyzyň dostlugynyň çuňňur köklerini belledi. Biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň taryhy iki müň ýyldan hem geçýär. Şol döwürlerde ýurtlary Beýik Ýüpek ýoly baglanyşdyrypdyr. Nygtalyşy ýaly, häzirki zaman tapgyrda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegi syýasy taýdan ynanyşmagyň ýokary derejesi, iki döwletiň Liderleriniň -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň berk dostlugy, ýurtlarymyzyň ösüş strategiýasynyň gabat gelmegi we halklaryň däp bolan dostlugy saklamaga hem-de ony geljekki nesillere ýetirmäge bolan islegleri bilen şertlenendir. Hytaýly myhmanlaryň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynda şeýle hem Lebap welaýatynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde bilelikde işleýän türkmen we hytaý hünärmenleri üçin Sinszýan – Uýgur awtonom etrabynyň tans we aýdymçy toparynyň çykyşlary göz öňünde tutuldy. Ýanwarda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi Kim Hen Çžun işläp başlady. Diplomat bilen Mejlisde hem-de Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyklaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy, taraplaryň ikisi hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini we taýýardygyny tassyklady. “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan habara laýyklykda, 17-nji ýanwarda Aşgabatda “TAPI Pipeline Company Limited” we “ILF Beratende Ingenieure GmbH” kompaniýalarynyň arasynda taslamanyň öňýanyndaky resminamalary işläp taýýarlamak (Front End Engineering & Design) hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystan-Pakistan bölegi üçin taslama dolandyryşy we tehniki gözegçilik boýunça hyzmatlary amala aşyrmak baradaky şertnama gol çekildi. “ILF Beratende Ingenieure GmbH” kompaniýasynyň wekilleri şertnamany durmuşa geçirmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň wajypdygyny nygtap, kompaniýanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ählisini bellenen möhletde ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassykladylar. Häzirki wagtda Türkmenistanda gurulýan gaz geçirijisiniň ugruny içgin öwrenmek işi doly tamamlandy. “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasy taslama gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen işjeň gepleşikleri alyp barýar. Dürli meseleler, şol sanda kompaniýanyň paýyna gatnaşmak, taslamany maliýeleşdirmek, dünýäniň ähli ýerlerinden eksport-karz agentlikleriniň kömegi bilen halkara ösüş banklar arkaly maliýeleşdirmek meseleleri öwrenilýär. Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde işjeň orun eýeläp, abraýly halkara hem-de sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler geňeşiniň musulman azlygy baradaky mesele boýunça nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy. Bu mejlis 19-njy ýanwarda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Yslam hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň 57-siniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Malaýziýanyň daşary işler ministri jenap Anifah Aman bilen duşuşyk geçirdi, onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini hem-de halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 24-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmek we kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary çagyryldy. Duşuşykda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili L.Frebort, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa, ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkeziniň ýolbaşçysy Ý.Drozd, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Ş.Nilofer, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň uly syýasy geňeşçisi A.Pupols, ÝUSAID-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň direktory K.Miller çykyş edip, bu ugurda tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça anyk teklipleri öňe sürdüler. 24-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Farruh Homiddin Şarifzoda bilen duşuşdy. Onuň barşynda häzirki wagtda ýurtlaryň ikisiniň hem netijeli gatnaşyklaryň tejribesini has-da baýlaşdyrmaga, ony täze taslamalar arkaly berkitmäge taýýardygy nygtaldy. Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary iki döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine ýardam edýär. Bu toparyň nobatdaky mejlisi 26-njy ýanwarda Aşgabatda geçirildi. Duşuşyga gatnaşmak üçin Täjigistanyň energetika we suw serişdeleri ministri U.Usmonzodonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi. Duşuşykda meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. 25-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Özbek wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary S.Nyýazhojaýew ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary seljerildi. Dürli derejede saparlaryň alşylmagy hem-de syýasy we işewür duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi şol gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şol gün daşary syýasat edarasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy A.Ramatowyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Toparyň agzalary ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen birlikde, däp bolan medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň hem-de sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny bellediler. 26-njy ýanwarda Aşgabatda Suw hojalygy döwletara utgaşdyryjy toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Orta Aziýa ýurtlarynyň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Toparyň şu gezekki mejlisi Türkmenistanyň Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna ýakyn üç ýylyň (2017-2019) dowamynda başlyklyk edip başlanyndan soň goňşy ýurtlaryň suw hojalykçylarynyň ilkinji duşuşygydyr. Mejlisiň çäklerinde 2016-njy ýylyň ekinleri suwaryş döwrüniň jemlerine, şeýle hem suw toplamagyň bellenilen möçberleri we Syrderýanyň we Amyderýanyň kenarlaryndaky suw howdanlarynyň doldurylyşynyň çaklama möçberlerine garaldy, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi olaryň derejesine bagly bolup durýar. 26-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory hanym Liliýa Burunçugyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen gepleşikler geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanda maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, hususy kärhanalary hem-de telekeçileri maliýeleşdirmegiň elýeterliligini giňeltmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bütindünýä bankynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ulag ulgamy hem-de dikeldilýän energiýa serişdeleri we suw diplomatiýasy babatda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek baradaky halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. 27-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Müsür Arap Respublikasynyň wekiliýeti kabul edildi. Wekiliýete “Zenanlar daşary syýasatda” toparynyň başlygy, Müsüriň maşgalanyň we ilatyň işleri baradaky ozalky ministri hanym Muşir Hattab ýolbaşçylyk etdi. Ol Afrika sebitiniň ýurtlaryndan ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň wezipesine dalaşgär bolup durýar. Türkmenistanyň täsin taryhy we medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de wagyz etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyz diňe bir taryhy-arheologiki ýadygärlikleri däl, eýsem, täsin tebigy desgalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizmek babatda teklipleri taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Ýanwar aýynyň ahyrynda Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnak Aşgabada iş sapary bilen geldi. Ol Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Myhman Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine taýýarlyk görlüşi baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmak bilen, Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşmaça itergi berjekdigini hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýan energetika howpsuzlygynyň wajyp meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigini nygtady. Hususan-da, Aşgabatda, Brýusselde, Gonkongda we Nýu-Ýorkda - BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň derwaýys meseleleri boýunça Energetika Hartiýasynyň iri forumlaryny, bilermenleriň duşuşyklaryny, ýokary derejeli halkara maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylyň başynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görmek işleri giň gerime eýe boldy. “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary bilen geçiriljek Aziada – 2017-ni giňden şöhlelendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýleki döwlet düzümleri bilen bilelikde dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň häzirki güni, onuň gazanýan üstünlikleri hem-de bu iri sport baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri bilen giňden tanyşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň ýörite Meýilnamasyny işläp taýýarladylar. Göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak üçin daşary ýurtlaryň meşhur teleýaýlymlary bilen hyzmatdaşlyk etmek, milli hem-de daşary ýurtlaryň elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda Milli Olimpiýa komitetiniň we Halkara sport federasiýalarynyň web-serişdelerinden işjeň peýdalanmak, dürli žurnallaryň hem-de gazetleriň ýörite sanlaryny taýýarlamak we neşir etmek meýilleşdirilýär. Aziýa oýunlaryny giňden beýan etmekde tanyşdyryş çärelerine möhüm ähmiýet berilýär. Gyşky Aziýa oýunlarynda (fewral, Ýaponiýa), Bütindünýä gyşky uniwersiadada (ýanwar-fewral, Gazagystan), Yslam sport oýunlarynda (iýul, Azerbaýjan) we beýlekilerde şeýle sport forumlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýörite sergiler hem-de tanyşdyryş çäreleri, şol sanda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky we Ženewadaky ştab-kwartiralarynda degişli çäreler, halkara maslahatlar, media-forumlar hem-de brifingler guralar. 18-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görülmegine bagyşlanylan metbugat maslahaty boldy. Maslahata Aziada-2017-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, türkmen žurnalistleri we halkara sport ýaryşlaryny guramak boýunça daşary ýurt hünärmenleri gatnaşdylar. Iri sport ýaryşlaryny, şol sanda 2012-nji ýylda Londonda Olimpiýa oýunlaryny guramak boýunça uly tejribä eýe bolan “Trivandi Chanzo Limited” kompaniýasynyň direktory Mik Raýt žurnalistleriň öňünde çykyş edip, iri möçberli ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegi üçin şu ugurlara: sport desgalarynyň içgin taslamalaşdyrylmagyna, ýaryşlara taýýarlyk görmegiň barşynda ähli kompaniýalaryň we guramalaryň utgaşykly işlemeklerine, meýletinçiler hem-de sport hünärmenleri üçin synaglaryň hem-de okuwlaryň geçirilmegini yzygiderli ýola goýulmagyna aýratyn üns bermelidigini belledi. Bu bolsa şu ýylyň güýzünde geçiriljek toplumlaýyn bäsleşikleriň ýokary derejede guraljakdygyna ynam döredýär. 20-nji ýanwarda Halkara Olimpiýa komitetiniň Lozannadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň HOK-yň Prezidenti jenap Tomas Bah bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde sporty wagyz etmek hem-de ýokary derejeli halkara çäreleri üstünlikli geçirmek üçin döredilen şertler barada gürrüň berip, Aziada-2017-ini, şol sanda Halkara olimpiýa komitetiniň howandarlygynda dürli çäreleri geçirmek üçin Aşgabatda gurlan köpugurly sport desgalaryny ulanmakda tagallalary birleşdirmek baradaky teklibi öňe sürdi. Tomas Bah Türkmenistanyň döwrebap sport desgalaryny gurmak hem-de sporty giňden wagyz etmek arkaly köpçülikleýin sporty ösdürmäge uly goşant goşýandygy üçin hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän Halkara olimpiýa komitetiniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Geçen aý şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlaryň öňýanynda guralýan çäreler bilen hem ýatda galar. Bu saýlawlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda esasy wakalaryň birine öwrüler. Saýlawlara milli hem-de daşary ýurtlardan we iri halkara guramalaryndan, şol sanda GDA-dan, ŞHG-dan hem-de ÝHHG-den çagyrylan halkara synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklyk hem-de aýanlyk ýagdaýynda geçirilmegine ýardam eder. Synçylara özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň barşyna hem-de saýlawlar gününde ses berlişine syn etmäge mümkinçilik dörediler. Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar boýunça saýlaw möwsümine syn etmäge ilkinji bolup Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary girişdi. Oňa GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Wiktor Guminskiý ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda geçirilen duşuşygyň barşynda halkara synçylara degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Myhmanlar Merkezi saýlaw topary tarapyndan göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasy, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň sanawy, taýýarlanan saýlaw resminamalarynyň nusgalary we ýerlerde geçirilen işler bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, Merkezi saýlaw toparynyň ýardam bermeginde Toparyň ştaby açyldy. Ol ýörite tehniki enjamlar we aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edildi. Häzirki wagta çenli Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Özbegistandan, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinden, GDA agza döwletleriň Parlamentara assambleýasyndan Belarus we Russiýa bileleşiginiň Parlament ýygnagyndan synçylaryň 70-den gowragy işlemek üçin resminamalaryny berdiler. W.Guminskiniň belleýşi ýaly, GDA-nyň synçylar topary öz işini umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň esasynda amala aşyrar, garaşsyzlyk we syýasy bitaraplyk, döwletiň içerki işine hem-de saýlaw prosesine gatyşmazlyk ýörelgelerine eýerer. Ýanwar aýynyň ahyrynda GDA-dan synçylar toparynyň agzalary duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň başlygy, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň käbiriniň ynanylan adamlary bilen duşuşyklary geçirdiler, şeýle hem Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda uçastok saýlaw toparlaryna baryp gördüler we olary tehniki taýdan üpjün etmek, toparlara usulyýet goldawyny bermek, saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek boýunça geçirilýän işler bilen tanyşdylar. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryna baryp görmek meýilleşdirilýär, onuň netijesi boýunça degişli hasabat çykarylar. 2017-nji ýylyň ýanwar aýyda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan geçirilen halkara ähmiýetli wakalary bilen bagly däp bolan synymyzy tamamlap, olaryň ählisiniň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini aýdyňlyk bilen görkezendigini bellemelidiris. Munuň özi bolsa ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.