Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar
Çap edildi 20.12.2025
53

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy. Bu dialogyň esasy maksady sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we dünýä jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly Merkezi Aziýada durnukly ösüşe ýardam bermekden ybaratdyr.

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” formatyna diňe bir diplomatik duşuşyklar üçin meýdança hökmünde däl, eýsem, halkara gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda-da netijeli gural hökmünde garaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly ýurdumyz dialogyň çäklerinde özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ileri tutýar. 2017-nji ýylda Aşgabatda bu dialoga agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanyň sebitiň ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň bähbitlerini umumy maksatlaryň daşyna jemläp bilýändigini görkezdi. Ýurdumyz dialogyň çäklerinde bu hyzmatdaşlyga anyk ykdysady mazmun bermäge çalyşýar. Diýarymyzda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda iri gazhimiýa senagat kärhanalarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Döwletimiz formatyň çäklerinde Merkezi Aziýany dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan durnukly ulag-logistika geçelgelerini döretmek başlangyjyny işjeň ilerledýär. Durnukly infrastruktura Ýewraziýa yklymynda ykdysady ösüşiň esasy şerti hökmünde garaýan Ýaponiýa ýurdumyzyň bu başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Dialog boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki döwri ekologiýa we “ýaşyl” energetika ýaly ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen tapawutlanýar. Türkmenistan daşky gurşawa goýberilýän zyňyndylary azaltmak üçin ýapon innowasiýalaryny ornaşdyrmagy teklip edip, karbonsyzlaşdyrmak boýunça sebit “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamaga netijeli gatnaşýar.

“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň geçirilmegi bu formatyň ösüşinde taryhy pursat boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy Türkmenistanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy milli we sebit derejesindäki strategik taslamalara öwürmäge ukyply ýurt hökmünde dialogda eýeleýän möhüm ornuny tassyklady.

...Sammitiň geçirilýän ýerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy bilelikde surata düşdüler. Wekiliýet Baştutanlarynyň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti geçirildi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri ýokary derejeli duşuşygy açyp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin sammite gatnaşyjylara hoşallyk bildirdi we Ýaponiýanyň dialogyň şu formatyny döretmek boýunça başlangyjy öňe sürmek bilen, durnukly we gülläp ösýän sebit hökmünde Merkezi Aziýanyň möhüm ornuny ykrar edýändigini belledi. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşlary bolup durýandygyny nygtady.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Ýaponiýanyň Hökümetine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň şu günki duşuşyga häzirki ählumumy geoykdysady we syýasy ýagdaýlary, dünýä ösüşiniň merkezi hökmünde Aziýanyň barha artýan ornuny nazara alyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary hil we many-mazmun taýdan täzelemek üçin möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle ýagdaýda we täze meýilleridir şertleri göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň tebigy proses bolup durýandygyny belläp, şu sammitiň geçirilmeginiň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ýola goýmaga, dialogyň işjeň gatnaşyjylary bolmaga taýýardyklarynyň aýdyň subutnamasydygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz bu gün Tokioda bilelikde Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň binýadynyň goýulýandygyny, birek-biregi has gowy tanamak we ýakynlaşmak, ynanyşmak, açyklyk ýagdaýyny berkarar etmek üçin şertleriň döredilýändigini nygtap, bu ýörelgeleriň kesgitleýji ýörelgeler boljakdygyna, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyga oňyn täsir etjekdigine, bilelikdäki giň möçberli başlangyçlary we taslamalary amala aşyrmaga ýardam berjekdigine pugta ynam bildirdi. Biz “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň sammitiniň yzygiderli esasda geçiriljekdigine umyt edýäris. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň hut şeýle formaty we derejesi bilelikdäki mümkinçilikleri has netijeli ulanmaga, zerur netijäni gazanmaga mümkinçilik berer diýip hasaplaýaryn. Türkmenistan dialog boýunça hyzmatdaşlar bilen döredijilikli iş alyp barmaga taýýardyr. “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti, hakykatdan-da, ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň taryhynda aýratyn orny eýeleýär. Biziň döwletlerimiz ilkinji gezek ýokary derejede bilelikde ýygnanyşyp, uzak möhletleýin, durnukly hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga umumy gyzyklanmalary tassykladylar. Türkmenistan üçin gatnaşyklaryň şeýle formaty uly ähmiýetli şert, daşary syýasat we ykdysady strategiýanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Bu strategiýada Ýaponiýa dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjylarynyň biri we halkara bileleşigiň ählumumy ýagdaýlaryň ösüşine möhüm goşant goşýan abraýly hem-de ygtybarly agzasy hökmünde mynasyp orun eýeleýär.

Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy hem-de iş ýüzünde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýapon işewürliginiň sebitiň ösdürilmegine işjeň gatnaşmagy hyzmatdaşlygyň, gürrüňsiz, ileri tutulýan ugry hasap edilýär.

Indi köp ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz “Mitsubishi”, “Kawasaki”, “Sumitomo”, “Toyo”, “Sojitz”, “Komatsu”, “Toyota” ýaly meşhur ýapon kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, gaz pudagy, himiýa senagaty, elektroenergetika, ulag, suw hojalygy ýaly strategik taýdan ähmiýetli ulgamlarda iri we uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistanda Ýaponiýa bilen ýetilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýola goýlan mehanizmleriniň derejesine ýokary baha berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu hyzmatdaşlyk netijelidigini we özara bähbitlidigini görkezdi. Energetika, senagat ulgamynda bilelikdäki iri taslamalaryň amala aşyrylmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu taslamalar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň gerimini we mümkinçiliklerini açyp görkezýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly serişdelere eýedirler. Biziň umumy wezipämiz dialoga gatnaşyjylaryň ählisiniň güýçli taraplaryny doly herekete getirmek bilen, hakykatdan-da, möhüm ähmiýetli we strategik ugurlarda tagallalarymyzy birleşdirmekden ybaratdyr. “Ýaşyl” geçiş şeýle ugurlaryň biridir. Türkmenistan Ýaponiýanyň “ýaşyl” energetika we durnukly ösüş ulgamyndaky başlangyçlaryna uly gyzyklanma bilen garaýar. Dünýäde energiýa serişdelerine baý bolan iri ýurtlaryň biri hökmünde bu ulgamda hyzmatdaşlyk biziň üçin ägirt uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistan energiýa tygşytlaýjy, metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini we beýleki ugurlaryny ornaşdyrmak syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Wodorod energetikasy aýratyn üns berilmegini talap edýän meseledir. Wodorodyň geljegiň energiýasydygyna düşünip, biz häzirden ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny öwrenmäge girişdik. Sukuba uniwersiteti hem-de onuň degişli düzümleri biziň bu ugurdaky hyzmatdaşymyzdyr. Umuman, biz “ýaşyl” energetika, energiýa tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa önümçilik ulgamynda baý tejribä we ýokary tehnologiýalara eýe bolan Ýaponiýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýäris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüniň üstüni ýetirdi.

Nygtalyşy ýaly, dialogyň çäklerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde ählumumy tagallalaryň bölegi hökmünde Merkezi Aziýada “ýaşyl” geçişiň umumy çemeleşmelerini işläp taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, “ýaşyl” diplomatiýanyň — halkara giňişlikde bilelikdäki jogapkärçilige esaslanýan hem-de geljegiň bähbidine alnyp barylýan işlerde hyzmatdaşlyk nusgalarynyň ilerledilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda howanyň üýtgemegi bilen bagly, şol sanda sebitde ýöriteleşdirilen merkezleriň, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi baradaky başlangyçlary goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi möhüm hasaplanýar. Bu meselede Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz özara baglanyşyk barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň ulag we üstaşyr baglanyşygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi. Biz hyzmatdaşlygyň adalatly, inklýuziw ýörelgeleriniň kemala getirilmeginiň zerurdygyndan ugur alýarys. Şunda täze ugurlar ozal hereket edýänleriniň ýerini tutman, olaryň üstüni ýetirýär. Biziň ýurdumyz Ýewropany, Ýakyn Gündogary hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitini birleşdirýän multimodal ulag taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär. Öz maliýe we maddy serişdelerimizi bu taslamalara gönükdirýäris. Mysal üçin, Türkmenistan birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, öz serişdeleriniň hasabyna Hazaryň kenarynda häzirki zaman Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzilleriniň, Türkmenistany goňşy ýurtlar bolan Gazagystan, Eýran, Owganystan bilen birleşdirýän täze demir ýollaryň gurluşygyny we olaryň ulanmaga berilmegini üpjün etdi. Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerine çenli uzaýan awtomobil ýollarynyň gurluşygy işjeň alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Bellenilişi ýaly, adam mümkinçiliklerini ösdürmek möhüm ugur bolup durýar. Merkezi Aziýa ýaş we okgunly ösýän, bilim, ylym, tehnologiýalar, ynsanperwer alyşmalar ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ilatyň jemlenen sebitidir. Türkmenistan Ýaponiýa bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi häzirki wagtda ýapon dilini öwrenýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň, talyplaryň we akademiki toparlaryň gatnaşyklaryny üpjün etmek maksady bilen, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” ýaşlar forumyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edýäris. Şeýle hem “Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň zenanlarynyň dialogy” atly hemişelik hereket edýän platformany döretmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurtlarymyzyň zenanlarynyň giň ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň bu teklibiň baş maksadydygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman şertlerinde açyk we oňyn halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny nygtap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly senesine bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen iri halkara forumyň ähmiýetini belledi. Bu forum häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy, ynanyşmagy we dialogy pugtalandyrmak ýaly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin abraýly halkara meýdança öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, bu foruma işjeň gatnaşan “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň gatnaşyjylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan Bitarap döwlet bolmak bilen, ähli halkara meseleleriň diňe parahatçylykly ýollar arkaly, BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda çözülmelidiginden ugur alýar. Halkara hukugy ileri tutmak ýörelgelerini berjaý etmek, halkara hukuk binýadyny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak, şeýle hem BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň, beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň iş ýüzünde berjaý edilmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmak esasy şert bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we sammite gatnaşyjylardan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldamagy haýyş etdi.

Aziýada ynanyşmagy pugtalandyrmak hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň kadalary we ýörelgeleri esasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly şertleri döretmek ileri tutulýan ugurlaryň ýene biridir. Şeýle hem Türkmenistan ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk, ýadro synaglarynyň ähli görnüşlerini gadagan etmek, ýaragsyzlanmak tertibini üpjün etmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Bu ugurlarda hyzmatdaşlyga ählumumy howpsuzlyga, strategik durnuklylyga möhüm goşant hökmünde garaýarys diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.

“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasynda ynanyşmagy, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge hem-de bu formatyň işjeň gatnaşyjysy bolmaga taýýardygyny tassyklady. Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň halklarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine hem-de halkara hyzmatdaşlygyň durnukly we netijeli gurallaryny kemala getirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynam bildirdi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri çuň manyly çykyşy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipleriň möhüm ähmiýetini belledi.

Sammite gatnaşyjylar energiýa serişdelerini ibermegiň durnukly zynjyrlaryny pugtalandyrmak, Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmek, senagat we beýleki ulgamlara emeli aňy ornaşdyrmak, Merkezi Aziýada wodorod energetikasy tehnologiýalaryna maýa goýumlary çekmek, medeni we akademiki alyşmalary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň sammitiniň Tokio Jarnamasy hem-de ykdysadyýet we energetika babatda ministrler derejesindäki Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Şol gün wekiliýet Baştutanlary “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahatynyň plenar mejlisine hem gatnaşdylar. Plenar mejlisde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti çakylygy kabul edip, sammite gatnaşandyklary üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlaryna hoşallyk bildirip, duşuşygyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra plenar mejlisiň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalary yglan etmek dabarasy boldy. Dabaradan soňra, Ýaponiýanyň Premýer-ministri we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary resminamalary alşan wekiller bilen ýadygärlik surata düşdüler we ol ýerden ugradylar.

Işewürlik maslahatynyň dowamynda “Ýaşyl” energetika we durnuklylyk”, “Sanly özgertmeler we özara baglanyşyk”, “Maliýe, adam serişdeleri we jemgyýetçilik ulgamynyň işewürligi ösdürmekde eýeleýän orny” atly mowzuklaýyn mejlisler geçirildi. Foruma türkmen tarapyndan ýurdumyzyň degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň giň wekilçilikli düzümi gatnaşdy.

Ýaponiýa iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.

...Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyran iş sapary we “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjek möhüm waka boldy. Saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalaryň toplumy bolsa ýakyn geljekde giň möçberli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýdy.

* * *

Hormatly Prezidentimiziň iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýet agzalary Ýaponiýanyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
21.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary
20.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitindäki ÇYKYŞY
20.12
Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar
20.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
20.12
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
20.12
Sylaglary gowşurmak dabaralary
20.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
20.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşygy
top-arrow