Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
Çap edildi 19.12.2025
2227

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

Endo Toşiaki belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, soňky ýyllarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli syýasy dialogyň netijesinde täze derejä çykandygyny belledi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de ol Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Endo Toşiaki hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň uly üns çekendigini we serginiň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolandygyny belledi. Ol pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny, Türkmenistanyň onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi.

Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şunda parlament diplomatiýasyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklaryň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Parlamentara dostluk toparlarynyň yzygiderli duşuşyklary kanun çykaryjylyk edaralarynyň arasyndaky işjeň we netijeli özara hereketleriň aýdyň mysalydyr.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň esasy guraly hökmünde parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlamentara forumyny geçirmek barada öňe süren başlangyjynyň ähmiýetine üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklarda durnukly, uzak möhletleýin, özara bähbitli häsiýete eýe bolan ykdysady hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini aýdyp, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşýan goşandyny belledi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgama, hususan-da, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ugurlaryna möhüm orun degişlidir.

Endo Toşiaki Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň köpugurly döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly hukuk we syýasy binýady üpjün edýändigini aýdyp, parlamentara dostluk toparlarynyň alyp barýan işiniň kanun çykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni alyşmak bilen bir hatarda, ykdysady taslamalary, medeni-ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirmäge, halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmaga hem ýardam berýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow