Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy
Çap edildi 17.12.2025
124

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Häzirki döwürde däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri giň möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty özara ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge güýçli itergi berýär.

2009-njy ýylyň dekabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa amala aşyran ilkinji resmi sapary döwletara gatnaşyklary düýpli özgerden aýratyn tapgyr boldy. Bu sapar diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmak bilen çäklenmän, eýsem, uzak möhletleýin senagat hyzmatdaşlygynyň konsepsiýasynyň hem binýadyny goýdy. Türkmenistan we Ýaponiýa halkara guramalaryň meýdançasynda ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine yzygiderli hyzmatdaşlyk edýärler. “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr.

Milli bähbitleriň özara baglanyşygy häzirki wagtda sebitiň energetika we ekologiýa gün tertibini kesgitleýän ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. “Kawasaki Heavy Industries”, “Mitsubishi Corporation”, “ITOCHU”, “Sojitz” ýaly öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlygyň netijesinde sebitde deňi-taýy bolmadyk önümçilik kärhanalary döredildi. Ahaldaky tebigy gazdan ekologik taýdan arassa benzin öndürýän zawod şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir. Gyýanlyda polimer zawodynyň, Garabogazda karbamid zawodynyň işe girizilmegi bu strategiýanyň dowamy boldy. Bu taslamalar Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň senagat taýdan ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrdy.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Aşgabatda ýapon bilim standartlary boýunça işleýän Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylmagy uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin hünärmenleriň täze neslini taýýarlamakda wajyp ädim boldy. Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmegi, türkmen ýaşlarynyň Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde hünär tejribeligini geçmekleri iki ýurduň ýaş nesillerini baglanyşdyrýan intellektual köpri bolup hyzmat edýär.

Ýaponiýa şu gezekki sapary hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň dowamynda bu ýurda amala aşyrýan ikinji saparydyr. Mälim bolşy ýaly, aprel aýynda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa sapary amala aşyryp, onuň dowamynda “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşdy, şeýle-de ýokary derejedäki duşuşyklary geçirdi. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň milli pawilýony bu giň möçberli sergide ilkinji bolup açyldy we iň gelim-gidimli pawilýonlaryň biri boldy. Umuman, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilip, dürli ulgamlarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.

Soňky habarlar
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
17.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy
17.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Ýaş aýdymçylary «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda
17.12
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
17.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli halkymyza GUTLAGY
17.12
Ýaş estrada aýdymçylarynyň «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
16.12
Parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesi
16.12
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi
16.12
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Aşgabat Jarnamasy
16.12
«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy
top-arrow