Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesi
Hepdäniň wakalary
Parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesi
Çap edildi 16.12.2025
108

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny uludan toýlady. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasat ugruna yzygiderli eýerýär. Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyzyň şanly sene mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Bitaraplyk Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän ýurdumyza daşary syýasat strategiýasy boýunça giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş babatda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýän we jebisleşdirýän başlangyçlary öňe sürmek hem-de durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçen hepdäniň esasy wakasy boldy. Forumda döwlet we hökümet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary sebit howpsuzlygy, ykdysady hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

12-nji dekabrda ir bilen ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular. Onuň öňüsyrasynda binanyň ýanyndaky meýdançada ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň giň wekilçilikli düzüminiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we BMG-niň baýdagy dabaraly ýagdaýda belende galdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz forumda çykyş edip, Bitaraplygyň we onuň netijesi bolan «Açyk gapylar» daşary ykdysady syýasatynyň içerki ösüş üçin amatly daşarky şertleri üpjün edip, Türkmenistana ykdysady, durmuş ösüşiniň ýokary depginlerini gazanmaga mümkinçilik berýändigini, ilatyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga, depginli söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny alyp barmaga, iri halkara taslamalary amala aşyrmak üçin özüne çekiji, ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş bolmaga şert döredýändigini nygtady. “Şoňa görä-de, biz Bitaraplygyň üýtgewsiz gurluş däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän hem-de täze üýtgeşmelerdir meýillere seslenýän janly döredijilik ýagdaýydygyny hemişe belleýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip etdi. Bu başlangyç Bitaraplygyň tejribe häsiýetini ösdürmäge, ylmy-barlag, bilim işini amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumda eden maksatnamalaýyn çykyşynda Türkmenistanyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň tötänleýin däldigini, onuň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly, durnukly amala aşyrylmagynyň, dürli çylşyrymly ýagdaýlary diňe syýasy-diplomatik ýollar hem-de usullar arkaly çözmek üçin oňyn şertleriň kemala gelmegine gönükdirilen parahatçylyk söýüji, Bitarap döwlet hökmündäki köpýyllyk tagallalarynyň kanunalaýyk tapgyryna öwrülendigini belledi. Gahryman Arkadagymyz parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň çägindäki hyzmatdaşlygyň işleriň giň gerimini öz içine almalydygyny, howanyň üýtgemegi, arassa agyz suwuna, howa, häzirki zaman lukmançylygyna, ilkinji bilime elýeterlilik, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ýaly wajyp durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän döwletlerdäki hem-de halkara guramalardaky hyzmatdaşlar bilen bilelikde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň howandarlygynda geljegi uly täze hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak teklip edildi.

Döwlet we hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary forumda çykyş edip, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde türkmen Bitaraplygynyň möhüm ornuny bellediler. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasatyny ösdürmäge, deňhukuklylyk, ynanyşmak, adalatlylyk, dialog medeniýeti, özara düşünişmek gymmatlyklaryň ykrar edilmegine we çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça ählumumy tagallalary goldamaga gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berildi.

Hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň forumda beýan eden teklipleri goldanyldy. Jemleýji resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen döwlet we hökümet Baştutanlary bilen duşuşdy. Şolaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa, Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini, Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bar. Şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin iri daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda «Toyo Engineering Corporation», «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek, BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklar ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar netijeli dialoga ygrarlydyklaryny tassykladylar we ählumumy wehimlere garşy çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen döwlet Baştutanlary we halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu, Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo bilen geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we ynsanperwer hyzmatdaşlygy üpjün etmekde möhüm strategik ornuny kesgitledi.

Milli Liderimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han, Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malik bilen hem duşuşdy. Geçirilen duşuşyklar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitleýin we ählumumy durnuklylygyň, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň esasy şerti hökmünde wajyp ähmiýetini görkezdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger, Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň dowamynda myhmanlar Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilen günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda daşary ýurtlaryň raýatlaryna we Türkmenistanyň hormatly ýaşulularyna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy.

Geçen hepdede Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletinde saparda boldy. Saparyň çäklerinde O.Atabaýewa “Diplomatiýa, dialog, dürlülik” şygary astynda geçirilen Doha forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de türkmen-katar gatnaşyklarynda möhüm tapgyry alamatlandyrýan birnäçe duşuşyklary geçirdi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylmagy ýurdumyzda çagalar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň aýdyň güwäsidir. Gaznanyň şahamçasy jana şypaly howasy we ösen infrastrukturasy bilen meşhur bolan gözel künjekde ýerleşmek bilen, çagalara toplumlaýyn lukmançylyk kömegini guramak, haýyr-sahawat çärelerini geçirmek, çagalar üçin lukmançylyk maslahatlaryny we medeni çäreleri guramak üçin utgaşdyryjy merkez bolar.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy. Onuň dowamynda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda agzalan iki gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň başlyklyk etmeginde «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi.

Gaznanyň wise-prezidenti öz çykyşynda adam maýasyny ösdürmek, innowasion işler we medeni mümkinçilikler babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Halkara hyzmatdaşlyk mehanizmleri hökmünde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde bilelikdäki tagallalar bilen Çagalaryň saglygy hakynda ählumumy pakty hem-de «Ynsanperwer merkezler» atly zenanlary we çagalary goldamak merkezleriniň halkara toruny döretmek teklip edildi. Forumyň jemleri boýunça durmuş we ynsanperwer ulgamlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Halkara maslahatyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa wekiliýet ýolbaşçylary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda bu forumyň Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine we halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, bilelikdäki taslamalary we durmuş ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmäge ulgamlaýyn çemeleşmelerini görkezdi. Munuň özi zenanlaryň hukuklaryny ilerletmek üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda möhüm ädim bolar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen giň gerimli sergi milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň mümkinçiliklerini görkezmek, telekeçiligi ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin wajyp meýdança öwrüldi. Sergide döwlet we hususy kärhanalar senagat, energetika, oba hojalygy, gurluşyk, sanly tehnologiýalar ýaly ugurlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar.

Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” atly hödürnamany Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

14-nji dekabrda ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini görkezmek bolar. Gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen halkara bazarlara çykarmagyň esasy çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu gaz käni daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna tapgyrlaýyn hem-de maksatlaýyn esasda özleşdirilýär.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň möhüm ähmiýetli wakalary Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ählumumy abadançylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen täze, netijeli başlangyçlary öňe sürýär.

Soňky habarlar
16.12
Parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesi
16.12
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi
16.12
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Aşgabat Jarnamasy
16.12
«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy
16.12
Türkmen alabaýynyň halkara ykrarnamasy
16.12
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
16.12
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.12
Hormatly Prezidentimiz bilimde we sportda tapawutlanan raýatlary sylaglamak dabarasyna gatnaşdy
15.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we
15.12
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
top-arrow