Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 11.12.2025
920

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gonan nobatdaky uçardan düşen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany mähirli garşylady. Belent mertebeli eýranly myhmana ter gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.

Soňra howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen otagynda türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda gysgaça ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Milli Liderimiz Eýranyň Prezidentine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Aşgabada gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Goňşy ýurduň Baştutany çakylyk üçin hoşallygyny bildirip, Aşgabatda geçiriljek iri halkara maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş, dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli guraldygyny subut etdi. BMG onuň tutuş sebit üçin ähmiýetini ykrar etmek bilen, bu hukuk ýagdaýyny birnäçe gezek tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmek babatda garaýyşlar beýan edilip, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada gysgaça durlup geçildi. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekde-de özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Soňky habarlar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
top-arrow