Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 11.12.2025
793

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz goňşy ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, ýurdumyza gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Prezident Masud Pezeşkianyň bu ýokary wekilçilikli maslahata gatnaşmagynyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatyna berilýän ýokary bahanyň nyşany hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.

Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň sebitde we dünýäde parahatçylyk taglymlaryny ilerletmäge möhüm goşant boljakdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Masud Pezeşkianyň saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirip, Eýranyň ýurdumyzyň dosty we ýakyn goňşusydygyny, türkmen we eýran halklarynyň taryhyň dowamynda doganlyk gatnaşyklary saklap gelýändiklerini aýtdy. Taryhyň, ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygy ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.

Bellenilişi ýaly, Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň iň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Soňky ýyllaryň görkezijileri bu gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler medeni-ynsanperwer, şol sanda ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdiler. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, geljekde hem bu ugurda tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian däp bolan dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow