Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 11.12.2025
825

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp, ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bu foruma Täjigistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.

Dostlukly döwletiň Lideri türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, halkara forumyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmon döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň onuň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýandygyny aýtdy hem-de ýurdumyzda geçiriljek halkara forumda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykaryldy. Ýokary we Hökümet derejelerinde geçirilýän yzygiderli gepleşikler, özara saparlar dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga itergi berýär. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn we halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu bolsa özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugurdaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Däp bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär hem-de iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Emomali Rahmon Türkmenistanyň we Täjigistanyň köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassyklap, iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow