Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 11.12.2025
799

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz goňşy ýurduň döwlet Baştutanyny mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, ýurdumyza gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýokary wekilçilikli forumyň işine gatnaşmagy özbek tarapynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygynyň we ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändiginiň güwäsidir.

Dostlukly ýurduň Lideri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň, türkmen Bitaraplygynyň nusgalyk häsiýete eýediginiň aýdyň görkezijisi bolup durýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýtdy hem-de paýtagtymyzda geçiriljek halkara forumyň parahatçylyk ýörelgelerini ilerletmek boýunça möhüm meýdança boljakdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Ýurtlarymyz sebit we halkara guramalaryň çäklerinde, hususan-da, BMG-niň, GDA-nyň, TDG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler hem-de birek-biregiň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Döwlet Baştutanymyz ýakynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyna ünsi çekip, bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolandygyny hem-de onuň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açandygyny nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglandygy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler özara söwda dolanyşygyny artdyrmak, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, sebitara gatnaşyklary we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, köpasyrlyk dostluga, taryhyň, medeniýetiň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow