Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Çap edildi 11.12.2025
795

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini bilen duşuşdy.

Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de belent mertebeli myhman Eswatininiň Patyşasy Mswati III-niň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Eswatininiň Patyşasyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, belent mertebeli myhmana paýtagtymyzda geçiriljek halkara maslahata gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, bu forum sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, ynanyşmak medeniýetini ösdürmek, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak babatda möhüm binýady emele getirer.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Afrika sebitiniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Bu ýurtlaryň arasynda Eswatini Patyşalygyny aýratyn görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu bolsa Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda dürli ugurlarda netijeli we işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmagyň hukuk binýadyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz soňky wagtda ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň yzygiderli häsiýete eýedigini aýdyp, Eswatininiň Patyşasy Mswati III-niň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparynyň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Eswatininiň Patyşasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça netijeli pikir alşandyklaryny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Rassel Dlamininiň Türkmenistana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Eswatini tarapynyň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
12.03
Türkmenistanyň himiýa senagaty: ösüşiň we eksportyň täze ugurlary
11.03
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent ruhy bilen
11.03
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.03
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga goşant
10.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik liderini gutlady
10.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy
09.03
Halkyň abadan durmuşy baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
08.03
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY
top-arrow