Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 11.12.2025
1653

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany paýtagtymyz Aşgabatda mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň bu ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmagynyň Prezident Abdul Latif Raşidiň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygyny, dünýäde parahatçylygyň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýändigini görkezýändigini nygtady.

Dostlukly ýurduň Lideri hoşniýetli sözler üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini belledi hem-de dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdi. Şeýle-de ol Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz halkara forumyň ählumumy parahatçylygy berkitmekde, halklaryň arasynda ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda, häzirki döwrüň meseleleriniň bilelikdäki çözgüdini işläp taýýarlamakda wajyp esas boljakdygyna, Prezident Abdul Latif Raşidiň ýurdumyza şu saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň taryhy asyrlara uzaýar. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky dostluga, birek-birege hormat goýmaga, özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn derejede hem-de abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň ony mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
top-arrow