Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 11.12.2025
1138

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kim Bo Hýony kabul etdi.

Işewür duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, ony Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forumyň geçiriljek günlerinde türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy hem-de bu forumyň ählumumy parahatçylygy berkitmekde, ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda, bilelikde häzirki zaman meseleleriniň çözgüdini tapmakda möhüm esas boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz işewüriň saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk özara hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz-himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmekde giň gerimli işleri alyp barýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Daewoo» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda «Daewoo» kompaniýasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşyk işlerini alyp barýandygyny belläp, koreý kompaniýasynyň bu taslamany ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine, onuň döwrebap tehnologiýalary, ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda döwlet hem-de sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda mundan beýläk-de netijeli işleri geçirjekdigine ynam bildirdi.

Kim Bo Hýon bildirilen uly ynam hem-de geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
top-arrow