Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 11.12.2025
63

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Prezident Ilham Aliýew Bitaraplyk toýunyň öňüsyrasynda Awazada geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahata Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň gatnaşandygyny we forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini belledi hem-de iki gaznanyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga berýän goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň ähli tapgyrlarynda Azerbaýjan Respublikasynyň möhüm orun eýeländigini aýratyn nygtady. “Azerbaýjan bu prosesde bize ikitaraplaýyn derejede, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde yzygiderli goldaw berdi. Biz hemişe azerbaýjan halkynyň doganlyk goldawyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet bolmaga ymtylmasynda raýdaşlygyny duýduk. Şoňa görä-de, men bu baýramy biziň umumy baýramymyz we umumy üstünligimiz hasaplaýaryn” diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti L.Aliýewanyň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjanyň wekiliýetiniň Awazada geçirilen halkara maslahata gatnaşmagy ýurtlarymyzyň dürli ulgamlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen birlikde, Azerbaýjanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bu forumyň üstünlikli geçirilmegine möhüm goşant goşdy. Wekiliýetiň ýolbaşçysynyň çuň manyly çykyşy bolsa maslahata gatnaşyjylaryň goldawyna we ýokary bahasyna mynasyp boldy. Milli Liderimiz Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmagynyň ýurdumyza we türkmen halkyna bildirilýän belent hormatyň, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, parahatçylygy, durnuklylygy we ynanyşmagy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlylygyň nyşany hökmünde kabul edilýändigini nygtady.

Prezident Ilham Aliýew azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny aýtdy we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bu gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandyny aýratyn belledi. Doganlyk döwletiň Baştutany iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de oňyn netijesini berjekdigine ynam bildirip, Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz halkymyzda «Toý bilen ýas bile gelermiş» diýen jümläniň bardygyny aýdyp, ertir azerbaýjan halkynyň öz umumymilli Liderini hem-de häzirki Azerbaýjanyň esaslandyryjysy Geýdar Aliýewi hatyralaýandygyny belledi. “Siziň kakaňyz görnükli syýasatçy we halkara derejeli döwlet işgäri bolupdy. Ol türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin köp işleri bitirdi. Şoňa görä-de, Geýdar Aliýewiň ady Türkmenistanda uly hormat bilen ýatlanylýar. Men onuň ýagty ýadygärligini hatyralaýaryn hem-de Türkmenistan bilen dostlugy pugtalandyrmak boýunça bitiren işleri üçin Geýdar Aliýewiň adynyň ýurdumyzda unudylmajakdygyny azerbaýjan halkyna ýetirmegiňizi haýyş edýärin” diýip, Milli Liderimiz aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
12.12
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
12.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
11.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
11.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
11.12
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
11.12
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
11.12
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
11.12
Türkmenistanyň Prezidenti Mýanmanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
11.12
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
11.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
top-arrow