Parahatçylyk döredijiligiň we ynsanperwerligiň gadymdan gelýän däpleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti dünýäde barha artýar. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň taryhy, gazanýan ösüşleri, halkara gatnaşyklardaky üstünlikleri bilen bagly möhüm wakalar mynasybetli her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryna eýerip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martynda geçirilen 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Mejlisiň kararynyň taýýarlanylandygyny mälim edipdi. Döwlet Baştutanymyz şulardan ugur alyp, 2025-nji ýylyň şygaryny “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi, bu şanly sene hem-de ýylyň şygary mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde abraýly düzümler bilen bilelikde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilendigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar, döredijilik we wagyz-nesihat çäreleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifingler, metbugat maslahatlary, sergiler, okuw, ylmy-amaly maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar guraldy. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem dürli duşuşyklar we maslahatlar geçirildi.
Şu ýylyň dowamynda Katar Döwleti, Ukraina, Azerbaýjan Respublikasy, Gruziýa, Pakistan Yslam Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Malaýziýa, Özbegistan Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Saud Arabystany Patyşalygy, Russiýa Federasiýasy, Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa, Täjigistan Respublikasy, Singapur Respublikasy, Awstriýa Respublikasy, Rumyniýa, Belarus Respublikasy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Owganystan, Hytaý Halk Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy ýaly döwletlerdäki ýurdumyzyň ilçihanalary we konsullyk edaralary tarapyndan 2025-nji ýylyň şygaryna we Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahatlar, orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuw sapaklary, brifingler, “tegelek stol” we tematiki duşuşyklar, kinofilmleriň görkezilişleri, sergiler, konsertler guraldy.
20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy şanly sene mynasybetli medeni çäre hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
21-nji ýanwarda Kiýew şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi. Türkmenistanyň Ukrainadaky diplomatik wekilhanasynyň işgärleri ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk nusgasy we onuň binýatlaýyn ýörelgeleri, häzirki döwrüň ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlary, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanylyşy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynda ýylyň şygaryna we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Onda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygynyň taryhy kökleri, ähmiýeti we ýörelgeleri dogrusynda pikir alşyldy.
24-nji ýanwarda ýurdumyzyň Gruziýadaky ilçihanasy bu ýurduň Ýazyjylar döredijilik birleşigi bilen bilelikde Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli medeni çäre, şeýle hem kitap sergisini gurady. 10-njy aprelde ilçihana Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat brifingini, 24-nji aprelde bolsa Suhumi döwlet uniwersitetiniň “Magtymguly Pyragy” okuw otagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy: parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly “tegelek stol” duşuşygyny gurady. 20-21-nji noýabrda Tbilisi şäherinde ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
27-nji ýanwarda ýurdumyzyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin geçirilen brifingde BMG tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly kabul edilen Kararnamanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen halkara gatnaşyklarda “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasynyň iş ýüzünde dabaralanýandygynyň beýany bolandygy bellenildi.
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň ilçihanasynyň başlangyjy bilen BMG-niň Pakistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy hem-de Yslamabadyň Strategik barlaglar instituty bilen bilelikde institutyň binasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly okuw maslahaty geçirildi. 15-nji martda ýurdumyzyň ilçihanasy Pakistanyň Parahatçylyk we diplomatik barlaglar instituty bilen bilelikde «Halkara parahatçylygy berkitmekde Bitaraplygyň orny» atly halkara maslahaty, 28-nji oktýabrda bolsa “tegelek stol” duşuşygyny gurady.
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasynda geçirilen çäre ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň tagallalarynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna aýratyn üns çekildi. 10-njy aprelde “Manas” gyrgyz-türk uniwersitetinde tematiki okuw sapagy guraldy. 17-nji aprelde Türkmenistanyň ilçihanasynda “tegelek stol” maslahaty, 18-nji noýabrda bolsa Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde maslahat geçirildi.
5-nji fewralda Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynyň guramagynda dostlukly futbol ýaryşy guraldy.
5-6-njy fewralda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasy Halkara Merkezi Aziýa instituty bilen bilelikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň ählumumy we sebit hyzmatdaşlygyna goşandy» atly “tegelek stol” maslahaty geçirildi.
7-nji fewralda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we bu ýurduň Kyrşehir şäheriniň Ahi Ewran uniwersiteti Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy maslahatyň bilelikdäki guramaçylary boldular. Onuň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy. Bu kitaplaryň birnäçe nusgasy ady agzalan uniwersitetiň kitaphana gaznasyna gowşuryldy. 14-nji martda brifing çäresi guraldy. 18-nji aprelde ýurdumyzyň ilçihanasy Afýon-Karahisar şäherindäki Afýon Kojatepe uniwersiteti bilen bilelikde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygy: Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar» atly ylmy-amaly maslahaty geçirdi. 5-nji maýda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygy Türkiýede bilim alýan türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagynda ýörite baýramçylyk dabarasyny gurady. 16-njy maýda bu ýurduň Alaniýa uniwersitetinde ylmy maslahat, 28-nji maýda bolsa Ankaranyň aýdym-saz we şekillendiriş sungaty uniwersitetinde medeni çäre ýaýbaňlandyryldy. 3-nji noýabrda Stambuldaky Türkiýäniň edebiýatçylar jemgyýetiniň binasynda Türkiýe Respublikasyndaky Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi dabaraly açyldy. Onuň çäklerinde döredijilik agşamy, duşuşyklar we surat sergisi geçirildi. Bu çäreleriň ählisi, şeýle hem 12-nji noýabrda geçirilen “tegelek stol” maslahaty ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlandy.
10-njy fewralda Gazagystanyň Almaty şäherindäki Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilen çäre sebitde we dünýäde parahatçylygy döretmekde hem-de howpsuzlygy goldamakda Watanymyzyň eýeleýän ornunyň barha artýandygynyň güwäsi boldy. Şeýle hem türkmen diplomatlarynyň ýokary okuw mekdebiniň rektory hem-de mugallymlary, Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşygy geçirildi. 13-nji maýda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) Konsullygy tarapyndan surat sergisi guraldy. Oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy hakynda wideoşekiller hem görkezildi. Şeýle hem 30-njy maýda we 30-njy oktýabrda dabaraly çäreler, 28-nji awgustda bolsa brifing geçirildi. Noýabr aýynda Gazagystanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahatlar guraldy.
13-nji fewralda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi. Aprel aýynda bolsa futbol we şaşka boýunça sport ýaryşlary, 17-nji noýabrda hem “tegelek stol” duşuşygy guraldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Russiýa Federasiýasynda hem birnäçe dabaraly çäreler geçirildi. 18-nji fewralda Döwlet magaryf uniwersitetinde geçirilen çäre, 21-nji fewralda Astrahan döwlet tehniki uniwersitetinde guralan konsert, 11-nji aprelde Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, Türkmenistanyň bu ýurtdaky konsullyk edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 15-nji aprelde geçirilen “tegelek stol” maslahaty, Stawropol ülkesiniň Blagodarnenskiý etrabynyň Edelbaý obasyndaky dabaraly çäre şolaryň hataryndadyr.
26-njy martda Moskwa şäherinde M.I.Rudomino adyndaky daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli kitap sergisi ýaýbaňlandyryldy. 28-nji martda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasy bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025 — hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek üçin başlangyç” atly ylmy-amaly maslahaty geçirdi. 16-njy maýda bolsa “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň baglanyşygy” atly halkara maslahat guraldy. 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň ilçihanasynyň binasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hormatyna, şeýle hem «BMG — 80 oýunlary» atly sport ýaryşlarynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy.
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda bu ýurtda, şeýle hem Singapur Respublikasynda, degişlilikde, 20-nji fewralda hem-de 14-nji martda berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanan brifingler geçirildi.
25-nji fewralda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Täjik milli uniwersitetinde şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 24-nji oktýabrda Duşenbe şäheriniň Milli kitaphanasynda Bitaraplygymyzyň şanly senesi, ýylyň şygary hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli “Ýaşlar dialogy” atly çäre guraldy.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy 25-nji fewralda brifing gurady, 4-nji aprelde bolsa Ýaponiýanyň dostlukly alyş-çalyş geňeşi bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli medeni çäre geçirildi. 30-njy maýda “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.
8-nji aprelde Awstriýa Respublikasynyň Wena şäheriniň ýaşaýjylary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan sergini synlamaga mümkinçilik aldylar. Ýurdumyzyň geçmiş taryhyny beýan edýän kitaplar we taryhy-medeni gymmatlyklar sergi ekspozisiýalarynyň hatarynda boldy. Oktýabr aýynyň başynda Wengriýanyň Lakitelek şäherinde Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýardamy bilen, ýurdumyzyň Awstriýadaky ilçihanasy tarapyndan dabara guraldy.
15-nji maýda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Ploýeşti şäherindäki Nebit-gaz uniwersiteti bilen bilelikde “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — parahatçylyk we ynanyşmak ugrunda goşant” atly halkara maslahat geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, parahatçylyk diplomatiýasynyň we jogapkärçilikli halkara gatnaşyklaryň nusgasynyň binýady hökmünde hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti beýan edildi. 16-njy iýunda Buharest şäheriniň Dimitriýе Gusti adyndaky milli oba muzeýinde “Miras arkaly sazlaşyk: Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly serginiň açylyş dabarasy, 17-nji sentýabrda bolsa Milli ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň Politehnika okuw merkezinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk» atly halkara maslahat ýaýbaňlandyryldy.
2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şarif şäheri) Baş konsullygynda 19-njy maýda “tegelek stol” duşuşygy, Kabul şäherindäki ilçihanasy tarapyndan bolsa 22-nji noýabrda dabaraly kabul edişlik guraldy.
21-nji we 28-nji maýda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly senesi hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli duşuşyklar, şeýle hem 23-nji iýulda maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Frankfurt şäheri) konsullyk edarasynda şu ýylyň şygaryna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp 6-njy iýunda medeni çäreler, 20-nji noýabrda hem dabaraly kabul edişlik guraldy.
Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy 16-njy oktýabrda Pekin şäherinde ylmy-amaly maslahat geçirdi. Bu çäre BMG-niň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Garaşsyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm binýady bolmagynda galýandygyny hem-de ählumumy durnuklylyga we özara düşünişmäge bolan tagallalaryň nyşany bolup durýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.
27-nji oktýabrda Koreýa Respublikasynda «Türkmenistan bilen tanyşlyk: onuň daşary syýasaty, medeni mirasy we syýahatçylyk mümkinçilikleri» atly dabaraly çäre geçirildi.
Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly senesini baýram etmegiň çäklerinde 24-nji noýabrda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Baş konsullygy tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi.
Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasy “Hindistan — Merkezi Aziýa” gaznasy bilen bilelikde Nýu-Deli şäherindäki Hindistanyň halkara merkezinde Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp okuw maslahaty guraldy. Şeýle hem türkmen we hindi alymlary tarapyndan taýýarlanylan “Hindistan — Türkmenistan: taryhy, medeni we ykdysady mümkinçilikler” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Şeýlelikde, Türkmenistan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegini ählumumy möçberli waka hem-de halkara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin amatly mümkinçilik hökmünde görýär. Şanly senä bagyşlanyp geçirilen dürli çäreler syýasy, parahatçylyk garaýyşlaryny, parahatçylygy döretmegiň esas goýujy ýörelgeleri hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň amaly ugurlaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga ähli döwletlere çakylyk hem-de çagyryş bolup durýar.