Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Çap edildi 10.12.2025
77

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysyny möhüm baýramçylygyň — Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda kabul etmäge şatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň BMG tarapyndan ykrar edilen we parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup hyzmat edýän hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi.

Milli Liderimiz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini aýdyp, Neda Bergeriň Türkmenistana şu gezekki saparynyň, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmagynyň türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Awstriýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi. Nygtalyşy ýaly, bilelikdäki çäreleri, sergileri we ylmy maslahatlary geçirmek arkaly medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam berýär. Bu ugurda Türkmen-awstriýa dostluk topary Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrýan köpri bolup durýar we ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orun eýeleýär.

Gahryman Arkadagymyz Neda Bergeriň köp ýyllaryň dowamynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyny belläp, bu topar bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän medeni çäreleriň, hususan-da, “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleriniň, Wena ballarynyň we beýleki medeni çäreleriň möhüm ähmiýetini nygtady.

Neda Berger öz işine berýän ýokary bahasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň berýän yzygiderli goldawlarynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň binýady bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň türkmen halky we onuň baý medeni mirasyny gorap saklamak baradaky yzygiderli aladalary Watana hyzmat etmegiň belent nusgasy bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Bergere ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

***

BITARAPLYGYŇ 30 ÝYLLYGY

Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Ýurduň geçmişidir, şu güni hem ertesi.
Ol parahat durmuş hem abadanlyk,
Seniň ýurduň haýrana goýýar her kesi.

Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Pikir-oýdan, hyýallardan, maksatlardan doludyr.
Gazanyldy, gör, niçeme ýeňişler,
Ol ynamdyr umytlaryň, päk yhlasyň ýoludyr.

Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Daňa çenli uklanmadyk gijeler.
Täzeleniş, özgertmeler, göreşler hem maksatlar,
Parahatçylykdyr onuň netijesi.

Seniň Bitaraplygyňa ýaňy 30 ýyl —
Heniz, heniz ýaş sen, juwan sen!
Sen uly güýjüň eýesi,
Şonuň üçin dowamata, bakylyga dowam sen!

Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Ýaşaýşyň hem şöhratyň, ynsanperwerligiň eýýamy.
Umydyň hem bakylygyň asyry,
Halk bähbitli özgertdiň sen heňňamy!

Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy!
Uly-uly maksatlara, täze-täze ýeňişlere ulaşýas.
Bize zyýat görlenlere gowuşýas,
Seni gorap barýas ömri gulaçlap.

Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Öňe tarap ymtylyşdyr, ösmekdir.
Kalbymyzda hem-de ruhumyzda —
Özümizde ýeňşe gadam basmakdyr.

Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Ol seniň Milli Lideriň Gahryman Arkadagyňdyr!
Ol Lideriň gaýraty hem-de ynamy,
Paýhasy, söýgüsi — ajap çagyňdyr.

Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Şu günki nesiller, özgerişlerdir.
Olar has güýçli hem bagtyýardyrlar,
Olar has erkana, täze aň, paýhasdyr, serdir.

Türkmenistan — nuranalyk, asudalyk, baky bagtyň Diýary,
Türkmenistan — söýgi bilen güllän bag.
Türkmenistan — parahatlyk hem-de rahatlyk mekany,
Türkmenistan — döwrebap şäher ARKADAG!

Biribar Seni — Türkmenistany gorasyn!
Biribar Seniň Gahryman Arkadagyňy gorasyn!
Biribar Seniň hormatly Prezidentiňi gorasyn!
Biribar halkyň nesillerini nazaryndan salmasyn!

ÝAŞASYN TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY!
BAKY DURSUN PARAHAT WE ARASSA, GÖK ASMAN!
ÝAŞASYN GAHRYMAN ARKADAG!
ÝAŞASYN PARAHATÇYLYK WE BAGTYÝARLYK!

Neda BERGER.

Soňky habarlar
11.12
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara
10.12
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany
10.12
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
10.12
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
10.12
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady
10.12
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň duşuşyklary
09.12
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.12
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri dabaralanýar
08.12
Biziň ýolumyz bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoludyr
08.12
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow