Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň duşuşyklary
Syýasy habarlar
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň duşuşyklary
Çap edildi 10.12.2025
86

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa bilen duşuşygy boldy. Ol netijeli we işjeň ýagdaýda geçdi.

Myhman türkmen topragynda geçirilýän halkara maslahatda dünýä ähmiýetli meselelere garalandygyny nygtady. Halkara forumyň guramaçylyk derejesiniň Türkmenistanyň möhüm ugur boýunça oňyn tejribe toplandygyny görkezýär diýip, S.Mirziýoýewa belledi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Gaznanyň wise-prezidenti O.Atabaýewa Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine zerur üns berýändigini aýtdy. Şunda ýakyn goňşular we doganlyk halklar bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendir.

Duşuşygyň ahyrynda gaznanyň wise-prezidenti we goňşy döwletiň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy iki ýurduň doganlyk halklaryna abadançylyk arzuw etdiler.

***

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa bilen duşuşdy.

Oguljahan Atabaýewa Tatýana Walowaýany mähirli mübärekläp, Türkmenistanda geçirilýän şu günki çärä işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, bu maslahatyň Bitaraplyk syýasatyny işjeň öňe sürýän Türkmenistanda geçirilmeginiň onuň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň durnukly geljegi gurmak üçin zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak arkaly Gündogar bilen Günbataryň arasynda dialog üçin köpri bolmaga çalyşýandygyny görkezýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde zenan ýolbaşçylar dürli ulgamlarda, şol sanda syýasatda, işewürlikde, jemgyýetçilik hereketinde möhüm orny eýeleýärler. Olar gender deňligini ilerletmäge ýardam bermek bilen, jemgyýetiň öňünde durýan wajyp meseleleri çözmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Zenanlar barada alada, olaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa şu günki maslahatyň netijeleriniň gender deňligini ilerletmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Selmira du Sakramentu bilen duşuşygy boldy.

Oguljahan Atabaýewa myhmany mähirli mübärekläp, Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilýän halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, ýurdumyza gelendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de şu günki duşuşygyň Türkmenistan bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

San-Tome we Prinsipiniň parlamentiniň ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, şeýle ýokary derejeli wekilçilikli maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem myhman halkara maslahatyň möhüm ähmiýetini nygtady.

Bellenilişi ýaly, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek, olaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek wezipesine örän jogapkärçilikli çemeleşilýändigine, bu ugurda döwlet derejesinde alada edilýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Awazada geçirilýän bu halkara forumyň zenanlaryň hukuklaryny ilerletmek babatda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup durýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Selmira du Sakramentu birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Dilrabo Mansuri Saýdullo bilen duşuşdy.

Duşuşykda dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň giň ugurlar boýunça ösdürilýändigi bellenildi. Şunda medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berlip, ol soňky ýyllarda has-da ilerledilýär. Bu ugurdaky gatnaşyklaryň iki döwletiň arasyndaky durnukly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ygtybarly kepili bolup durýandygy bellenildi.

Zenanlara hormat goýmak asyrlarboýy türkmen halkynyň durmuş ýörelgesiniň binýadyny emele getirýän esasy häsiýetleriň biri bolupdyr. Häzirki döwürde bu ýörelgeler zenanlaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk kepilliklerinde, olaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarda öz beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Türkmenistanda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Dilrabo Mansuri Saýdullo birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Eswatini Patyşalygynyň içeri işler ministri Lindiwe Dlamini bilen duşuşdy.

Oguljahan Atabaýewa myhmany mübärekläp, halkara maslahata gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de bu möhüm çärä Eswatini Patyşalygynyň wekiliýetiniň gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.

Eswatini Patyşalygynyň içeri işler ministri mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi we Türkmenistanda şeýle möhüm çäräniň geçirilmeginiň ýurduň halkara giňişlikdäki uly abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu maslahat Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine we halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan zenanlaryň hukuklary babatda halkara konwensiýalaryň işjeň agzasy bolmak bilen, olaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna giňden gatnaşmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine uly üns berilýär, bu ugurda döwlet maksatnamalary, milli meýilnamalar hereket edýär we sebit hem-de halkara derejede netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary amala aşyrylýar.

Şeýle hem söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Eswatini Patyşalygynyň içeri işler ministri Lindiwe Dlamini birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N.I.Pirogow adyndaky ylmy-barlag lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, Plastik, rekonstruktiw we estetiki hirurglar jemgyýetiniň prezidenti Natalýa Manturowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda zenanlaryň hukuklaryny giňeltmegiň we bu ugurda ynsanperwer maksatlara gönükdirilen işleri ýerine ýetirmegiň şu günki maslahatyň esasy maksady bolup durýandygy bellenildi. Bu forum hökümetleriň, halkara guramalaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň bähbidine netijeli dialogy ýola goýmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, bu foruma Russiýa Federasiýasyndan wekiliýetiň gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri barada hem pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, türkmen we rus halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen dostlukly gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N.I.Pirogow adyndaky ylmy-barlag lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, Plastik, rekonstruktiw we estetiki hirurglar jemgyýetiniň prezidenti Natalýa Manturowa özara bähbitli ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned bilen duşuşdy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti halkara maslahatyň işine işjeň gatnaşandygy üçin Marýam bint Ali Al-Misnede minnetdarlyk bildirip, bu möhüm foruma Katar Döwletiniň wekiliýetiniň gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.

Myhman ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini aýtdy hem-de forumyň zenanlaryň hukuklaryny ilerletmek üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda möhüm ädim bolandygyny belledi. Şeýle hem Marýam bint Ali Al-Misned türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Katar Döwleti bilen dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Bu ugurdaky gatnaşyklar iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

Duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara derejeli möhüm forumyň geçirilmeginiň taryhy ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned türkmen-katar gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň wise-prezidenti we Sekretariatynyň birinji agzasy Huan Sýaoweý bilen duşuşdy.

Oguljahan Atabaýewa myhmany mähirli mübärekläp, forumyň işine gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigini belledi. Şunda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir.

Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň wise-prezidenti we Sekretariatynyň birinji agzasy şeýle wekilçilikli foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Awazada geçirilýän halkara maslahatyň ählumumy ösüşe strategik maýa goýum bolup durýandygyny belledi. Bu forum Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň we abadan jemgyýetiň zenanlaryň durmuşyň ähli ulgamlaryna deňhukukly we işjeň gatnaşmagy bilen berk baglanyşyklydygyny tassyklaýar.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek boýunça tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri barada durlup geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň wise-prezidenti we Sekretariatynyň birinji agzasy Huan Sýaoweý şu günki forumyň zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň metbugat sekretary Fatemeh Mohajerani bilen duşuşdy.

Oguljahan Atabaýewa Awazada geçirilen halkara maslahatyň işine işjeň gatnaşandygy üçin Fatemeh Mohajeranä minnetdarlyk bildirdi hem-de bu halkara forumyň netijeleriniň zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Goňşy ýurduň Hökümetiniň metbugat sekretary türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanda geçirilen şeýle ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini aýtdy. Şeýle hem myhman bu giň gerimli forumyň zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmagyň bähbidine tagallalary birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, bu maslahatyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Türkmen-eýran gatnaşyklary barada pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamyň iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk saklanýandygyny aýratyn bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen we eýran halklaryny medeniýetiň hem-de däp-dessurlaryň ýakynlygy birleşdirýär. Şunda ynsanperwerlik, ahlak terbiýesi, mätäje goldaw bermek ýaly asylly ýörelgelere iki ýurduň halklary hem uly hormat-sarpa goýýarlar.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň metbugat sekretary Fatemeh Mohajerani iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
11.12
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara
10.12
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany
10.12
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
10.12
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
10.12
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady
10.12
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň duşuşyklary
09.12
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.12
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri dabaralanýar
08.12
Biziň ýolumyz bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoludyr
08.12
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow