Ýakyn goňşy we sebit döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Geçen hepdede döwlet Baştutanymyzyň Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, döwletara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça öňe süren anyk başlangyçlary munuň şeýledigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Daşkent şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady. Özbek Lideri belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Özbegistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga itergi berjekdigini nygtady.
Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Özbegistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hem gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda türkmen halkynyň Milli Lideri hyzmatdaşlygyň şu formatyna Azerbaýjanyň goşulyşmagy bilen bagly başlangyjy öňe sürdi. Munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Günorta Kawkaz bilen gatnaşyklarynda bitewi meýdançany döretmäge mümkinçilik berer. Bu strategik ädim köpasyrlyk taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan halklarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş edip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýändigine ünsi çekdi we ulag, energetika, söwda ulgamlaryny, senagat hem-de tehnologik kooperasiýany hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Merkezi Aziýa esasy halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde garalýar. Ykdysady, maýa goýum işjeňliginiň Gündogar we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara geçýändigini nazara almak bilen, sebitimiziň bu ornunyň barha artjakdygy mälimdir. Ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan geçelgeleri döretmäge girişmek gerek. Döwrebap, köpşahaly, netijeli, durnukly ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegi döwletlerimiziň strategik bähbitlerine laýyk gelýän mynasyp maksatdyr.
Döwlet Baştutanymyz energetika hyzmatdaşlygynda Türkmenistanyň diňe turba geçirijiler bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, sebitde we onuň töwereklerinde kuwwatly önümçilik, elektroenergiýa sarp ediş ulgamyny döretmek boýunça anyk işleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Senagatda, obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegi, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagy, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda görkezildi. Merkezi Aziýada ekologik meseleleri çözmäge BMG-niň düzümleriniň gatnaşmagynyň, sebitde onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň döredilmeginiň zerurdygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebitiň ýurtlary üçin möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, ýurtlarymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalar üçin özüne çekijiligini artdyrmakda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi.
10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda Diýarymyzyň sebitlerinde hem-de oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýygnalan pagta hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Şeýle hem geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak maksady bilen, ekiş geçiriljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Balkan welaýatynyň babadaýhanlary ilkinji bolup pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary şaly hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler. Lebap welaýatynda bolsa oba hojalyk ekininiň bu görnüşini ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekip, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň hem-de önümçilikde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga mümkinçilik berýändigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz gyş möwsüminiň golaýlap gelýändigini aýdyp, welaýatlardaky binalarda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi. Duşuşykda nygtalyşy ýaly, geçen 25 ýylyň içinde bu iri maliýe düzümi ýurdumyzda birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Şol taslamalar Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde durmuşa geçirilip, dürli ugurlary, hususan-da, elektroenergetika, üpjünçilik we demir ýol ulgamlaryny öz içine alýar. Munuň özi Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen ýurdumyzyň banklarynyň we hususy ulgamynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji maýynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu bolsa “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde energetika, suwy we energiýany tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýol açýar. Ýangyç-energetika pudagynda özara hereketleri pugtalandyrmak hem möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandanyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Aşgabat şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda tehniki kömek babatda hyzmatdaşlyk hakynda resminama gol çekildi.
14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Şolaryň hatarynda Mejlisiň kanun çykaryjylyk işi, tebigy baýlyklaryň ýerasty gorlaryny ýüze çykarmak, awtomobil ulaglary pudagynyň hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, ýaşlaryň intellektual, döredijilik we ruhy başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen baglanyşykly meseleler bar. Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisini, Katar Döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada habar berildi.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda abadanlaşdyryş we bezeg işleri geçirilýär. Mejlisde döwlet Baştutanymyz Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararlara gol çekdi.
Geçen hepdede Mejlisde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Niger Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seydou Zataou Alydan ynanç haty kabul edildi. Diplomat milli parlamentiň düzümi we alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ilçi, öz gezeginde, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirildi. Möhüm strategik pudaklarda sebit we halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açjak bu çäreler ilkinji gezek bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirildi. Foruma ýurdumyzdan we daşary döwletlerden, şol sanda Azerbaýjandan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Germaniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Russiýadan, Hytaýdan, Şweýsariýadan we Ýaponiýadan jemi 80-den gowrak ugurdaş kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
«Türkmentel — 2025» maglumat-aragatnaşyk ulgamynda tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Sanly ösüş, telekommunikasiýa, hemra aragatnaşygy, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýasy, emeli aň ýaly ulgamlarda gazanylan üstünliklere we öňde goýlan wezipelere aýratyn üns çekildi. Forumyň çäklerinde «Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň çäklerinde ulag ulgamynyň geljekki konsepsiýasyny, sebitleýin özara baglanyşygy we multimodal infrastruktura geçelgelerini, howa ulagynyň durnuklylygyny, ulag-logistika zynjyrlary üçin innowasion çözgütleri, olara maýa goýumlary çekmek mümkinçiliklerini öz içine alýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen geçiren duşuşyklarynda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm mesele boldy. Duşuşyklaryň barşynda bellenilişi ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini we durmuş goldawyny bermek boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle-de şu ýylyň dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän, jemgyýetde zenanlaryň ornuna bagyşlanan iri halkara foruma we 22-nji noýabrda Çagalaryň bütindünýä gününe bagyşlanyp geçiriljek çärä taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bäsleşik guramanyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilip, döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen, bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmaga, olary has-da höweslendirmäge gönükdirilendir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 426-sy hödürlenildi. Şolardan 141-si bolsa ýeňijiler diýlip yglan edildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan, Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen döredijilikli strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky anyk mysaly boldy.