Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
Çap edildi 16.11.2025
2744

Hormatly Şawkat Miromonowiç!

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Sizi mübäreklemäge we bildirilen myhmansöýerlik hem-de şu sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Ilham Geýdarowiç Aliýewi Azerbaýjanyň biziň formatymyza doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen gutlamak isleýärin.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Sebit derejesinde, şeýle-de halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmegi möhüm hasaplaýaryn.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçilikleri sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýär. Ulag, energetika, söwda ulgamlaryny, senagat we tehnologik kooperasiýany strategik ugurlaryň hatarynda bellemek isleýärin.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa esasy halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde garalýar. Ykdysady, maýa goýum işjeňliginiň Gündogar we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara geçýändigini nazara almak bilen, sebitimiziň bu ornunyň barha artjakdygy mälimdir.

Biziň ýurtlarymyza ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek zerurdyr. Munuň üçin Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan geçelgeleri döretmäge girişmek gerek diýip hasaplaýaryn. Döwrebap, köpşahaly, netijeli, durnukly ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň döwletlerimiziň strategik bähbitlerine laýyk gelýän mynasyp maksatdygyna ynanýaryn. Şeýle hem Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça anyk işleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda gürrüň diňe turba geçirijiler bilen baglanyşykly taslamalar barada barmaýar. Bu gün biz elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, sebitimizde we onuň töwereklerinde kuwwatly önümçilik, elektroenergiýa sarp ediş ulgamyny döretmegiň möhümdigini nygtaýarys. Şeýlelikde, bolup biläýjek daşarky oňaýsyz şertleriň täsirine durnukly elektrik üpjünçilik ulgamy üçin ygtybarly serişde binýady dörediler.

Senagatda we obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegini, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagyny, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görýäris. Deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek, raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna umyt edýäris. Umuman, sebitde ekologik meselelerde, ilkinji nobatda, Araly halas etmek we çölleşmek ýaly meselelerde bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýäris. Merkezi Aziýada ekologik meseleleri çözmäge BMG-niň düzümleriniň gatnaşmagyny, sebitde onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň döredilmegini goldaýarys. Birleşen Milletler Guramasynda ýurtlarymyzyň ylalaşykly ekologiýa diplomatiýasynyň döredilmeginiň, Merkezi Aziýanyň meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüniň çekilmeginiň zerurdygyna ynanýarys.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem biziň üçin hemişe ähmiýetli bolar.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, biziň agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalar üçin özüne çekijiligini artdyrmak üçin ähli tagallalary eder.

Sözümiň ahyrynda ýurtlarymyzyň doganlyk halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

(Daşkent şäheri, 2025-nji ýylyň 16-njy noýabry)

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow