Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2025-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2025-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 05.11.2025
43

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we halkara hyzmatdaşlyk syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen aýda geçirilen köpugurly çäreler — işewürlik duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, gepleşiklerdir maslahatlar ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ÝUNISEF-niň 2026 — 2030-njy ýyllara niýetlenen, çagalaryň irki ösüşi, inklýuziwlik we jemgyýete goşulyşmak, howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibi hem-de oňa ýaşlary işjeň çekmek ýaly esasy ugurlary öz içine alýan Türkmenistan üçin ýurt boýunça Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2-nji oktýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisiak bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, AÖB-niň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalar bilen bagly meselelere garaldy.

7-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radman bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň, ÝB-niň, ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns çekildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Şol gün Aşgabatda iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirildi.

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow baş maksady türki döwletleriň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we halkara derejede bilelikdäki tagallalardyr hereketleri utgaşdyrmaga gönükdirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde geçirilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly ikinji duşuşygy bu ugurda gazanylan tejribäni we netijeleri hemmetaraplaýyn maslahatlaşmak üçin amatly gurşawy, halkara durmuşyň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze, has täsirli gurallaryny işläp düzmek üçin şertleri döretdi.

9-njy oktýabrda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki bilen geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň, halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝB-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ugurlaryň giň toplumy boýunça ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de nebitgaz ulgamyna, şol sanda ýurdumyzyň «PETRONAS» kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekildi.

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda halkara we söwda-ykdysady kooperasiýany giňeltmek, sanly tehnologiýalar, üstaşyr geçirmek ýaly ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmek, taryhy-medeni mirasyň ýadygärliklerini gorap saklamak, ulanmak, muzeý we kitaphana işini kämilleşdirmek, teatr, saz sungatyny goldamak, kinematografiýany ösdürmek, medeniýet ulgamy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy. Mejlisiň netijeleri boýunça Arkalaşygyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köpderejeli geňeşmeleriň 2026-njy ýyl üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisiniň dowamynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine, şol sanda mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi.

13 — 17-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň bilermenleriniň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny, hususan-da, Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň hem-de 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda baglaşylan Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga goşmaça hökmünde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin birnäçe iş duşuşyklary geçirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň özboluşly biologik köpdürlüligini goramaga we aýawly saklamaga aýratyn ähmiýet berýär. 2025-2026-njy ýyllarda ýurdumyz Hazar deňziniň biologik suw serişdelerini goramak, ýerlikli peýdalanmak, olaryň umumy gorlaryny dolandyrmak boýunça komissiýada başlyklyk edýär hem-de Hazar ekologik başlangyjyny ilerletmek ugrunda işjeň hereket edýär.

14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigi, hil taýdan täze derejä çykýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisiniň gün tertibine Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynda beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmagyň meseleleri girizildi. Şeýle hem mejlisde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri, onuň dowamynda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasynyň we yglan edilen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň amala aşyrylmagy bilen bagly meseleleriň giň toplumyna garaldy.

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Uganda Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Eswatini Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyň, sebit we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

20-nji oktýabrda Owganystana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Owganystan hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk däpleri esasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

20-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik dialogy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde özara hereketleri ilerletmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman bin Jassim Al Tani we Indoneziýa Respublikasynyň daşary işler ministri Sugiono bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň dowamynda dürli ugurlarda döwletleriň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle-de ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Lýuksemburgda geçirilen ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ynanyşmaga, deňhukuklylyga esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi maksat edinýändigi tassyklanyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça ÝB-ne girýän döwletleriň, halkara maliýe düzümleriň we hususy pudagyň gatnaşmagynda Baglanyşyk gün tertibini durmuşa geçirmek üçin utgaşdyryjy çarçuwanyň taýýarlanylýandygy yglan edildi.

Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Botswana Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi.

20-21-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Yrak Respublikasynyň Bagdat şäherinde saparda boldy. Saparyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler, Yragyň Söwda edaralar federasiýasynyň başlygy Abdul Razzak Al-Zuhaýri bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

20 — 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko we Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan, ugurlaryň giň toplumy boýunça ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili, Premýer-ministri Irakliý Kobahidze, ýurduň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili hem-de daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Maka Boçorişwili bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň, umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini ähli ugurlar boýunça giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

22-nji oktýabrda ýurdumyzyň wekiliýeti söwda, ulag, energetika we sanly arabaglanyşyk meseleleri boýunça strategik pikir alyşmalary ilerletmäge yzygiderli goşant goşýan öňdebaryjy halkara çäre bolan 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek, öňüni alyş diplomatiýasy we bitaraplyk ýörelgeleriniň amaly taýdan durmuşa geçirilmegi ýaly üç esasy sütüne esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak mümkinçiligine garamagy teklip edýär.

22-23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi geçirildi. Çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika ulgamyndaky soňky meýillere göz aýlamakdan we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat boldy.

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Kuweýt Döwletiniň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň dowamynda dürli ugurlarda, şol sanda BMG-niň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek forum bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dünýäniň ähli garaşsyz ýurtlaryny birleşdirýän, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredilen abraýly halkara düzüm bolan Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilen taslamalar barada giňişleýin durup geçdiler. Maslahatyň çäklerinde “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gol çekildi.

28-nji oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmek, içerki we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

29-njy oktýabrda türkmen wekiliýetiniň Litwa Respublikasyna saparynyň çäklerinde dostlukly ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Widmantas Werbiskas bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, sebitleýin we halkara düzümleriň, hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar. Mundan başga-da, litwa tarapynyň Türkmenistan bilen ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi.

30-njy oktýabrda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ugurlaryň giň toplumy boýunça, şol sanda söwda, dokma senagaty, polimerleriň, dökünleriň we oba hojalyk önümleriniň eksporty ugurlarynda, medeniýet, bilim, syýahatçylyk ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi.

30-31-nji oktýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýet günleriniň maksady iki ýurduň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Şeýle-de “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, sanly özgertmeler we elektron hökümet ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Şeýlelikde, oktýabr aýynyň möhüm ähmiýetli wakalary döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň netijeli halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Soňky habarlar
05.11
2025-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
05.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki çykyşy
05.11
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
04.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy
04.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
04.11
Watanymyzyň ykdysady ösüşi — halkymyzyň abadan durmuşynyň binýady
03.11
Awazada halkara forum geçirilýär
03.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
top-arrow