Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we netijeli dialog arkaly tagallalar işjeňleşdirilýär
Teswirlemeler
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we netijeli dialog arkaly tagallalar işjeňleşdirilýär
Çap edildi 27.10.2025
283

Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasy milli bähbitlere, şeýle hem dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna doly laýyk gelýär.

20-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Uzynlygy 153 kilometr bolan bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek üçin berk maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Gaz geçirijiniň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler we onuň doly amala aşyrylmagy bilen, goňşy ýurduň halky üçin täze iş orunlary dörediler. Mundan başga-da, her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişde gelip gowşar. Munuň özi diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, tutuş sebite hem oňyn täsirini ýetirer.

Owganystana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi ýaly taslamalary bilelikde durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi.

21-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary, ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli desgalarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň binalarynyň şekil taslamalaryny, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň içki bezeg işleriniň, onuň sergi bölümleriniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny synlady. Milli Liderimiz guruljak täze binalardyr desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyna, bu ýerde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmalydygyna ünsi çekip, birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Iş maslahatynyň dowamynda lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygynda ýokary depginde alnyp barylýan işler, durmuş maksatly, ýol-ulag düzümine degişli desgalarda we beýleki ugurlarda ulanylýan, halkara derejede ykrar edilen reňkleriň görnüşleri, olary ulanmagyň aýratynlyklary, köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek üçin Owganystanda saparda bolan mahalynda owgan doganlarymyzyň — ýertitreme zerarly jaýsyz galan raýatlaryň hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen ýüzlenendiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlemek üçin bu babatda degişli teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

22-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, onuň bilen ugurdaş ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi. Bu geljegi uly taslamalar sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün eder we oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine uly itergi berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Emirates National Oil Company» (ENOC) hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýeri, «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmini kabul etdi. Işewürler amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda iş alyp barmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, netijeli işlemäge berýän yzygiderli goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň «Emirates National Oil Company» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýtdy.

23-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda milli kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gaz akdyryş ulgamlarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek, deňiz söwda flotunyň işini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler bar. Şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda geçiriljek şanly senelere, medeni-ynsanperwer çärelere görülýän taýýarlyk işleri, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmek üçin alnyp barylýan guramaçylyk işleri barada hasabatlar berildi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl bolýandygyny, ýurdumyzyň hem şu ýyl hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçýändigini aýtdy we bu wakalaryň örän uly syýasy ähmiýetini belledi.

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilen taslamalar barada giňişleýin durup geçdiler. Bu taslamalar saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryndan başlap, döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmaga, daşky gurşawyň durnuklylygyna çenli ugurlary öz içine alýar. Maslahatyň çäklerinde “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gol çekildi.

24-25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynda resmi saparda boldy. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Kwirinale” köşgünde Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara dialogyň ýokary derejesi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny yzygiderli goldaýandygy üçin italýan tarapyna minnetdarlyk bildirdi we şu ýylyň aprelinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitiniň ähmiýetine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ony Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz forumda çykyş edip, göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi berilmegine, hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin anyk şertleriň döredilmegine şu gezekki duşuşygyň esasy maksady hökmünde garalýandygyny nygtady. Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz italýan kompaniýalaryny Türkmenistandan Ýewropa ýurtlaryna elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamalary maliýeleşdirmäge we olara gatnaşmaga, Gün we ýel energiýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyrdy.

Hazarüsti ýük daşamalar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň logistik mümkinçilikleriniň ulanylmagy arkaly Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Hazar — Ortaýer deňzi geçelgesini döretmekde iki ýurduň eýeleýän möhüm orny bellenildi. Döwlet Baştutanymyz dokma senagatyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjek ulgamlaryň biri hökmünde kesgitledi we egin-eşikleri öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmegi teklip etdi. Bank-maliýe pudagynda, aragatnaşyk, kommunikasiýalar, informatika, kosmonawtika, «akylly» şäherleri döretmek ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyga taýýarlyk tassyklanyldy. Forumyň we onuň mowzuklaýyn bölümçeleriniň netijeleri boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Italiýa resmi saparynyň çäklerinde «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen italýan kompaniýalarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk bilelikdäki taslamalarda, hususan-da, energetika, ulag, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar, innowasion çözgütler ýaly strategik ugurlarda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezdi. Döwlet Baştutanymyz we «Leonardo S.p.A.» italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklaryny uzak möhletleýin we özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rim şäherinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda dostlukly türkmen-italýan hyzmatdaşlygynda medeni gatnaşyklaryň aýratyn orun eýeleýändigini nygtady. Türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde ata-babalarymyzyň miras goýan medeni gymmatlyklarynyň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi. Bu arheologik tapyndylaryň bir bölegi Kapitoliý muzeýinde hem görkezilýär. Sergi bürünç asyrynyň siwilizasiýasy bolan gadymy Margianada we antik döwre degişli döwlet Parfiýada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan täsin gymmatlyklar bilen tanyşdyrýar. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän bu taryhy-medeni ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

24-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Aşgabatda döwrebaplaşdyrylýan dürli maksatly binalarda alnyp barylýan işler, Bitaraplyk binasynyň we seýilgähiniň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň günorta künjeginiň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň durkuny täzelemek, ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk muzeýinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhyna, maglumatlara, resminamalara möhüm orun berilmelidigini belledi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyzyň Bitaraplyk binasyna barýan Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdy. Bu ýerde türkmen Bitaraplygyna degişli nyşanlaryň, BMG-ä agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet tugunyň, BMG-niň baýdagynyň oýlanyşykly ýerleşdirilmegi, meýdançada Hormat garawulynyň esgerleriniň nobatçylygynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk maslahatlar berildi. Gahryman Arkadagymyz şanly sene -— Bitaraplyk baýramy mynasybetli taýýarlyk işlerine giň gerim berilmeginiň, meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan giň gerimli foruma dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşdylar. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli kärhanalaryň, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň sergide ýerleşdirilen diwarlyklarynda uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozal hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan hyzmatlar bilen tanyşdyryldy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda işleýän iri halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary dünýäniň strategik taýdan iň ähmiýetli energetika bazarlarynyň birinde iş alyp barmagyň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler, şeýle hem türkmen kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak, taslamalary durmuşa geçirmek babatda tejribe alyşdylar.

26-njy oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi. Bu baýram mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda tohum arassalygy aýawly saklanylyp, biziň günlerimize üýtgewsiz ýagdaýda gelip ýeten türkmen alabaýy umumadamzat medeniýetiniň gymmatly mirasyna öwrülip, dünýäde bar bolan tohum itleriň iň naýbaşy nusgalarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Sergide görkezilen eserlerde hem alabaýlaryň syrdam keşbi, asylly häsiýetleri we halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny çeper beýan edildi. Eminler toparynyň çözgüdi bilen, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkara bileleşik bilen syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň bähbidine ynsanperwer ulgamda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

Soňky habarlar
29.10
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
28.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
28.10
Ruhy we aň-paýhas kuwwaty artdyrmak — jemgyýetiň hem-de döwletiň ösüşiniň möhüm şerti
28.10
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.10
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we netijeli dialog arkaly tagallalar işjeňleşdirilýär
27.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy bellenildi
26.10
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
top-arrow